21:52

Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany: Giriş

Taryhy makalalar
Категория: Taryhy makalalar | Просмотров: 276 | Добавил: Moderator | Теги: Muhammet Nesewi | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Garadag  
128
Şu kitabyň dili, esasanam goşgularyň terjimesi aýny Nobatguly aganyň stili. Nobatdaky aganyň söz oýnadylar, prozadaky söz öwrülmegi. Oturyp oýlansaň göwnüňe terjimäni Nobatguly aga etdirip, hakyny töläp öz namalaryny goýmadylarmyka özi diýen şübhe gelýär.

0
2 Moderator  
1471
Bu boýunça mende dörän şübhämi we hakyky terjimeçiñ kimdigini anyklanymy öñ saña aýdypdym. Häzir muny aýtmagyñ ýeri däldi. Munça bolansoñ, okyjylara düşnüksiz bolmaz ýaly meseläni aýdyñlaşdyraly:

* * *

Nesewiniñ bu kitabynda "Terjime eden Kakamyrat Ballyýew" diýlip ýazylan. Emma kitaby okanymda, onuñ ýazuw stilini göz öñüne tutmanymyzda hem, birmahalky telewideniýede eden çykyşlary az-owlak bolsa-da hakydamyzda galan epizodlardan nazar alyp, düýbünden onuñ leksikonyna gabat gelmeýändigi gözüme ildi. Terjimeden Nobatgulynyñ ysy gelip durdy. Soñ bu şübhämi kitaby çap eden neşirýatda ("Ruh") işlän we bu kitaby çapa taýýarlamaga gatnaşanlaryñ birinden ýöriteläp soradym. Dogrudanam, kitaby terjime eden Nobatguly Rejebow bolup çykdy.

* * *

Ýöne muny aýyp hasaplamaly bolsa (bu hakykatdanam ullakan aýyp!) birtaraply garap, diñe bir adamy aýyplamalyñ. "Terjimeçi" diýip ady goýlan bilen birlikde azabyny pul ü.n onuñ hasabyna geçirmäge razylyk bereniñ özi deñ derejede galphordyr.

* * *

Üçünji bölegi ýazanymda ýene bir pikir kellämden geçdi. Ynha, sen şahyram-da! Ullakan şahyr, ullakan ýazyjy, ullakan terjimeçi!
Zehiniñden dür damýan ýazyjy. Seniñ deñ-duşlaryñ, seniñ ýaryñça ýok gurrumsaklar, şahyrsumaklar iñ gowy jaýlarda ýaşaýar,"bir manatlyk kellä müñ manatlyk telpek geýenler" iñ gowy wezipeleri eýeleýär, iñ gymmat awtoulaglary sürýär, çagalary iñ gowy mekdeplerde okaýar...
Senem apgyrdy giden köwşüñi süýräp ýörşüñe, özüñem ýarym serhoş-ýarym sersag halda, bütin bu zatlara kesesinden agzyñy suwardyp gezmeseñem, kwartirant ýaşap ýören köneje tünegiñe geleñde keýwanyñ "öýde urbalyk un ýok, çagañ mekdep sumkasyny täzelemeseñ klasdaşlary üstünden gülýämiş" ýa bolmasa "bolañda näme ýazyjy, señ ýazyjylygyñdan hojalygyña, çagalaryña näme peýda, pylanyñ ýaşaýşyna seret: señ ýaryñça ýazmasa-da aýalyny eşretde ýaşadýar..." diýip, iñirdäp başlaram welin, "Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany" kitaby ýaly agramlyja terjimäñi ýañky Kakamyrat Bally ýalylaryñ emlejek palança puluna satar goýbärsiñ! Başga etjek alajyñ näme? Bu taýda tankyt edilmeli diñe terjimesini satanlar bilen ony satyn alanlarmy? Başga-da biri bar bolaýmasyn? Gowja pikirleneliñ, hany?

* * *

Eden terjimesini satmak, puluna eser ýazyp bermek meselesini orta atsak, bu boýunça getirjek mysallarymyzyñ özi bir kitaplyk gürrüñ. Elbetde, bu ýagdaý ýazgarylmaly mesele. Emma meselä hemmetaraplaýyn seretmek gerek. Bu galplygy bilýändigim üçin iñ bolmanda häzirlikçe terjimeçiñ adyny Nesewiniñ kitabynyñ bölümlerini berip bolýançak görkezjek däldik.
Galyberse-de, bu terjime eýýäm köpçülige ýetirilmänkä iki şahsyñ (N.Rejebow bilen K.Ballyýewiñ) özleriniñ söwdalaşan, ylalaşan zady. Aýatda diri bolsa, belkäm, terjimeçiñ özi muny aýan etmegimize razy bolmazdy... Birhili iki adamyñ arasyna girmek ýaly oñaýsyz ýagdaý döremedimi şumat? Edebi eserlerde düýpli galphorlygyñ üstünden baranymyzda, ony hemmetaraplaýyn derñäp, edil şolar ýaly düýpli işleri ýazyp, köpçüligiñ dykgatyna ýetirmeli. Şonuñ üçin edil bärde ýöntemje teswirler bilen muny äşgär etmegimiziñ geregi ýokdy. Azajyk namartlyk boldy bu. Ýalñyş düşünmäñ, bukmaly diýemok. Häzir, şu ýerde gerek däldi. Diliñe bek däl ekeniñ... Ynanyp bir zat diýseñ ýüksakal edäýjeg-ow sen :(
Bu edişiñ düýnki "terjimeçiñ alty aýlyk azaby" diýip, jikirdäp ýürege düşen gögeläñkä meñzejek bolup dur :)
Teswiriñi bermeseñ "bermediñ" diýip iñirdärsiñ. Bersemem, aýtmajak zatlarymy aýtmaly bolýar...

0
3 Garadag  
128
Ýazgylaryň 3-nji bölegi bilen ylalaşýaryn. Нem-de saňa teswirlerim hakda hiç zat diýmezdim, eger çykarmadyk bolanyňda. Ýatan ýeri ýagty bolsun, Nobatguly aganyň. Men terjimäni başga biriniň adyndan bereni üçin ony ýazgaramok Hаs gardaş, ýöne bolan zady aýdýan-goýýan. Bir adam kör bolsa, ýa-da gulagynyň ýokdugy görnüp dursa, biz şony ýok gözem bar gulagam ýerinde diýsek dogry bolarmy? Ynsanyň köňlünde öz taňrysy oturýar. Köňülde erbetlik ýokdur herhalda. Ýöne her bir fakt, maglumat hakda senem dogrusyny aýtjak bolmaly, özem eglenmän. Gijä galan dogry sözüň kime geregi bar?!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]