13:55 Jemer seýis | |
JEMER SEÝIS
Taryhy şahslar
Günbatar Türkmenistanyň ýomutlarynda Jemer diýen bir seýis ýaşap ötüpdir. Ol ýomudyň kesearka tiresinden, oturan ýeri Jebelden 50-60 kilometr uzaklykdaky Käriz Çetli obasy bolupdyr. Jemer seýis orta boýly, arryk, gaty ýogyn sesli, işine yhlasly, tüýs ata berlen adam bolupdyr diýýärler. Ol atoglanlaryndan-çapyksuwarlaryndan aýdanynyň aýdan, diýeniniň diýen ýerinde bolmagyny talap edýän seýis eken. Ýöne hemişe şeýle bolup durmaýan borly. Atoglanlar-çapyksuwarlar "Seýsiň ýanynda gezen seýis bolýar" diýseler, käte münýän atlaryny özleriçe seýislejek boluberýän ekenler. Jemer seýis bir gezek atoglanlaryň biri-ikisi “bilesi ýok-la” diýip, az-maz atlaryny çapdyryp görüpdirler. Gelensoňlaram Jemer seýis “Aty näme çapdyrypsyňyz?” diýip käýinse, hiç zat bolmadyk ýaly mönsüräp duranmyşlar. Ahyry biri eden işini boýnuna alypdyr-da: - Jemer däde, nädip bildiň? – diýipdir. Jemer seýsem: “Öz atyň gulagy bilen hol çapdyrylmadyk atyň gulagyny synlaý” diýipdir. asyl çapylanyny, çapylmanyny atyň özi aýdýan eken: çapylan atyň gulaklary häli-şindi öňe-yza gymyldap durýan eken, çapylmadyk at welin, gulagyny känbir gymyldatjagam bolup durmaýan eken. Jemer seýis bilenini ýaşyrmaýan adam bolupdyr. Bir gezek biriniň aty keselläpdir. At eýesi atyna münüp, Jemer seýisiň ýanyna gelipdir-de: - Jemer däde, atymyň bir kemi bar, bilip bilmezmiň? – diýen. Jemer seýsem: - Atyň bir zat garbapdyr. Ol zadam içden çykanok. Sen atyňy bir hepde bir gysym ot, däne bilen iýmle. Doýa zat berme. Ýedilenji günem näme iýse ber. Atyň daňa golaý dört aýagynam uzyn salyp uklar. Şonda ýelesinden alty-ýedi baýtal ötür. Baýtal ysyny alan atyň tarsa turar-da, haýkyryp bir kişňär. Şonda-da tezeklär. Şol tezeklerini bir barlap gör – diýen. At eýesi Jemer seýsiň aýdyşy ýaly edipdir. Dogrudanam, at iým bilen bir zatlar garban eken: şol gezek kişňändäki tezekleriniň biriniň içinden egri çüý çykypdyr. Jemer seýis bilenini ile aýtmak bilen, bilmedigini soramagy özüne kiçilik saýmandyr. Etrege bir ýerlerden il aýlanan – derwüş gelipdir. Ol gele-gelmäne, gazyga baglangy atlaryň ýanyna aýlanyp görüpdir-de, soň üýşüp oturan ýaşulular bilen görşüpdir, saglyk-amanlyk soraşypdyr. Soňam: - Bu atlaryň seýsi kim? – diýen. Ýaşulularam “Jemer seýis” diýip görkezenler. - Senmi şol Jemer seýis? - Hawa, men. - Sen bolsaň, onda ho-ol gaýraky duran dor atam çapjakmy? - Hawa, çapjak. - Aý çapma şony, çapsaň-da galar. - Sebäbi? - Onuň sebäbi, atyň içinde ýyl aşyp, gatan tezek bar, şol tezek çykmasa, at çapmaz. Sen atyňa ýowşany kän iýdirensiň. Il aýlananyň derwüşiň sözi Jemer seýsiň ýüregine jüňk bolan bolarly, ol myhmanyň alkymyna dykylyp barypdyr-da: - Dogry aýdýaň, şol atyň içinde gaty tezegiň bardygyny men-de bilýän, ýöne ony nädip atyň içinden çykarjagymy bilemok – diýen. Onda ýaňky il aýlanan-derwüş: - Ol tezegi çykarmakdan aňsat zat ýok. Sen atyňa arpa-da berme, ot-da, bir gije-gündiz diňe gawun iýdir – diýen. Ol döwürler Etrekde gawun-garpyz diýlen zat diýseň bol eken. Laý-läş, eken-ekmedik bir bolup ýatypdyr. Näçe diýseň kak dilnip, toşap gaýnadypdyrlar. Etrekde toşap meşik-meşik, sary kakam kise-kise bolup ýatar eken. Onsoň ol il aýlananyň-derwüşiň diýenini edip, Jemer seýis atyna bir gije-gündiz gawun beripdir. Soňam üstüne atoglany ataryp, eýeriniň gaşyna-da at torbasyny gysdyryp, atyny il aýlananyň-derwüşiň gaşyna alyp gelipdir. Il aýlananam iki kilometr çemesi aralykdaky bir belgini görkezip, atoglana tabşyryk beren: “Hol ýere çenli gorduryp git. Şoňa baraget-de, tarpa yzyna dola. Dolanan ýerinde-de dur. At tezeklär, öol tezekleri torba salyp getir”. Atoglan tabşyrylyşy ýaly edipdir. Aýdylyşy ýaly eken. Tezekleriň içinde bir gaty tezek bar eken welin, çekiçläýmeseň döwer dagy-eder ýaly dälmiş... Jemer seýis hyzmaty üçin şol il aýlanany serpaýlap-sylaglap ugradypdyr. Jemer seýis 80 ýaş gowrak ýaşap dünýeden gaýdypdyr. Ol seýisçilikden başga-da ökde guýy ussasy hem bolupdyr. Günbatar ýomut etrapynda “Jemerajy”, “Jemer böwsen” diýen guýulary Jemer seýsiň adyna berýärler. Narmuhammet KAKABAÝEW. (“Türkmen sesi” gazetinden). “Balkan” gazeti, 1992 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |