10:08 27-nji awgust sahaba gyrgynçylygy: Harre | |
27-nji AWGUST SAHABA GYRGYNÇYLYGY: HARRE
Taryhy makalalar
Hijriniñ 63-nji ýylynda (Zülhijçe aýynyñ 27-ne), milady hasaby bilen 683-nji ýylyñ 27-nji awgustynda bolup geçen we yslam taryhynyñ iñ gandöküşikli wakalaryndan bolan "Harre wakasy" arap-emewi dinçiliginiñ amala aşyran sahaba gyrgynçylygydyr. Haçparaz inkwizisiýadan birnäçe asyr öñ bolup geçen bu gandöküşlik buthana inkwizisiýasyny ganatlandyran dinçi jenaýatlaryñ iñ ulusydyr. Emewi arapçylygyna garşy çykandyklary üçin pygamber şäheri Medinede segseni sahaba bolan on müñe golaý adamyñ ganyna galyndy. Sylag hökmünde "Pygamber şäheri üç gije-gündiz emewi ganhorlarynyñ ygtyýarlygyna berildi". Ýagny, ganhorlara islän zadyny etmäge idin berildi. Pursatdan peýdalanan azgynlar 900 aýalyñ namysyna degdi. Şu zorlukdan doglan atasy näbelli çagalara "Harre zürýady" diýildi. Käbir sahabalar öldürilmedigem bolsa, agyr gynamalara sezewar edildi. Bulardan biri Ebu Said el-Hudriniñ sakgalynyñ gyly ýeke-ýeke ýolnup, jebri-jepalar içinde dady-perýat etdirildi. (İbn Kuteýbe; "el-İmâme we's-Siýase, 1/180-190). Bularyñ barsy "möminleriñ halyfynyñ buýruklaryna garşy çykylyp, dini pesat ýoluna gyşardýarlar, bulagaýlyk edýän günäkärleriñ diniñ bähbidi üçin amana getirilmegi wajypdyr!" tutarygy bilen edildi. Tutarygy kesgitlän we buýrugy çykaranam "Allanyñ ýer ýüzündäki saýasy we möminleriñ emiri" atlary bilen tutulmagy ýene bir "dini buýruga" öwrülen Yezitdi (ölümi 64/683). Hawa, Hezreti Hüseýiniñ (r.a) başyny kesdiren Ýezit... Harre wakasynyñ detallaryna seredip geçeliñ. Medinäniñ golaýynda harre (wulkaniki ýer) diýilýän ýerleriñ biri Garret-Wakymda bolup geçen uly çaknyşyk emewi patyşasy Ýezidiñ güýçleri bilen medinelileriñ arasynda bolup geçipdir. Medine halky häkimiýetiñ zorluk-zulumlaryna we ahlaksyzlyklaryna garşy çykyp, Ýezidiñ halyflykdan, ýagny döwlet ýolbaşçysy wezipesinden el çekmegini talap etdi. Muny halyflyga garşy topalañ saýan Ýezit emewilere bagly we pygamber nesline bolan ýigrenji bilen öñe saýlanan Muslim ibn Ukbäniñ (ölümi 63/683) serkerdeliginde uly goşun toplap, Medinä ýollady. Ýezidiñ goşunynyñ umumy sany on müñ bilen 29 müñ aralykda bolandyhy aýdylýar. Sahaba gandary Müslimiñ ýanynda ýer alan 500 adamlyk serkerde düzümi bolsa rumlardan saýlanyp alnypdy. Olara garşy çykan Medine halkynyñ diñe imanlary, eradasy we birem şehit bolma arzuwlary bardy. Guraly, ýaragy gylyçdyr gama we taýakdy. Gyrgynçylyk talañçylygyñ we aýal-gyzlary zorlamagyñ yzyndan Ýezide boýun sunýandygyña edilen kasamy täzelemäge geçdi. Gözi ganly serkerde Müslim şeýle buýruk berdi: "Kasam şu şekilde bolmaly: Ýezidiñ guly boljakdygyma boýun sundum." Käbirleri muña garşy çykyp, "Allanyñ kitabyna we pygamberiñ sünnetine boýun sundum" diýjekdigini aýtdy. Şeýle görnüşde kasam etmek islänleriñ barsy öldürildi. Muslim kesen sahaba başlaryny we ýesir düşen sahabalary Ýezide ýollady. Ýezit bularyñ garşysyna geçip, Uhud güni ar ýerine salma aýdymlaryny aýran Ibnüs-Sibariniñ Bedirde öldürilen müşrikleriñ arynyñ alynandygyny beýan eden şygyryny okady. Müslim Medine ýeñişiniñ yzyndan derrew Mekgä ugrady. Ibnüz Zübeýriñ Käbede bukulandygyny bahana edip, Beýtullany manjynyk bilen weýran etdi, soñam oda berdi. Ýezit iñ uly sylag-serpaýy meşhur sahabalary öldüren esgerlere berdi. Taryhçy Ibn Sad (ölümi 230/844) bu esgerleriñ belli bir wagtdan soñ ýene Ýezidiñ buýrugy bilen öldürilendigini ýazýar. Bu hut emewi-imperial taktikasydyr: Ilki agzyny ýagjartdygym bolsun diýip sylag-serpaý edýär, geplemesinler diýibem soñ öldürip ýitirim edýär... Şu gün bu taktikany özüne ýapjalyk eden "ýaranlaryna" ABŞ ulanýar. Ýaşar NURY ÖZTÜRK. "TIMETÜRK", 31.08.2009 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |