19:13 Kinonyñ döreýiş taryhy | |
KINONYÑ DÖREÝIŞ TARYHY
Teatr we kino sungaty
Kino sungatynyň bu günki ösen derejesi hemmeleri haýrana goýýar. Onuň ilkinji ädimlerine nazar aýlanyňda bolsa, bu sungatda ýetilen sepgidiň ýeňil düşmändigine göz ýetirýärsiň. Adamzadyň taryhynda ilkinji gezek köpçülige görkezilen kino amerikaly elektromehanik Tomas Edisonyň ady bilen baglanyşykly boldy. Ol 1889-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda oýlap tapan optiki fonografyna patent almak, ýagny özüniň oýlap tapanyny resmileşdirmek üçin arza beripdir. Bu suraty başga bir ýerde görmekde ädilen ilkinji ädim bolupdyr. Ýöne onuň konstruksiýasynyň kämil däldigi biraz soňrak ýüze çykýar. Sebäbi onuň şägirdi, optikadan gowy baş çykaran Uilýam Kennedi Dikson şu gün kineskop diýen ady bilen tanalan enjam ýasandygyny mälim edýär. Oňa seredip, hereket edýän zatlaryň şekilini görmek bolýan eken. Şol kineskopda ilkinji flm 1891-nji ýylyň 22-nji maýynda köpçülikleýin görkezilýär. 1894-nji ýylyň 14-nji aprelinde Nýu-Ýorkda doganlar Hollandlaryň kinetoskopiki salonynda kinonyň ilkinji pully görkezilişi bolýar. Şol ýylda doganlar Lýumýerler Fransiýada özleriniň kino görkezýän guralyny ýasadylar, oňa «kinematograf» diýip at berdiler. Onuň kömegi bilen indi şekili ekrana geçirýärdiler. Bu ýerde ilkinji flm ekranda görkezildi, ol flm «Işçileriň fabrikden çykyşy» diýlip atlandyrylýardy. Ony doganlar Lýumýerler Parižde 1895-nji ýylyň 22-nji martynda görkezdiler. Ekranda Lýumýerleriň Liondaky fabriginden işçileriň günortan naharyna arakesmä çykyşyny görmek bolýardy. Ekranda görkezilýän flmiň ilkinji pully görkezilişi Brodweýde ýörite şonuň üçin gurnalan dükanda 1895-nji ýylyň 20-nji maýynda boldy. Ilkinji doly metražly film «Kelliniň garakçylarynyň taryhy» diýlip atlandyrylýardy. Ony «J&T Tain» teatr topary Awstraliýanyň Wiktoriýa ştatynda surata düşürýär. Ol 1906-njy ýylyň 26-njy dekabrynda Melburnda görkezilýär. Ol 70 minut dowam edipdir. Ilkinji doly metražly reňkli çeper flm 1914-nji ýylyň fewralynda surata düşürilýär. «Dünýä, ten we şeýtan» atlandyrylan bu melodrama 1914-nji ýylyň 9-njy aprelinde görkezilýär. Bu flm iki reňkli ulgamda surata düşürilendir. Üç reňkli ulgamda ilkinji surata düşürilen flm (1935-nji ýyl) «Pionerflmiň» önümi «Beki Şarp» kinosy boldy. Ilkinji gorkunçly kino R.Stiwensonyň «Doktor Jekill & mister Haýd» romany esasynda 1908-nji ýylyň baharynda şu eseri sahnada görkezýän teatr topary gastrolda mahaly surata düşürilýär. Film romanyň teatrlaşdyrylan nusgasyna doly gabat gelýär: hatda başlananda perde syrylýar, gutaranda ýapylýar. Ilkinji okuw flmini 1898-nji ýylda Oskar Messter Berlin uniwersitetiniň hirurgiýa klinikasynda surata düşürdi. Soňra bu flm okuw döwründe görkezilipdir. Mahabat flmi ilkinji gezek Fransiýada, Beýik Britaniýada we ABŞ-da 1897-nji ýylda peýda boldy. Biziň günlerimize çenli saklanyp galan şol ýylyň flmlerini Amerikanyň «Edison Kompani» firmasy goýberipdir. Olary Brodweýde köçedäki ekranlarda görkezipdirler. Ilkinji çekilen flmler 1906-njy ýylda ABŞ-da we Beýik Britaniýada peýda bolupdyr. «Şoh ýüzleriň gülküli oýnadylyşy» atly ilkinji amerikan multflmi Nýu-Ýorkda Jeýms Stýuart Blekton tarapyndan surata düşürilýär. Ähli ilkinji amerikan multiplikatorlary ýaly Blekton hem multflmiň başynda suratlary çeken suratkeşi görkezýär, soňra çekilen suratlar jadylanan ýaly hereketde görkezilýär. Bu flm üçin 8 müň surat çekilipdir. Ilkinji sport flmi West-Oranžda Edisonyň laboratoriýasynda surata düşürilipdir. Ol flmde 1894-nji ýylyň 14-nji iýunynda bolan Mik Leonardo bilen Jek Kaşingiň arasynda alty raunda çeken boks ýaryşy görkezilýär. Bu ýaryşy bir ýerde gymyldaman duran kamerada surata düşürmek üçin ringiň her tarapy 4 metre çenli kiçeldilipdir. Bu ýaryş Leonardonyň ýeňşi bilen tamamlanýar. Ol altynjy raundda garşydaşyny nokaut bilen ýeňýär. Filmiň ilkinji görkezilişi 1894-nji ýylyň awgust aýynyň başlarynda bolýar. Ilkinji serial 1912-nji ýylda surata düşürilipdir. «Mariýa näme boldy» diýlip atlandyrylan on iki seriýalyk bu flmde bir gyzjagazyň ýitirilen mirasy gözleýşi hakynda gürrüň berilýär. «Edison Ko.» kompaniýasy onuň birinji seriýasyny 1912-nji ýylyň 26-njy iýulynda kinoteatra hödürleýär. Bu flm Şwesiýanyň Haddington şäherine gelip ýetende, ýerli kinoteatryň eýesi her gün agşam iki gezek «Mariýa näme äme boldy» diýip, bildiriş ýazypdyr. Ilkinji sesli flm režissýor Gansyň 1927-nji ýylda düşüren «Napoleon Bonapart» atly sekiz sagatlyk kinoepopeýasynyň sazy we gahrymanlarnyň gepleşigi esasynda döreýär. Bu sesli flm 1935-nji ýylda Parižde görkezilýär. Filmlere ses ýazmak tehnologiýasy 1932-nji ýylda Abel Gans we Andre Debri tarapyndan oýlanyp tapylypdyr. Ilkinji giň ekranly filmi nýu-ýorkly Ý.J.Rektor öz oýlan tehnologiýasy boýunça surata düşürýär. Filmde 1897-nji ýylyň 17-nji martynda ABŞ-nyň Newada ştatynyň Reno şäherinde geçen Korbett bilen Fitussimmonsyň arasynda bolan dünýäde birinjiligi almak ugrundaky boks ýaryşy görkezilýär. Ilkinji giň ekranly doly metražly flm — «Foks Mowetonyň akmaklary» 1929-njy ýylyň 17-nji sentýabrynda Brodweýde 8,5х4,25 metr ölçegli kinoekranda görkezildi. «Diňe ulular üçin» ilkinji flm 1951-nji ýylyň ýanwarynda «La vie сommence demain» fransuz kompaniýasy tarapyndan surata düşürildi. Kinofilme ilkinji saz ýazan italiýaly Romolo Baççini boldy. Onuň saz ýazan kinosy 1906-njy ýylda surata düşürildi. Ilkinji bolup kinonyň edebi esasyny ýa- zan nýu-ýorkly žurnalist Reý Makkardell hasaplanýar. «Biograf Ko.» kompaniýasy ony 1900-njyýylda bir hepdede 10 sany edebi esasy ýazmak, olaryň her biri üçin 15 dollar tölemek şerti bilen işe alýar. Çünki «terjimehal» flmleri 20-30 minutdan uzak bolmandyr. Makkardell bolsa özüniň bir hepdede etjek işini ýarym günde ýerine ýetiripdir. Bu sanalyp geçilenler häzirki zaman ösen tehnologiýasynyň ilkinji ädimleridir. Taýýarlan: Akmuhammet HAÝYTGULYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |