20:08 Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany: Tatarlar, olaryñ başy we mesgeni barada hekaýat | |
BIRINJI BAŞ
Taryhy makalalar
TATARLAR, OLARYŇ TUTUMLARYNYŇ BAŞY HEM OLARYŇ MESGENI BARADA HEKAÝAT SÖZLERINE PARH GOÝULÝAN, dünýäbelet danyşment kişileriň biri-ikisi däl, telimsiniň gürrüň bermegine görä, Çynmaçyn örän uly döwlet bolup, onuň ýurdunyň daşyna aýlanyp çykmak üçin laýyk alty aý gerekmiş. Aýdyşlaryna görä, tutuş ýurduň daşyna daşdan mizemez gaýym gala aýlanyp, ol diñe tereň suwly derýalarda ýa uçut gerişli gaýalarda kesilýärmiş. Gadym zamanlarda hytaý laýyk alty bölege welaýata bölünip, her biriniň ululygy bir aýlyk ýolmuş. Her bir welaýatda olaryň dilinde hökümdar manyny aňladýan han häkimlik edipdir, ol ýurduň baş hanyna tabyn bolupdyr. Soltan Muhammediň zamanynda Çynmaçynyň baş hany, ýagny beýik hany Altyn han¹ bolup, biziň soltanymyz bilen döwürdeş eken. Ýurt beýik hanlara miras geçer eken, bir handan ikinji hana, has takygy, bir kapyrdan ikinji kapyra! Adatda beýik han ýurduň orta gürpünde yerleşýän Tamgaç şäherinde mesgen tutupdyr. Olar tomus başladygy bir düşelgeden ikinji düşelgä, bir welaýatdan ikinji welaýata göç edip, mal yzynda gezipdir, haçanda gamzasyny garaldyp gara gyş geleninde bolsa Kaşmiriň golaýynda bol suwly Gangdan geçip, dünýäniñ hiç bir jelegaýynda bolmadyk gözel jülgeli, ýumşak howaly, bol ot-iýmli baýyrlyk, daglyklarda gyşlak tutupdyrlar. Beýik han göç edeninde yzda galan emlägi, maly-mülki, yurdy pena etmek, goramak Çynmaçynda galan alty hanyň boynuna eker. Bizin söhbetine başlan zamanamyzda şol hanlaryň içinde Duşy atly bir han bolup, ol han näletsinmiş Çingiz hanyň kakasynyň aýal doganynyň adamsy eken. Ol hanyň taňrygargan taýpasynyň ady Temirçi bolup, (temirçi adamsy diýmegi aňladypdyr), esasan mesgeni çölüstan eken, gyşda bolsa Argun diýlen yerde gyşlapdyrlar. Ol taýpa tutuş türki taýpalaryň içinde bigäneligi, bijebazlygy bilen zahyr eken, şol sebäplem Çynmaçyn hökümdarlary olaryň owsaryny sähelçe gowşatsa, düpbozanlyk edýänlerini bilip, bek tutupdyrlar. Altyn han ýurduň çäginden daşda mahaly Çingiz hanyň kakasynyň aýal doganynyň adamsy Duşy han kaza edip, amanadyny tabşyrýar, Çingiz han onuň patasyna gelip, ejesine göwünlik berýär, duýgudaşlyk bildirýär. Kakasynyň aýal dogany iki goňşy welaýatyň hanlary bilen geňeşýär. Duşy hanyň yzynda ornun tutjak oglunyň, tagta geçjek gyzynyň galmandygyny aýdyp, hanyň ornuny Çingiz hana mynasyp görýändigini, onuň Duşy hanyň hanlygyny ýöredip Güýçli hana yurdy dolandyrjakdygyny aýdýar. Welaýatlaryň iki hany-da aýalyň gelen netijesini onlap, Duşy hanyň ölümi zerarly boşap galan ýurduň hanlygyny boş goýman, garamaty biriniň boynuna atylmagyny maksada laýyk bilýärler. Olar hanyň aýalyna Altyn han öz wezir- wekilleri bilen mesgenine, tagtyna dolanyp gelensoň hem ol aýaly hemme tarapdan goldajakdyklaryna äht edýärler. Ine, şondan soň Çingiz han Duşy hanyň welaýatyny dolandyryp başlaýar, dessine pis-pisi tapar bolup, topalaň, dawa-jenjel turzup ýören düpbozan taýpadaşlary, ile sygmadyk ykmandalar, ýurda peýda bermedik gurrumsaklar jemlenip başlaýar, olaryň ýakan uruş otlarynyň howry bolsa şu mahal hem alawlap dur. Altyn han ýurduna, ýagny Tamgaja dolanyp geleninden soň, adatdakysy ýaly, hajyplary han ýok mahaly bolan-goyan işler barada maglumat berip, her gün hany bir topar işler bilen tanyşdyrýarlar. Ine, şonda Çingiz hanyň iberen sowgat-serpaýyna, namasyna gezek ýeteninde öz ýoklugynda iki hanyň üçünji hany han göterip eden-etdilik edenine hem geň galýar, hem çakdan aşa gazaplanýar. Ol Çingiz hanyň iberen sowgatlyk ýylkylarynyň guyrugyny kesdirip, kowduryp goýberýär. Beýik hanyň ýanyndan çykan hajyplar sögünip, gargynyp, iki hana lagnat (Çingiz hany goldan iki hana) okap başlayarlar. Çingiz han hem ol han hajyplaryň gohuny synlap, ölümleriniň öz boýunlaryndaky jan damarlaryndan daşda däldigine göz yetirýär. Şondan soň ol hanlar beýik handan gowulyga garaşmaly däldigini bilip, tabyn raýatlykdan çykyp, ontın (Altyn hanyň) garşysyna dil düwşüp, bileleşik döredip başlaýarlar. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |