09:15 Kädiniň gülküsi / basnýa | |
KÄDINIÑ GÜLKÜSI
Goşgular
Ýaşap oturýardy bir beýik çynar, Bilmek çetin, onuň näçe ýaşy bar. Köp wakalar geçireni başyndan, Bildirip dur, synlap görseň daşyndan. Oň düýbünde gögerpdir br kädi, Gün-günden güýçlenip, artypdyr bady. Ýerden suwdan, günden kömek alypdyr, Ynh, görseň, ers-mers bolupdur. Gol uzadyp, dyrmyşypdyr dessine, Çykypdyr ol şol çynaryň üstüne. Bular gürrüň edipdirler özara. Kädi sowal beripdir ol çynara: -Meň örän tiz ösüşimi görsene. Seň näçe ýaşyň bar, aýdyp bersene? Çynar hem galdyryp belent başyny, Hasap edip bütin ýaşan ýaşyny: -Dört ýüz ýyl ýaşadym - diýipdir oňa Kädi jak-jak edip gülüpdir muňa. -Äpetligňe haýran galar ýörerdim, Emma men özümi has ýeser gördüm. Gör, ahyr yzyňdan üç aýda ýetdim, Ýetibem durmadym, duşuňdan ötdüm. Çynar hem diýipdir äwmezlik bilen: -Nakyl bar: “soň aglar biýhuda gülen!” Tupan tursa, elem-ewtat bolarsyň. Kimiň güýçlidigini şonda bilersiň. Ata SALYH. | |
|
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Eýledi ýar meni dert ile awara, medet... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |