13:05 Jelaleddin Meñburnuñ ömür beýany: Güýçli han bilen Çingiz hanyñ dostlugy barada hekaýat | |
ÜÇÜNJI BAŞ
Taryhy makalalar
GÜÝÇLI HAN BILEN ÇINGIZ HANYŇ ARASYNA TOW DÜŞÜP, DOSTANALYK BULAŞANSOÑ, GÜÝÇLI HANYŇ ÝAGDAYLARY BARADA HEKAÝAT GÜÝÇLI HAN Çingiz handan arany ymykly açanyndan soň, goşunyny Gaýalyk hem Almalyk¹ hanynyň serhetlerine tarap sürÿär hem-de ol ýeriň hany Mamdy han ibn Arslan² bilen parahatlyk şertnamasyny, agyr pursatda birek-biregi goramak şertnamasyny baglaşýar. Güýçli hanyň ady agzalan ýurda gelen döwri Hytaýy döwletiniñ hökümdary Gur hanyň soltan Muhammet bilen bolan söweşde jeň meýdanyny taşlap gaýdan döwri bilen gabat gelyär. Ol söweş ikisiniň arasynda bolan iñ soňky söweş bolup³, netijede Gur han gaçyp Kaşgaryň serhetlerine özüni atýar. Mamdy han Güýçli hany Gur hanyň üstüne küşgürip, öjükdirip başlaýar: "Eger sen ondan üstün çykyp, ony döwlet tagtyna mündürip bilseň, ýekeje türkmen hany-da ýowuz kysmatyndan, pelegin gerdişinden gorkup, seniň aýdanyňdan çykyp bilmez". A ol (Mamdy han) döwletiniň sanalgysynyň dolup, günleriniň tükenip barýandygyndan, diñe ol döwletiñ kelleçanagydyr maslygyna degsin-töwir ediläýmesinin galandygyndan bihabardy. Emma Güÿçli han ol teklibi oňlamady, sebäbi ol şindem Gur hany beýik, depseň deprenmez handyr öýdüp, özüni onuň ýanynda ejizje hasaplaýardy, onuň hökmürowanlygyndan gorkyardy. Emma Mamdy han özüniñ saylama atlylarynyn, ýygnynyň ýeñilmezligi, söweşjeñligi bilen magtanyp, ahyry Güýçli hany öz maksadyna yrmagy başarýar. Sonra olar Gaýalykdan çykyp, Kaşgar degresine baryp, ikisi iki yerden dökülip, Gur hany ýeñip, ýesir alýarlar hem ony tagtynda oturdyarlar. Uly kabul edişliklerde, uly çärelerde Güýçli han onun hajyby ýaly özüni alyp baryp, maýdaly-irili işlerde geňeşdarlyk edýär. Özi bolsa, käte bir özüne perman berlen buýruklary ýerine ýetirýär. Haçanda soltan Muhammet Güýçli hanyň Gur hany ýesir alanyny, asyrlap dünýänin dürli yerlerinden toplan gymmatbaha daşlaryny, hazyna-depinesini gola salandygyny bilen dessine çapar arkaly nama ýollayar hem Güýçli hana şulary yetirýär: "Hanlaryň hany menin guran duzagymdan yöne sypan däldir, men ony dişden-dyrnakdan ayryp, oňurgasyny ýazdýryp, çem gelen talañça, gabat gelen alamana aw bolsun diyip goýupdym. Sen kişi bolýan bolsaň, näme diyip Gur hanyň demi daglary endiredip, hökümi çar yana ýaýraýan wagty, kuwwatly wagty basyp almaga meýil etmediň? Men ony ýurdundan kowup, şäherlerinden jyda düşürip, öz gurrumsaklarynyň gylyjynyň (ozalky) hemşerileriniň, ýaranlarynyň howpy astynda galdyrdym. Ol meniň bilen ýaraşyk baglaşdy, men oña rehim edip gyrmadym. Şertnama görä men ulsunyň hem ýurdunyň galan gözgyny bölegini goýmaly, ol bolsa maña ähli hazynasyny, baýlyklaryny hem gyzyny Tugaç Hatyny bermeli. Eýse, güýji-kuwwaty kül-peýkun bolan kişini ýesir alaýmagyň müddeti gelmänmidi? Eger-de sen özüňi, il-ulsuñy aman galdyraýyn diýseň, başymdan belany aýraýyn diýseň, Gur hany hem Tugaç hatyny hazyna-depinesi, baýlygy bilen kejebeläp ugrat! Yogsa-da, seni meniñ gazabymdan gara gylyjyñam, tekepbir tutanýerliligiñem gorap bilmez". Güýçli han sadyklyk bilen kiçelip, tabyn halda jogap gaýtarýar. Sowgat-serpaý hökmünde ýurdunda gabat gelýän seýrek baýlyklardan ýollaýar, onun yollan zatlaryny sanajak bolsaň, sahypa ýetmez. Ol namanyň soñunda soltanyň talap edişi ýaly, Gur hany ýollap bilmejekdigi üçin ötünç soraýar. Gur han bolsa, gara başyna aman diläp, Güýçli hanyň üzeňňisinden üç geçip, onuň önünde şeýle bir kiçelip, sarnaýardy: "Bu soltan hem, kakasy hem ýylyň-ýyly maña salgyt bererdi, her demde tabynlygyny duydurar durardy. Men olara duşmanlary bilen söweşde gaty köp kömek berdim. Ony dostam bilýändir, duşmanam, ötegçem bilýändir. Ol ikisinin-de maña gulluk edişini, ýaranlaram, dostlaram, duşmanlaram, hatda yerli ilat hem bilýändir. Emma ykbal soltana ýylgyryp bakyp, birden kuwwatlandy hem ilki duşmany meni okunyp, meniň üstüme leşger dartyp, şeýle bir hüjüm eýledi, ony ýatlasam hem haýygyberýän, nädeýin, onuň bilen ýaraşyk baglaşmak üçin hemme zada taýyn boldum, hatda gyzymy bermäge-de, ýogsa gyzym Allanyň ýaradanlarynyň içinde iň eziz görýänimdi. Men onuň beýleki gojan şertleriniň pidasy bolup, göni gelen ajaldan başymy gutarmak üçin, hatda hökümdarlykdan hem el çekmegi dogry tapdym, çünki meni halas edip biljek hiç hili güýç jokdy. Ol meniň sadyklygyma-da jogap bermedi, bar maksady golumda galan döwletimiň soňky bölejigini-de elimden aparmak isleýärdi, ýogsa ol döwletde gorky hökmürowanlyk eýläp, dowuldyr howsala at çapýardy. Ynha, onuň şindizem şeýle tekepbirlik bilen meni talap etmesi maña ölümden elhenç ölüm tagmasyny basyp, gara başyma ýetmekden ybarat, mundan ölen ýagşy". Güýçli hanyň ýüregi awap, ol hana rehimdarlyk kylmagy müwessa bildi. Ondan daşgary ol Gur hany berip goýbermäge-de gorkýardy, çünki ol onda türkileriň arasynda şeýle bir pes, wejera ýagdaýa düşjekdi, ol masgaraçylykdan çykmaga, asla ýol yokdy. Şeýlelikde, ol hany gorap başlady, birnije wagtlap Gur hany gorap gezdi, ahyry soltan Güýçli hanyň maksadyna düşündi, añsatlyk bilen hanyň berilmejekdigine göz yetirdi. indi wakanyn yzyny maña emir Muhammet ibn Gara-Kasym en-Nesewi gürrün berdi, olo hut su mesele boýunça soltanyn Güýçli hana iberen ilçisi bolupdyr hem-de (soltanyñ permanyny) bolşy-bolşy ýaly, gahar-gazaby bilen Güýçli hana ýetirýär, gahry gelen Güýçli han ilçisiñ diyip durman onun aýagyny gandallap, goluny işgilläp zyndanyna atdyrýar. Görgüli soltanyň leşgeriniñ bir bölegi Güÿçli hanyň üstüne hüjüm edeninde, Allanyň yradasy bilen gaçyp sypmagy başarýar. bendiligin kemendinden, takdyryna ýazylan jebri-jepalardan, masgaraçylykdan aman sypyp, soltanyň bargähiniň gapysyna baryp, bolan işleri aýdýar, onuň sözleriniň hakdygyny ilçiniñ öz üstüne ýüklenen borjy kemsiz yerine ýetirip, amal edip, güzaplara sezewar bolandygyny soltana ynandyrýarlar. Soltan onun eden işinden minnetdar bolup, göwnüniň islän zadyny aýtmagyny, göwnüniň islän zadynyň soltan tarapyndan amal ediljekdigini aýdýar. Ol bütin Horasan welaýatlarynyň (reýisleriniň) üstünden garayan bolmagy göwnüniň isleýändigini, şol işiň hötdesinden gelip biljekdigini aýdýar hem-de şol işe perman berilmegini gazanýar, soltan onun islegini kanagatlandyrýar. Soňlugy bilen Horasanyň reýisleri onuñ eden-etdiliklerine, agyr kemsitmelerine sezewar bolmaly bolup heýhat edýärler. Alty ýüz on altynjy ýyl başlaýar. Ilat ony bedibagt ýyl diyip hasap edýär. Horasany öz eline alan Gara Kasym en-Nesewi bolsa mekirlik bilen öz ýurduny giňeldip başlaýar. Mylakatly töwellalar, talaplar ýowuzlyk bilen ornuny çalyşýar, soltan Güýçli hany tagty-tarajy bilen agdaryp, han-hanan adyndan mahrum kylyp, göz görkezmek üçin leşgerinden altmyş müň atlyny saýlaýar. Bu waka bolmazdan ozal eýýäm soltan onun garşysyna ençeme yygyn bölümlerini ugradypdy, olar hanlaryň hany bilen Kaşgarda we başga ýerlerde garpyşyp göz görkezipdi, söweşleriň ählisi diýen ýaly Güýçli hanyň goşunynyň basgy tapmagy bilen tamamlanypdy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 4 | ||
| ||