23:21 Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany: 614-nji ýylda soltanyñ Yraga sapary barada hekaýat | |
BAŞINJI BAŞ
Taryhy makalalar
ALTY YÜZ ON DÖRDÜNJI ÝYLDA SOLTANYŇ YRAGA SAPARY BARADA HEKAÝAT SOLTANYŇ MERTEBESI, derejesi göterilip, abraýy beýgelip, ýetjek derejesine ýetýär, dünýä onuñ alnynda şan-şereflere çolanyp, sadyklyk bilen bakýar, nurana Gün bolsa soltanlygyna şuglasyny jomartlyk bilen saçýar. Onuñ diwandaky goşunynyň sany takmynan dört yüz müñ atla ýetibereninde, soltan hötjetlik bilen, tekepbirlik bilen Seljuk soltanlary¹ ýaly Bagdadyñ üstünden agalygy hem häkimligi talap edip ugraýar. Ol şeýle talap bilen birnije gezek ilçilerini ugradýar, ýagşylyk bilen öz isleginiñ kanagatlandyrylmagyny soraýar, emma Bagdat soltanyň öz ýurdy Mawerannahrda hem türkmenleriň ýurdunda aladasynyň ýetikdigini bilip, talaplara pitiwa etmeýär. Sebäbi soltan haýsydyr bir düpbozan taýpanyň işini şir penjesini görkezip yola salan badyna, (ozal) eşitmedik taýpasynyň turzan başagaýlygyna sezewar bolýar. Emma ki ol hyýalyndaky arzuwynyň hasyl boljakdygyna ynanyp, göwün maksadyny berjek müddetin geljekdigine, uzak garaşdyran sabyrsyz pelläniň umyt-islegleriniň jeminiň gutulgysyz ykbal arkaly beriljekdigine, hökmürowanlyk minaralarynyň aňyrsyndan şuglaly nurana Günüň dogjakdygyna gaty ynanýar. Soltanyň aýratyn hormatlap, arzylap, ileriläp ýören kazysy Müjüretdin Omar Sagyt al-Köneürgenji özüniň şu mesele bilen birnije gezek Bagdada ýollanandygyny maña gürrüñ beripdi: "Meniñ Bagdada ýollanmagymyñ maksady diwana soltanyň göwün isleg-talaplaryny ýetirmekden ybaratdy. Ol Bagdadyñ üstünden agalyk hem halyfatda häkimlik etmegi talap edýärdi. Olar halyfat (diwanynyň mertebelileri) soltanyň talaplaryny bütinleý inkär edip, aýdypdyrlar: hökümdarlaryň çalt-çalt çalşyp durmagy, asyryň howsalaly galagoplygy. Bagdadyñ düpbozan haryjylar tarapyndan eýelenmegi, ymam al-Kaýym bi-emrillahyň (Alla ondan hoşnut bolsun!) Bagdatdan gaçyp. Hadysat Enä barmagy, soñundan Togrul ibn Mikaýylyñ arkasyndan ýene halyflyga gaýdyp gelmegi hem şunuň ýaly mälim wakalar zerarly, Bagdatda seljuklaryň agalyk etmesine zerurlyk boldy. Bagdadyň seljuk şalary tarapyndan dolandyrylmagy gutulgysyzłyk boldy. Ýogsa olar halyfatyñ sütünleri hökmünde ykrar edilmezdi. Seljuklara isleýşiçe höküm edip, gadagan kylyp, öz göwün isleglerine görä, dolandyrmaga ýol berildi. Biz bu babatda saňa köp garaşly bolsak-da, ol entek seljuklara beren ygtyýarymyzy saňa berilmeginiñ hökmanlygyny anlatmaýar. Eýse oňa (soltana) biri-birinden alysda ýerleşýän köp-köp ýurtlaryň hökümdarlygynyň berilmegi Emiril möminiñ paütagtyna hem onuň keramatly ata-babalarynyň mukaddes hüjüm etmekden saklanmagyna ýeterlik dälmidir". Soñra ol, yzyna gaýdanynda halyflyk tarapdan özüne şeýh Şihabetdin as-Surhaberdi (Alla ony penasynda saklasyn!) hemra bolup, ilçilik edip, soltany tutan maksadyndan dändermek üçin gelendigini aýdyp berdi. Garasaý, soltanyň Bagdatda häkimlik etmek meselesi bilen ilçiler gidýärler, ilçiler gelýärler, ýöne netijesi bolmaýar, hatlar alşylýar, emma netijesiz. Bi dartgynly wakalaryň üstüne Mekge ýolunda (Alla ony aman saklasyn!) soltanyň adamlaryna sarpa goýulmazlygy hem urna bolýar. Ysmaýylylaryň baştutany Jelaletdin al-Hasanyň başga zyýaratçylara gojan sarpasyny soltanyň ýurdundan baran zyýaratçylara goýmandygy baradaky habar hem gelip ýetýär. O bolsa, soltanyň kalbyndaky gahar-gazaby öjükdirip, ýaralaryny dyrmyklap duz guýýar. Ýokarda adyny agzan kazymyzyň şeýh Şihabetdin barada aýdanyny öz gulagym bilen eşitdim. Şeyh Şihabetdin soltanyň köşgüne geleninde ony merhemetli mertebesine, halyfatdaky ornuna, ähmiyetine görä, beýleki ilçilerden göz-görtele aýratyn hormatlap, aýratyn garşy almaly. Emma, belent mertebesine garamazdan, ol soltan kabul edýänçä, gaty köp garaşmaly bolýar, ahyry ony soltan öz huzuryna çagyrdýar. Şeýh gidýär, hormatly myhmany garşylan mejlis köşeşip, köşge imisalalyk aralaşansoň, şeýh (Alla ony penasynda saklasyn!) şeý diyipdir: "Berkarar, ýeňiji döwletiň adyndan gürlejek, tutumly, döwletli işe başlajak her bir kişi Muhammet pygamberimiziñ (goý, Allatagala hemişe ony ýalkasyn hem şan-şerefli eýlesin!) bir hadysyny aýdyp başlasa, ol döwletlilikden alamat bolup, sahawata ýar bolar!" Soltan oňa hadys aýtmaga idin berip, dyzyna çöküp dinlemäge taýynlanýar. Şeýh bir hadysy gürrüň berýär, ol hadysyň düýp manysy abbasylar neberesini (goý, Alla olardan hoşnut bolsun!) ynjydaymakdan saklanmak eken. Şeýh sözüni tamam eden badyna Soltan: "Men türkmen, arap dilini suwara bilmesem- de, seniň aýdyp beren hadysynyň manysyna ýagşy akyl yetirdim. Ýöne men abbasylar neberesinden bolan hiç kime zelel eden däldirin, zyýan etmek meniň pikirimde hem yok. Emma meniň ýakyn gulakdan eşidişime görä, hut olaryň ösüp-örnäp ýören ýurdunda, hut Emiril-möminiň ýurdunda hemişe abbasyiaryň birniçesi zyndanlarda ejir çekýär. Eger-de şeýh bu hadysyny Emiril-mömine aýdyp beräýen bolsa ýerlikli bolardy, belkem, zyndanda ýatan bendelere rehim edilmegini gazanardy"⁷ diýipdir. Şonda şeýh şeýle diýen: "Haçanda halyf tagta çykyp, hökümdarlyga başlan gününde, ol Allatagalanyň Kitaby hem pygamberiň Sünnesi boýunça ýurdy dolandyrmak hukugyny aldy. Emiril-mömin hut şol hukuklaryndan hem peýdalanýar. Eger ol şerigaty dogry ýöretse, tutuş jemagatyň abadan yaşamagy üçin bir topar musulmany zyndana atmasy, onuň adyllygyna şek ýetirmeýär, tarykatyň nusga alarlyk görnüşde ýerine ýetirilmesine-de zeper ýetirmeýär". Dartgynly söhbetiň soñy hem şeýleräk äheñde dowam edýär. Men olaryň arasynda bolan gürrünleri jikme-jik gürrüň bermek islemeýärin, çünki beýle ynjyk meselelerde dymanyň has amat. Şol söhbetden soň Şihabetdin ýurduna dolanýar, aradaky duşmançylyk bolsa köremek bilen bolýar. Bu wakanyň yzýany ýene bir bişeýkel iş bolýar, soltanyň Yrakda goýan naýyby Ogulmyş al-Atabegi ysmaýylylar öldürýär. Naýyp Allanyň Käbehanasyna gidip, haj parzyny amal edip gelýän musulmanlary hut özi garşy almak üçin çykýar, haj geýimli ysmaýylylar hem onuň janyna kast edýärler. Ysmaýylylaryň gylawlanmasynyň, soltanyň naýybynyň üstüne sürünmesiniñ hem öz sebäbi bar, edil şol mahallar Yrakda soltanyň adyna hutba okalmasy bes edilýär, soltan bulaşan ýagdaýlary düzedip, ýola goýmak üçin ýygyn dartyp ýörişe ugraýar. Alla ajala sabyr berse, ynha, biz soltanyň Yraga ýörişi barada hem gürrüň bereris. Surat: "Soltan Jelaleddin" spektaklyndan parça | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |