02:10 Keşpleriñ keşigini çeken | |
KEŞPLERIŇ KEŞIGINI ÇEKEN
Teatr we kino sungaty
Mekdebiň aýdym-saz gurnagyna yzygiderli gatnap, deň-duşlaryna, mugallymlar toparyna özüni aldyran Tyllagözel köpüň syn eleginden ötüp, päk arzuwlaryny wysala gowşurmak üçin gijeleri syrtmaklapdy. Onuň ynsan köňlüni aýdymlara humarlandyryp, alyslara aparyşyda ussatlaryňkydan egsik däldi. Ýürek ýylysyny paýlaýan elçarpyşmalardyr sagbolsunlar ýaş zehine zer suwuny çaýýardy. Gol doly çaganyň atasydygyna garamazdan, Baýly aga towar gulpak Tyllagözeliň sungat imrinmelerini syr sarkdyrmazdan goldaýardy. Günler akarynda yhlas-myradyna däbşenekläp, süýşenekläp ilkinji ädimlerini ätläp ugran 16 ýaşly gyzy Babadaýhan etrabynyň medeniýet öýüniň çeper ýolbaşçylygyna işe çagyrýarlar. Şol bir wagtyň özündede agşamky işçi ýaşlar mekdebinde okuwyny dowam etdirýär. Ol ýerdede işleriň göwnejaý guralyşy, tansdyr aýdym-saz toparlarynyň şüweleňli çykyşlary meýlis märekesiniň mübäreklemelerini gazanýar. Dolagy dogumly keşpler diňe bir yhlasy myradyna atarman, durmuş gözüne dikanlamagy-da öwredýärdi. Teatr ussatlaryny tomaşaçy ornunda özüne kökermegi, gyzyň ukyp-başarnygynyň ýitiligi, geljekde bu ugruň kuýaşy bolup ýüreklere ýyly, ýüzlere ýylgyryş paýlajakdygyna uly ynam döredýärdi. Köňli garlawaç ganatly Tyllagözeliň Ata Alowow bilen bilelikde ýerine ýetiren aýdymy ýyllaryň ýan kitabyna ýazylan täsirli setirlere çalymdaşdy. Tutanýerlilik, erjellik ýyllara ýalkymyny salýardy. Şol wagtlar Baýly aga hem Kaka raýonynyň partiýa we sowet guramalarynda işlänsoň, sözdür sungat ussatlary bilen dostlukly gatnaşyk saklaýardy. Gyzyň myhman sarpasyny saklaýşyna syny oturanlar köpdi. Şolaryň arasyndan Türkmenistanyň halk ýazyjysy Ata Atajanow Tyllagözeli öz gyzy ornunda eý görerdi. Sebäbi Tyllagözel, şahyr aga her geleninde çaý-suwuny berip, dükanlyk işine-de ýeňilaýak gopardy. Hoşgylawlylyk, ýumuşa ýumşaklylyk kimiň göwnüne hoş ýakmaýar?! Gyz her sapar dükandan dolanyp geleninde, Ata aga: «Seniň adyňa Akmaral dakmaly ekenler, säwlik goýberipdirler» diýip, zol gaýtalar eken. Hoş sözüň meýmirediji jadysy... Akmaral nähili owadan at. Ata-babalarymyzam aklygy ýagşa ýorupdyrlar ahyr. Ýöntemje bir degşirme, dessandyr rowaýatlardaky «akgyzlaram» akyl-paýhas çeşmesi, zähmetsöýer, halalhon, peri sypat... Bir gün şahyr Ata aga Baýly aga bilen desterhanyň başynda otyrka çaý getiren Tyllagözele garap: «Men bir wagt-ha Akmaralyma aýdym ýazaryn» diýipdir. Diwana ýyllar ötegçiledi. Sözünde tapylan Ata aga oňa bagyşlan şygry bilen ençeme aşyk ýigitleriň ýürek taryna kakypdy. Şeýdip dillerden-dillere, köňüllerden köňüllere ýol salyp gelýän «Nirde sen?» diýen aýdym döreýär. Medeniýet ministrliginiň işgärler bölüminden Nurmyrat Nutdyýewiň jaň etmegi bilen ykbal özgerdiji günler Tyllagözeli 1958-nji ýylyň awgust aýynda Moskwanyň A.W.Lunaçarskiý adyndaky teatral institutyna ýollaýar. Şonda bagt guşunyň goşa ganatyny gerenini welin, näzik gyz ýüregi aňmandy. Moskwa ugradylmazyndan öň synagy Abdylla Ýakubow bilen bileräk tabşyrypdy. Emma Abdyllanyň gutarnykly on ýyl bilimi bolmansoň ony yzyna gaýtarypdylar. Geljek ýyly ýigidiň bijesi çykyp, şol institutyň teatr režissýory bölümine okuwa girýär. Tyllagözel ýarym ýyl okap, dynç alşa ata mekanyna dolananynda, oňa ejesi: «Biziň tohumymyzda artist bolan ýok» diýip, gyzynyň saýlan kesbini oňlap barmaýandygyny duýdurypdy, eneli-gyzyň gürrüňine gulak mysapyry bolan Baýly aga: «Ejeňe gulak gabartmada okuwyňy dowam ediber, ýöne öz ugruňdan ömürlik ýoldaş tapyn» diýip sargapdy. Sapak gerekli iňňesini tapdy. Durmuş oňa Abdylla Ýakubowy diňe bir kärdeş ornunda däl-de, ýanýoldaş hökmünde hem bagyşlapdy. «Teatr pikir fabrigidir». Durmuş şerbetiniň Gün bulgurynda owsunyşy, gulpakly günleriň öwrümli işilen ömür sapagyny sahna sapdy. Institutyň gutardyş diplom işi üçin Güseýin Muhtarowyň «Ajaýyp tebip» spektakly sahnalaşdyryldy. Tyllagözel özüne ynanylan keşbi ussatlarça ýerine ýetiripdi. Spektakl tomaşaçylaryň hem guwançly «brawolarynda» ýaňlanyp, doganlyk halklaryň sungaty öwrenijilerinde türkmen teatryna uly gyzyklanma döredipdi. Ol instituty tamamlanyndan soň Mollanepes adyndaky Türkmen döwlet akademiki teatrynyň ýaşlar toparyna işe kabul edilýär. Şol ýerde hem işiň başyny Ata Atajanowyň «Guşgy galasy» spektaklynda Garagyzyň keşbini ýerine ýetirmekden başlapdy. Aslynda bu keşp ilki aktrisa Nurbibi Gutlyýewa ynanylypdy. Moskwa gidilende Nurbibi ýarawsyzlyk tapýarda oturyberýär. Soňra keşbi Tyllagözel taýýarlyksyz ýerine ýetirmeli bolupdyr. 1966-njy ýylda bolsa, Marydaky teatryň sahnasynda Aşyr Mämiliýew bilen Begi Suhanowyň «Ýedigen» spektakly goýulýar. Spektakldaky sada, dogumly, görmegeý oba gyzy Läläniň keşbi özüne çekijiligi bilen bir hatarda, spektakla dartgynlyk, aýdyňlyk berýärdi. Läläniň ynsaby-da päk, ol adamlaryň görejine görejini dikip gepleýär. Şeýle jogapkärli keşbiň Tyllagözele ynanylmagy ýöne ýere däldi. Çünki aktrisanyň durmuşdaky häsiýeti-de şol keşbe gabat gelýärdi. Ynam gahrymanyň daýanç nokady, ruhy gujurynyň çeşmesi ahyr. Bazar Öwezowyň «Ojagyň ody» spektaklyndaky Toty-da aktrisanyň döredijilik ussatlygynyň bir basgançagydy. Aktrisa az hereketli, emma kä hileli, kä zäherli, kä sowuk, kä hökümli, kä ýöwsel, kä sandyraýan güýçli sesi, mekir nazary bilen Totynyň ruhy dünýäsini ýüze çykarýar. Beksoltan Jakyýewiň «Ertir Täze ýyl» spektaklyndaky Begsoltanyň keşbi bolsa onuň ussatlyk derejesine ýetendiginiň subutnamasy boldy. Bu keşp üçin aktrisa 1982-nji ýylda Aşgabatda geçirilen teatr festiwalynda «Iň oňat zenan keşbi üçin» diýen ýörite baýrak gowşurylýar. Zergäriň häsiýeti senedine siňermiş. Tyllagözel Ýakubowa hormat getiren keşpler sanardan kän. Ýöne şol zenanlaryň keşplerinde ünsüňi çekýän umumylyk bar. Olar berk gylykly, güýçli häsiýetli zenanlar. Durmuş ummanyny gulaçlap, gaýduwsyzlyk bilen ýüzýärler. Sözümiz sypala sapmaz ýaly degişlilikde aýratyn häsiýetleri bogdaklaýan şu keşplere ünsi çekmek zerur. Olardan Towşan Esenowanyň «Gelin gelýärinde» Jöwzanyň, Bazar Amanowyň «Keminesinde» Maýagözeliň, Abdylla Myradowyň «Muňa durmuş diýerlerinde» Döndiniň, Çary Aşyrowyň «Ganly sakasynda» Ejegyzyň, Kerim Gurbannepesowyň «Taýmaz babasynda» Abadanyň, Täşli Gurbanowyň «Öwrümli ýollarynda» Aýsoltanyň, Güseýin Muhtarowyň «Japbaklarynda» Doýdugyň, Ata Abdyrahmanowyň «Şa gyzynda» Banu keniziň, Muhammetnur Gurbangylyjowyň «Kim seninde» Aknabadyň, Garaja Burunow we Bazar Amanowyň «Keýmir köründe» Ogulbossanyň, Ýazmyrat Mämmediýewiň «Ene topragynda» Oraztäjiň, Nobatguly Rejebowyň «Hazynasynda» Hajarbibiniň, Nazar Geldiýewiň «Seýdisinde» gelniň, ispan dramaturgy Kanderonyň «Jadygöý jenanynda» jadygöýüň, A.N.Ostrowskiýniň «Düşewüntli ornunda» Kukuşkinanyň we beýleki birnäçeleriň keşplerini mysal getirmek bolar. Bulardan başga-da, halypa iki gezek «Älemgoşar» festiwalynda iň gowy aýal keşbini döredenligi üçin TSSR Medeniýet ministrliginiň we respublikanyň teatr jemgyýetiniň Diplomlaryna mynasyp boldy. «Belentlik uzakdan görünýär». Halypa Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 28 ýyllyk baýramy mynasybetli «Türkmenistanyň halk artisti» diýen hormatly ada mynasyp boldy. Teatrda we kinolarda durky- düýrmegi bilen millilige ýugrulan türkmen zenanlarynyň ajaýyp keşplerini döretmek arkaly Tyllagözel Ýakubowa köpleriň söýgüsini gazandy. Manyly ömrüniň agramyny türkmen sungatynyň kämilleşmegine bagyşlan halypa indi sekiz onlugy binýatly sütüne öwrüberdi. Tanaldyňyz kinolarda, oýunda, Köp ýükleri göterýäňiz boýunda — diýlen setirleriň hak eýesi Tyllagözel Ýakubowa öz güýjüni diňe bir sahna sarp etmän, eýsem kino sungatynda-da synapdy. Olardan «Hasratly söýginiň kyssasy», «Ajaýyp», «Zäherlenen söýgi», «Grossmeýster», ýagny «Küştçini» agzasak, köpleriň geçmiş gulpy urlan ýyllar sandygyndaky ýatlama düwünçeklerini çözlesek gerek. Aslynda halypanyň keşplerini göz öňüne getirip bilmeýänlere-de, «Ajaýyp» atly telespektaklyndaky Gülöwseriň ejesi Kümşüň sözlerini ýatlatsaň, «hä» diýenlerini hem aňman galýarlar. — Gynnaň tüňçe ýaly gyzyna 150 sany sawçy gelip, 151-njisi alyp gitdi. Meň peri gyzymdan zyýatmyşmy ol?! — Eje, senem türkanaň türkanasy-da. Gynna gelnejemiňkä 50 sanysam gelenok, senem 100 diý, 150 diý. Näme, il gelip, sanap durmy? Al ýaz. — Toba- toba. Maňa prepiske etdirjek bolýaňmy?! Saçyna ak giren ejeňi ýüzügara etjek bolýaňmy?! Owarra bol! «Hasratly söýginiň kyssasy» atly telespektaklyny ýatlanynda halypanyň juwanlygyny saklan ala gözleriniň şöhlesi artan ýaly bolaýdy. — Bally şonda Aýnanyň kakasynyň, menem ejesiniň keşbini ýerine ýetiripdim. Gyzynyň gaçýan ýerinde kakasy meni bogup, tas tepbedimi okapdy. Film düşürilip bolanyndan soň düşen halymy Balla aýdanymda, ol ýöne bir ýylgyraýdy. Ynanylan keşbe bizem-ä dünýämizi doldurýarys, ýöne welin, ol has-da ýitidi. Sungata örküni baglan halypanyň bu sözlerinden çen tutsaň, onuňam keşpleriň keşigini çekendigine magat göz ýetirýärsiň. Meýlis GARAJAÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |