00:31 Jikjikiler | |
JIKJIKILER
Çagalar edebiýaty
Jikjikiler iş etdiler: Iň ulusy odun çapdy. Ortanjysy çörek ýapdy. Jigileri işsiz ýatdy. Jany ýanyp jigilerne, Jikjikiler jik-jikleşdi. Jigileri gulak goýman, Jedelleşdi, Heçjikleşdi, Diýdi: "Entek iş ederden Men ejizje! Men kiçijik! Bilip goýuň, araňyzda Men jikjiki däl-de Jik-jik! Odun çapjak bolup, birden Aýagymy çapsam näder?! Çörek ýapjak bolup, birden Eljagazmy ýaksam näder?! Şonuň üçin, iň gowusy, Iş etmänjik ýatsam näder?!" Jikjikiler nahar etdi: Ulusyna kersen ýetdi. Ortanjysna tabak ýetdi. Jigilerne okarajyk! Öýke edip jigileri, Çekiläýdi bir gyrajyk. — Öýke etme! Köp iýerden Sen ejizje! Sen kiçijik! Bilip goýgun, aramyzda Sen jikjiki däl-de, Jik-jik! Eger saňa kersen bersek, Ýa-da uly tabak bersek, Öz çakyňdan köp iýipjik, Ýarylmagyň mümkin, Jik-jik! | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |