17:15 Kakabaý Ylýasowyñ döredijiliginde oba durmuşynyñ çeper keşbi | |
KAKABAÝ YLÝASOWYÑ DÖREDIJILIGINDE OBA DURMUŞYNYÑ ÇEPER KEŞBI
Edebiýaty öwreniş
Berkarar döwletiñ bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziñ taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyz ykdysadyýetde, syýasatda, medeniýetde, sungatda, edebiýatda, umuman, ähli ugurlar babatda gün-günden ösýär, özgerýär. Biz hem Milli Liderimiziñ "Öçmez-ýitmez ruhy mirasymyzy döreden ata-babalarymyzyñ mübärek adyny, mertebesini şöhratlandyrmak, gadymy hem müdimi taryhymyzy, milli genji-hazynalarymyzy, pelsepämizi, zybanymyzy, däp-dessurlarymyzy dünýä ýaýmak biziñ mukaddes borjumyzdyr" diýen parasatly sözlerinden ugur alyp, edebiýat meýdanynda ajaýyp şygyrlary, çuñ manyly pikirleri bilen özüne ýagşy at galdyryp bilen şahyr, Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Kakabaý Ylýasowyñ döredijiliginde oba durmuşynyñ çeper keşbiniñ açylyp görkezilişini beýan etmäge synanyşdyk. Ylmy iş "Girişden", esasy üç bölümden, "Netijeden" we edebiýatlaryñ sanawyndan ybarat bolar. Birinji bölümde K.Ylýasowyñ ömür ýoly barada maglumat berilse, ikinji bölümde onuñ goşgularynda obany näderejede janlandyryp berip bilşi, türkmen obasynyñ çeper beýan edilişi dogrusynda gürrüñ edilýär. Üçünji bölümde bolsa, şahyryñ nusgalyk döredijiliginde ulanylan goşgy düzüliş görnüşleri, kapyýa sazlaşygyna ussatlygy, täzeçe röwüş alan çeperçilik serişdeleri hakynda goşgularyñ mysalynda durlup geçildi. Ahyrky bölümde bolsa, K.Ylýasowyb bile tirkeşen döwürdeşleriniñ, döredijilik gatnaşyklaryny saklan ýoldaşlarynyñ, okyjylaryñ we kärdeşleriniñ ýatlamalaryndan gysgaça maglumat bermek bilen onuñ adamkärçilik sypatlarynu hem açyp görkezmeklige synanyşyldy. Türkmenistanyñ halk ýazyjysy Atamyrat Atabaýew: "Kakabaý Ylýasow ýaly şahyry bolan halk bagtlydyr" diýip, onuñ ynsanlyk mertebesine, şahyrana döredijiligine uly baha berýär. Kakabaý Ylýasow oba durmuşyny, zähmetkeş babadaýhanlary wasp edip tanalan şahyrdyr. Onuñ goşgularyny liriki gahryman haýsy zat barada pikir etse-de, ol bizi ene toprak, il-gün, öz borjumyz, belent adamkärçilik barada oýlandyrýar, kalbymyza tämiz pikirleri ornaşdyrýar, bagtyñ nämedigine pugta düşünmäge, bu ajaýyp durmuşy ýürekden söýmäge, onda bagtyýar ýaşamaga, päk ýürekden zähmet çekmäge, ynsana belnet sarpa goýmaga joşdurýar. Mahlasy, şahyryñ ýüregi oba adamlary bilen deñ gopýar, olar bilen deñ gadam urup, mydama olaryñ arasynda gezýär. Awtor bu toprak üçin atalar gan dökdi, şonuñ üçin mukaddesdir diýen müñ gezek ýazylan sözleri gaýtalanok-da, ýeri serlip ýatan esger şineline meñzedýär. Bu eýýäm hiç bir düşündirişsiz müñläp esgeriñ, ýagny ata-babalarymyzyñ şu toprak üçin jan berendigini añladýar. Goşgynyñ soñky iki setirinde bolsa, bag-bakjaly, lälezar meýdanymyzy wepat bolan gahrymanlarymyz üçin goýlan çemene meñzedýär. Şolaryñ yhlasy, şolaryñ Watana bolan söýgüsi sebäpli gül açýan meýdanymyzy synlanyñda, ata-babalarymyza şu eşretli günler üçin, asuda asmanymyz üçin bergilidigimizi ýadymyza salýar. Hawa, şahyryñ islendik goşgusyny alyp göreniñde hem topragyñ, topraga jan berýän daýhanlaryñ, olaryñ üsti bilenem oba durmuşynyñ waspyny görmek bolýar. Onuñ goşgulary üçin häsiýetli zat zähmetkeş adam, onuñ bagty hem mertebesi, döwrüñ zamananyñ öñündäki borçlary, ene topragyñ göwsünden bol hasyl almak ugrundaky uly yhlasy, ýadawsyz aladalary dogrusyndaky oýlanmalardan, pikir öwürmelerden, häsiýetlendirmelerden ybaratdyr. Ol "Ynam" atly goşgusynda hem güýz geldi, daýhanlar hem hasylyny ýygnady diýip, sadaja, ýöntem sözler bilen däl-de, kemsiz çeperçilik ýüki ýeten täsin öwüşginli, hiç kimi gaýtalamaýan röwüşdäki setirler arkaly daýhanlaryñ tutuş bir ýyllyk azabynyñ hasylyny ýygnaýşyny ezberlik bilen suratlandyrýar. Şahyr oba durmuşy barada näçe köp goşgy ýazsa-da, ol hiç wagt öz-özüni gaýtalamandyr. Şol bir temadan ýüzläp goşgulary ýazyp, her goşgusynda hem täze-täze meñzetmeleriñ, keşpleriñ üsti bilen täze pikirleri aýdyp bilendigi şahyryñ iñ uly utuşydyr. Dogrudanam, şahyr galam işletmek, zehin siñdirmek üçin saýlap alan ugruny sungat derejesine ýetirip bilipdir. "Şahyryñ öz dili bilen aýdanyñda, onuñ döredijiligi "sowulmaz bagtyñ mesgeni" hasaplan durmuşy" onuñ ähli goşgularynyñ içinden eriş-argaç bolup geçýär. Şahyryñ haýsy goşgusyny okanyñda hem oba durmuşy bilen baglanyşykly setirlere ýa-da manylara gabat gelýäris. Özüniñ saýlap alan temasyna wepalylyk Kakabaý Ylýasowyñ bütin döredijiligine mahsus. Şu wepalylyk onuñ dürli temalarda ýazan goşgularyna özboluşly öwüşgin berýär. Umuman aýdanymyzda, Kakabaý Ylýasowyñ özboluşly döredijilik ýoly, aýratyn zehin ukyby bar. Şahyryñ ussatlygyny diñe bir goşgularynyñ temasy, ideýasy bilen däl, eýsem, onuñ goşgularynda ulanan hiç kimiñkä meñzemeýän, hiç kimiñkini gaýtalamaýan özboluşly çeperçilik serişdeleri, goşgy düzüliş formasynyñ dürli görnüşlerinden ýerlikli peýdalanmagy bilen hem subut edip bolar. Aýgül NAZAROWA, ýaş alym. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |