19:56 Kim bolmaly ýa-da kim bolmaly däl? | |
KIM BOLMALY ÝA-DA KIM BOLMALY DÄL?
Çagalar edebiýaty
Köçeden iki ýoldaş – Petýa hem Kolýa, ellerini tutuşyp, bileje geçip barýardylar. Olar kitap dükanynyň deňinde saklandylar. Dükanyň daş ýüzünden onuň içindäki kitaplary hezil edip synladylar. – Girip satyn alalymy? Girdiler. Birnäçe kitabyň daşky sahabyny, içini agtaryşdyryp suratlaryny görüşdirdiler. Kolýa derrew birini satyn aldy, soň ikinjisini – ikisiniňem içi suratlydy. Kitaplaryň bahasyny töläp, gaýtargysyny – üç şaýlygyny jübüsine saldy. Petýanyň bolsa puly azrakdy. Oňa «Kim bolmaly?» atly kitapça has ýarapdy. Beýle kitaby satyn alarsyň welin, gowy zatlaryň birnäçesini derrew bilersiň. Petýa öz puluny sanaşdyrdy, bu kitaba ýetenok, köpem däl bary-ýogy on teňňejik, ýagny bir şaýylyk. Petýa dostuna ýüzlenip: – Kolýa, karzyna on teňňejik beräý. Şeýle gowy kitapça, kim bolmaly hem kim bolmaly däldigi hakynda gürrüň berýär. Kolýa ýüzüni gamaşdyryp: – Puluň ýetenokmy, alma, bolany! Ol puluny gysgandy. Ýaňyja Kolýa gaýtargy gaýdyp beren satyjy daýza bu iki ýoldaşy synlap durşuna Petýa ýüzlenip: – Oglanjyk, gynanma! Kim bolup ýetişmelidigini sen ulalaňsoň bilersiň. Kim bolup ýetişmeli däldigini bolsa, seň dostuň eýýäm bilýär – diýdi. Bu sözleri eşiden Kolýanyň ýüzi gyzardy. Ol jübüsindäki şaýlyklaryny şyňňyrdatmajak bolup, dükandan ýuwaşlyk bilen çykdy. Petýa onuň yzy bilen dükandan atylyp çykdy-da, ondan şol sorar durardy: – Aýtsana, Kolýa, kim bolmaly däl! Aýtsana! Kolýa tutuklyk bilen dymýardy. Ol bilse-de, aýtmady. Onuň näme üçin dymýandygyny siz aňan bolsaňyz gerek. Terjime eden: Aýgözel GELDIMYRADOWA, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fransuz dili we edebiýaty hünäriniň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |