20:51 Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany: Güýçli hanyñ Duşy han tarapyndan weýran edilmegi barada hekaýat | |
DÖRDÜNJI BAŞ
Taryhy makalalar
ALTY YÜZ ON IKINJI ÝYLDA GÜÝÇLI HANYŇ ÇINGIZ HANYŇ OGLY DUŞY HAN TARAPYNDAN WEÝRAN EDILMEGI BARADA HEKAYAT (Ibn Asyr ony ýalňyşyp alty ýüz on altynjy diýip görkezipdir) GÜÝÇLI HANYŇ Kaşgar hem Balasuguny eyeländigi, Gur hany ýesir alandygy Çingiz hanyň gulagyna degen badyna ogly Juçy hany ýigrimi müň atly, belki, ondan-da kän adam bilen ugradyp hem ony düýbi-teýkary bilen ýok edip, onuň eden-etdiliklerini köki-damary bilen sogrup taşlamaga tabşyryk berýär. Edil şol müddet Güýçli hanyň eýle tarapyndan altmyş müň agyr goşuny bilen soltan hem hüjüme ugraýar. Soltan Irgiz derýasyna gelip saklanmaly bolýar, çünki derýanyň suwy doňup, ondan goşuny geçirmek mümkin däl eken. Soltan ýygny bilen derýanyň doňy çözülip, suwa mylaýymlyk aralaşyp, ýygnyny geçirmäge amatly ýagdaý döreýänçä, kenarda goş basyp ýatyberýär. Şol garaşan amatly pursaty gelen badyna ol goşunyny derýadan geçirip, Güýçli hanyň yzyny çalyp, ýörişe ugraýar. Ol birinji gün agyr goşun bilen ýol sökýär, ine günlerin bir güni onuň ozalky ugradan goşunyndan bir bölek atly gelip, haýsydyr bir nämälim goşunyň hüjüme geçendigini habar berýär. Ol ýygyn Juçy hanyň ýygny bolup çykýar, Duşy han ilkinji garpyşykda Güýçli hanyň ýygnyny derbi- dagyn edip, kellesini bolsa Çingiz hana sowgat alypdyr. Ol (Duşy han) Güýçli hanyň ýygnynyň üstüne dökülip, sülsatlary ýalyn ýaly gylyçlary bilen läş edip, agsak-towsaklary bürgütler üçin şamlyga öwrüp, hanyň hany-manyny - ummasyz baýlygyny bolsa olja edinýär, söweş bolan meydanda maslyk maslyga kaklyşyp, gara yer görünmeýär, Güýçli hanyň goşunynda hytaýylar hem köp eken. Duşy han bilen soltanyň goşuny hem garpyşýar, uzakly gün agyr söweşler bolýar, han soltanyň ýanyna ilçi ugradýar, ilçi Duşy hanyň bu etraplara söweş etmek üçin gelmändigini, soltany hormatlaýandygyny, hatda gullugynda durmaga yrzadygyny aýdyp, ýere ýatyp, soltan gadamyna sežde edýär, arada asla duşmançylyk ýokdugyna kepil geçýär. Ilçi Duşy hanyň söweşmek maksady bilen soltanyň serhetine aralaşman, tersine galp umyt bilen göwnüni aldaýan gurrumsak hany soltana ýetirmän ýok etmek üçin gelendigini, soltany ol azapdan dyndarandygyny aýdyşdyrýar. Hut şol maksat üçribem (Duşy hanyň) soltanyň ganym duşmany bolan. Güýçli hanyň üstüne hüjüm edip, ýaranlaryny pytradyp, çaga-çugasyny, aýal-ebtatyny ýesir alandygyny habar berýär. Alan oljasynyň, agyr hazynasynyň bolsa ýanyndadygyna, ol baýlyklaryň soltanyňkydygyna, islän mahaly adam ugradyp, (Güýçli hanyň) baýlygyna eye bolup biljekdigini ynandyrýar. Sözüniñ soñunda bolsa ilçi Duşy hanyň kakasynyñ serhet ýakalarynda azyp-tozup soltanyň adamlary ýa ýygny duşaýsa, hormatlamagy tabşyrandygyny, goňşyara gowy gatnaşygy saklap, soltana sylag-hormatynyň uludygyna güwälik yzyna güwälik berýär. Emma mylakatly gülüm-ýalym, myssyk hormat-sylag bilen aman sypyp boljak däl, soltanyň garpyşmaga bolan hyjuwy hem köşeşerli däl, çünki soltanyň saýlama ýygny Duşy hanyňkydan iki esse köp, soltanyň serkerdelerem köp söweşi başyndan geçiren aznawurlar, şol sebäpli soltan ýygnynyň bir bölegini ýollasa hem tötänden duşan bu goşuny kül-peýekun edip, külüni sowuk demirgazyk ýeli bilen çar yana sowrup biljek. Soltan oňa jogap berýär: "Eger Çingiz han sana menin bilen söweşmezligi tabşyran bolsa-da, söweşmeli bolarys, çünki ýokardaky beýik Allatagala maña söweşmegi ündeýär hem ule yenşi wada berýär. Bilip goý, menin üçrip Gur han bołdy. Güýçli han boldy, sen boldy jinnek ýaly parhy yok. çünki siziň ähliniz hudaýsyzlyk babatda birek-birege ýaransynyz! Kapyrlar bilen dine söweş, ol söweşde gylyçlar synyp. gönderlen läşlerde tomaşa görkezsin!" "- Hezreti soltan Muhammet Köneürgençşa, atam Çingiz han soltana duşdugyň tozuna tagzym kyl, gadamyna sezde et diyip tabşyrdy. Asmandan ant içýän. men dine senin sünk duşmanyň Güýçli hany kül-peyekun etdim. Duşmanyndan dyndaryp hem men günä galdymmy?" Duşy han ýagşylyk bilen soltandan aman sypyp bilmejegine, diñe onun söweş teklibini kabul edäýmekden başga ýoluñ özüni aldamakdygyna akyl ýetirýär. Şondan son ol söweşe giryär hem şol söweşden sypmagyň ýollaryny agtarýar. Haçanda iki agyr goşun söweş meydanynda garpyşanynda, Duşy hanyñ hut özi soltanyň çep ganatyna hüjüm edÿär hem-de (çep ganatyny) kül-peýekun edip, sülsatlarynyň başyny alyp çar ýana gaçmagyny gazanýar. Soltanyň derbi-dagyn bolaýmagam daşda däldi, her hal onuň goşunynyň sag ganaty sol ganatyna kömege gelip, ýagdaýy kadalaşdyrdy. Şeýdip belanyň öni alyndy, soweş pidasy berildi, ar almak hyjuwy kanagatlandyryldy, elbetde, ýeňiji kim, ýeňlen kim, talan kim, talanan kim biler ýaly bolmady. Iki goşun hem uly pidalar çekip söweşden çykdy, parahatlyk maksady bilen däl-de, ertesi gara daň bilen agyr söweşe girmek maksady bilen. Hudaýsyz, şamanparazlar gije öz söweş çygyrlarynda müňläp-müňläp ot ýakyp, säher bilen är kibi söweşjekdiklerini göz edip, özleri bolsa gijäniň garaňkysyndan peýdalanyp, zut gaçýarlar hem bir gijäniñ içinde hut iki günlük ýol geçip, owarra bolýarlar. Söweşde ýeňilmedik hem bolsa, soltanyň kalbyna gorky aralaşýar, ol garşydaşlarynyň gaýduwsyz batyrdygyna ynanýar hem ýakynlarynyň arasynda şindize çenli bu adamlar ýaly söweşjeň, edermen, jeň meýdanynda gylyç syryp, naýza göndermegi başarýan adamlary görmändigini aýdýar. Soltan Samarkanda dolananyndan soň söweşde parhlanan emirlerine mertebeli derejeler berip, ygtalaryny artdyrýar, Bujy Pälwana Gutluk emir, Ogul hajyba - Ynanç han diýen atlary dakýar, edermenlere sylag-serpaýlar paýlaýar. Biz diñe soltan Muhammediň durmuşyndan käbir wakalary beyan eýlemek bilen maksadymyz, tatarlaryň bu etraplarda niçiksi peýda bolandygyny görkezmek isledik, a soltanyň mundan buýanky durmuş yoluny, perwerdigär tarapyndan kysmaty terse ýazylyp, soltanlyk müddetiniň sanalgy günleriniň galandygyny wagtyna, ýerine görä beyan edibereris. A ondan soň Allaha hoş gelse, arzyly söhbetimize, asyl maksadymyza, Jelal (etdin) baradaky maglumatlarymyza başlarys. ____________________________ Duşy han Juçy han bolmaly, Çingiz hanyň oglunyň ady dürli hili ýazylýar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |