22:23 Kiçijik Alynyñ oýny | |
KIÇIJIK ALYNYÑ OÝNY
Degişmeler
Kiçijik Aly ýaşuly daýhandan 500 lira eşek satyn alypdyr. Emma daýhan oña eşegi söwdalaşan gününiñ ertesi berjek diýipdir. Ertesi irden ýaşuly: - Oglum, eşeg-ä düýn agşam ölendir, puluñam sowup gutardym! - diýýär. Aly ýaşula: - Şonda-da eşegi ber maña - diýýär. Ýaşuly: - Öli eşegi näme etjek? - diýip soraýar. Aly gülüp: - Eşegiñ ölüdigini hiç kime aýtjagam däl. Bije atyp, satybererin - diýýär. Aradan bir aý geçipdir. Ýaşuly Ala duş gelipdir we ondan sorapdyr: - Eşegi näme etdiñ? Aly: - Eşegi bijä saldym, 10 liradan 500 adama satdym. 5000 lira gazandym! - diýýär. - Eşegiñ ölüdigini bilip gahary gelen bolmadymy? - Ýok-laý... Diñe bijesi çykan iñirdejek boldy, oña-da 10 lirasyny gaýtargy berdim, monça bolup gitdi! Kiçijik Aly ulalypdyr, eşek satyp pul gazanmaga dowam ediberipdir... Bu ýurduñ ne Alylary gutarar, ne Welileri. Ne öli eşekleri, ne-de añsat ýoldan pul gazanjak bolup, bulara puluny giderýänleri gutarar... | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |