10:41 Kejebe | |
KEJEBE
Halk döredijiligi we rowaýatlar
Türkmen halky ir döwürlerden bäri şatlykly günleri we möhüm seneleri toý bilen dabaralandyryp gelipdir. Her bir toýuň hem öz aýratynlyklary bolup, olar kem- kemden milli däp-dessurlara öwrülýär. Durmuş (gelin) toýy halkymyzyň tutýan toýlarynyň naýbaşylarynyň biridir. Bu toý bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň köpüsi häzirki döwre çenli gelip ýetipdir. Türkmen toýy elmydama uludan tutulyp, onda ýigitlerimiz at çapdyrmakda, göreş tutmakda, ýaglyga towusmakda bäsleşipdirler. Şeýle hem «keçe-keçe» ýaly oýunlar oýnalypdyr. Türkmenleriň geçmişde tutan gelin toýundan söz açylsa, ilki bilen, kejebe göz öňüňe gelýär. Gelni adatça düýäniň üstünde gurnalan kejebä salyp, gelnalyjylap alyp gaýdypdyrlar. Kejebäni taýýarlamak aňsat bolmandyr. Ýörite agaç ussalary ilki bilen kejebäniň gümmezini ýasapdyrlar. (Gümmezi ýasamak üçin uga meňzedilip, egreldilen tal agajyny ulanypdyrlar. Kejebäniň girilýän ýeri düýäniň kelle tarapyndan goýlupdyr we içine gelin bilen eltisi sygar ýaly ululykda ýasalypdyr. Onuň içine haly düşelipdir, üstüni bolsa halydan ýa-da matadan edilen kejebelik bilen bezäpdirler. Kejebeli düýäni kejebelikler, düýehalylar, düýeboýunlyklar, düýedyzlyklar ýaly haly önümleri, şonuň ýaly-da otagaly owsar bilen bezäpdirler. Kejebäniň girelgesini ýele bilen bezäpdirler. Bu barada halk döredijiliginde şeýle setirler hem bar: Kejebäniň ýelesin ýel göterer ýar-ýar, Meň joramyň näzini kim göterer ýar-ýar. Ogul öýerilende tutulýan gelin toýuny diňe bir öýlenýän oglanyň dogan-garyndaşlary, dost-ýarlary däl, eýsem bütin oba agzybirlik bilen sowupdyrlar. Kejebeli düýäni täze gelniň ýüwürjisi boljak oglan ýa-da ýakyn garyndaşlarynyň biri idip gelipdir. Täze gelen gelni halylar we haly önümleri bilen bezelen aköýe alyp barypdyrlar. Gelnalyjy gelensoň, toý märekesine milli toý tagamlary bolan palaw, dograma, ýarma hödür edilipdir. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe durmuş toýlary milli ýörelgeler esasynda döwrebap ösdürilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Aşgabat, Mary, Balkanabat, Daşoguz, Türkmenabat şäherlerinde Bagt köşkleri gurlup, ýaş çatynjalaryň hyzmatyna berildi. Şeýle giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun! Aýgül ABDYLLAÝEWA Çeşmesi: https://medeniyet.gov.tm/tk/posts/343. 19.05.2022ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |