16:16 Jeñe belet ㅡ söýýän gylyçlañ sesin... | |
JEÑE BELET ㅡ SÖÝÝÄN GYLYÇLAÑ SESIN
Goşgular
Jeñe belet söýýän gylyçlañ sesin, Çagalykdan jeñ şöhratyna aşyk. Söýýän ㅡ ganly çaknyşyklar höwesim Hem ölüm pikiri kalbymda joşup. Ýigitler esger bolup bu azatlyga, Ölüm ýükün götetmese egninde, Asla eýe däldir doly şatlyga, Laýyk däldir posasyna gelinleñ. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. ■ WAH-WAH! NÄME ÝALDYRAÝAR... Wah-wah näme ýaldyraýar Az wagtlyk gözel ýagty? Göz göretele solup barýar Ýaş ömrüniñ aýna wagty... Solar gider juwan jany, Oña uzak lezzet bermez. Ol bagtly maşgalany Uzak wagt begendirmez. Bälçik süýji dili bilen Gürrüñmizi gyzykdyrmaz, Göwni açyk güle-güle Lezzet berip uzak durmaz... Şeýle gamgyn bu hyýaly Gizlemäge çalyşaýyn, Onuñ ýüzün görüp häli, Sözün diñläp görüşeýin; Gymyldasa bakyp şo dem Seredýän men garabagyr. Az salymlyk aýralyk hem Götererden gaty agyr. Terjime eden: Çary AŞYR. ■ ...NA Nämüçin öñünden hesrete batyp, Mojuk pikirleri salýaryn ýada, Ajy şum aýralyk labyryn atyp, Geler diýp garaşýan nala-perýada? Ýakyn geldi jebir çekmeli çagy! Bir özüñ galarsyñ çöl-beýewanda, Gelen güni ýatlap, çekersiñ dagy, Ýatlamalar gaýtalanar zybanda. Ol wagtda gyzyñ näzik sesine Öz başyñy özüñ gurban kylarsyñ, Ýa aýagnyñ ýeñil çybşyldysyna Näme ber diýseler razy bolarsyñ. Terjieme eden: Çary AŞYR. ■ K... Birden başa düşen bu tukatlygy Nämä gerek agyr oýa batyrmak. Hemem gutulgusyz hijrany-dagy Ýatlap, soñsuz gussa batyp oturmak? Onsuzam ýakyn-a ejirli günüñ! Täk özüñ oturyp ümsüm sährada, Ýitiren iñ ajap günleñ barada Ýatlamalar bolar ýalñyz hemdemiñ! Ine, şonda, eý, betbagt, şol gyzyñ Ýekeje sözüni ýa aýak yzyn Erkiñ berip almaga-da taýynsyñ Ýa ömrüñden geçmäge-de kaýylsyñ. Terjime eden: Atamyrat ATABAÝEW. ■ BIDEREK SÖÝGINI PIKIRLER EDIP... Biderek söýgini pikirler edip, Geçiren ýazlarym haýp däl maña. Syrly gijelerde şükürler edip, Ol çalan sazlarym haýp däl maña. Topar-topar bolup meýlisler guran Biwepa dostlaryn haýp däl maña. Wepasyz ýaş gyzlar döwranlar süren Hem gamsyz tostlarym haýp däl maña. Nirde rehim-şepagatyñ işleri, Ol göwün dynçlygy, ýaş umyt hany? Nirde öñki ylhamyñ gözýaşlary? Gel, ömrümiñ ýazy, taşlama meni! Terjime eden: Çary AŞYR. | |
|
√ Akyl-huşy ýagşydyr / Goşgular - 28.08.2024 |
√ Suw perisi / Goşgular - 17.08.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Bu mekana gelmişem / Goşgular - 02.08.2024 |
√ Nähili sen? Sen nähili birehim? / Goşgular - 27.08.2024 |
√ Pilmahmydyň ölümi / Goşgular - 30.05.2024 |
√ «Be» harpy / Goşgular - 19.08.2024 |
√ Ilýa Erenburgyň ýagty ýadygärligine / Goşgular - 02.07.2024 |
√ Göwünlik / Goşgular - 12.08.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |