17:49 "Jaýy welin, çalşaly..." / satiriki hekaýa | |
"JAÝY WELIN, ÇALŞALY..."
Satiriki hekaýalar
- Allo, maña Weronika Platonowna gerekdi... - Men diñleýän, kim bi? - Bu men, Jorka... - Haýsy Jorka? - Baý, eje senem-ä walla. Sen indi öz jigerbendiñem tanañokmy?! - Waý, Georgiý! Asyl bu senmi? Nirelere ýitirim bolduñ, garagol diýsänim? - Aý, menem-ä bar özi, eje... Şol iş, iş... Bu gün bir zat, ertir ýene-de bir zat, üçünji gün ýene-de... Garaz, tapylýar-da... Häzirem zordan sypdym... Geçen ýylam saña birki gezek jañ etdim welin, trubkany galdyran bolmady. Niçik hal-ahwallaryñ? - Aý, meñki hiç-le, hany özüñ gürrüñ ber. - Biz soñky gezek haçan gürleşipdik? - Tomusdy öýdýän... sen şonda institutda bir zad-a gorapdyñ. Menem, baý, alada baryny edipdim... - Hä-ä-ä, dissertasiýa! Wagtyñ çalt geçäýşini! Şondan kän wagt geçmänke-de dosent gyza öýlenipdim. - Gutlaýan... - Sag bol, eje... Ýöne şo hakda weli maña ýatlatma... Sebäbi men üç ýyl mundan öñ onuñ bilen aýrylyşdym... - O ne beýle? - Dogrusyny aýtsam, señ üçin, eje. Ol seni ýekeje gezek görmese-de, ýigrenýär. - Aýdýanyñ näme! Çaga-çugañyz bamy? - Ýok, diñe bir gyzymyz bar, Sweta... Edil okuwçy döwründäki ýaly, hut özüñ-dä. Edil bir almany iki bölen ýaly-da! Häsiýetlerem señkä meñzeş... Tizden durmuşa-da çykýar. Haçanlygyny bilemok. Men ony soñky gezek dördünji klasda okaýaka görüpdim. Mekdebe çagyrypdylar... - Aýdýanyñ näme! - Sen oñ üçin hapa bolup oturma... Indem, arada ikinji gezek öýlendim. Öz-ä erbet däl. - Gutlaýan, çagalaññyz bamy? - Sag bol, özem oglan, ullakan ýigit. Ýöne özümden däl-de, aýalymyñ öñki ärinden. Barybir, men ony gaty gowy görýän. Ýakyn wagtda goşun gullugyndan geljek. Özem gelinlik getirjek diýip, haýbat atýar. - O nähili beýle? - Sen sorama, eje. Bu ýaşlarmy... Ene-atalary bilen maslahat edenoklar, olary adam saýanoklar. "Getirjek" diýýä, gutardy. Nirede ýaşajak, onam pikir edenok. "Obşitde ýaşarys" diýýä. Aýalym ikimiz iki otagly jaýda ýaşaýas. Bary-ýogy 36 metr. Içinde bolsa seredere zat ýok. Ine, özüñem çagyrjak, şonda görersiñ. Ol kän bir uzakda-da däl, awtobusly 15 minutlyk ýol. Holodilnik zawodyndan gönüleseñem, pyýada 10 minut. Men näme şol bir özüm hakda ýañrap otyryn. Özüñ hakda gürrüñ bersene, eje! - Garrylykdyr-da. - Hawa-la, ol-a şeýledir-le. Saglygyñ niçik? - Saglyk nireden bolsun! Öñki kelle däl, öñki el däl, aýaklarym diýenimi edenok. Aý, garaz... - Hawa-la eje, garrylyga etjek alajyñ ýokdur-la. Gowusy, bize göçüp gel... - Aýdýanyñ näme, Georgiý, degişýäñmi? - Çypbakaý çynym. Bizem señ üç otagly jaýyña göçüp bararys. - Ýok, ýok! Men ony edibilmen. Meñ saglygymyñ ugry ýok... - Şoñ üçinem çalyşmagymyz gerek... Soñky aýalym ikimiz gowy bir zat oýlap tapdyk. Gazy bar, gyzgyn suwy bar, potologam beýik, bäş gat jaýyñ dördünji gatynda, özem lift gurup bermäge-de söz berdiler. Poliklinika-da golaýjygynda, dermanhana-da iki ädimlim ýerde... başga näme gerek? - Ýok, oglum, maña o ýeri agyr düşer... - Eje, men saña ýagşylyk etjek bolýan ahyryn. Eger-de mebelleññi alada edýän bolsañ, onam aýalym ikimiz çekeris. Isleseñem, satarys... - Ýalbarýan, oglum, öz günüme goý... Ejeñi arkaýyn süýnmäge bir goý, azar berme! - Ýogsa-da azar beresim ýok! Ony alada etme! Ýöne, jaýy welin, çalşaly... Anatoliý RAS. Terjime eden: Allaýar ÇÜRIÝEW. "Литературная газета"-dan. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |