21:04 Jähennem ýa-da weýran edilen tebigat | |
JÄHENNEM ÝA-DA WEÝRAN EDILEN TEBIGAT
Ösümlik örtüginden doly mahrum edilip, takyr meýdana öwrülen ýer ýüzi mukaddes ýazgylardaky jähennemiñ hutma-hut özüdir. Ýagny, mukaddes ýazgylaryñ agzaýan jähenneminiñ bir manysy weýran edilip ýaşap bolmaz ýaly dereje getirilen ýer togalagydyr ýa-da tebigatdyr. Onsoñam jennet diýmegiñ özü-de suwlar bilen doly ýer bölegi diýmekdir. Ine, şol jennete mynasyp bolup bilmeýän adamzadyñ şu manyda teswirlenen dowzaha gapgaryljakdygy gümansyzdyr. Nähili täsin: kyýamatdan söz açýan bir aýatda bu geñsi ýagdaýdan "ýer ýüzüniñ başga bir ýer ýüzüne öwrülmegi" hökmünde söz açylýar ("Ybraýym" süresiniñ 48-nji aýaty). Onuñ yzyndaky aýatlarda bolsa, jähenemme mynasyplaryñ başyna injek külpetler beýan edilýär. Hasap güni hasaplaşyk gutaryp, ýagşylar bilen ýamanlar aýyl-saýyl edilenden soñ nämeleriñ boljakdygyny aýdýan aýatlaram ybrat alarlyklydyr. Bu aýatlarda ýagşylar jennete girensoñ şu dogany okajakdygy aýdylýar: "Allaha hamdy-senalar bolsun, bize beren wadasyny ýerine saldy, bizi ýer ýüzüne mirasgär etdi. Ynha, jennetden islän ýerimizde oturýarys. Işläp, gymmatlyk döredenlere berilýän baha nähili gowy eken!" ("Zümer" süresiniñ 74-nji aýaty) Bu aýat jennetiñ "başga bir görnüşe giren ýer ýüzünde" guruljakdygyny we jennete girmegiñem esasynda Allanyñ bagş eden "ýer ýüzüne mirasdarlykdygyny" görkezýän ýaly. Sazlaşygy bozmagyñ jezasynyñ jähennemdigi Kuranyñ öwran-öwran ýañzydýan pikirleriniñ biridir. Jähennem tebigy sazlaşygy bozýan pälazanlaryñ dykyljak ýeri ýa-da zeminidir. • Jähennem näme? Jähennem (dowzah) jennetiñ antonimidir. Jennet - salkyn saýaly, bol suwly, tebigy ir-iýmişlerden doly ýer, jähennem bolsa munuñ doly çepbesidir. Ýagny, jähennem garaört bolan ýerler, doñduryjy añzak ýa-da ýakyp-ýandyryjy gyzgynlyk, iýenleriñ içini ýyrtyp taşlaýan ýigrenji, ýabany, zäherli iýmitleriñ mekanydyr. Jähennem ilkibaşda jennet edilip ýaradylan zeminiñ sazlaşygy bozulandan soñ bolup geçýän katastrofalar dünýäsiniñ hutma-hut özüdir. Tebigy sazlaşygyñ bozulmagy dünýämizi jähenneme öwürýär. Jähennem hem edil jennet ýaly iki düýpli manyny añladýar: 1. Soñsuzlyk (ölümden soñky, ahyret) jezasy. 2. Tebigy arassalyk, gözelligini we bereketini ýitiren, haosy we betbagtlygy getiren ýaşaýyş-durmuş meýdany. Ösümlik örtüginden doly mahrum edilip, takyr meýdana öwrülen ýer ýüzi mukaddes ýazgylardaky dowzahyñ hutma-hut özüdir. Ine, şol jennete mynasyp bolup bilmeýän adamzadyñ şu manyda teswirlenen jähenneme gapgaryljakdygy gümansyzdyr. Ýaşar NURY ÖZTÜRK. 30.04.2018 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |