KOSMOSA HYÝANAT EDILÝÄR
80-nji ýyllaryñ başynda ABŞ-nyñ kosmos programmasynyñ has häsiýetli sypatlarynyñ biri-de ㅡ mukdar görkeziji boýunça-da, hil görkeziji boýunça-da onuñ uruşparazlygynyñ üzül-kesil güýçlenmegidir. Kosmosy ylmy taýdan barlamak we peýdalanmak barada alnyp barylýan işiñ umumy möçberi (pul bilen añladylanda) örän haýal artýan, depginlerini ýitirýän hem-de gelejegi bar birentek ylmy we amaly proýektleriñ ýatyrylýan wagtynda kosmosy harby maksatlar üçin peýdalanmak bilen gös-göni ýa gytaklaýyn baglanyşykly proýektleriñ tutýan orny artýar.
ABŞ-nyñ kosmos programmasynyñ bütin taryhynyñ dowamynda goranmak ministrligi onuñ netijelerini harby-tehniki potensialy kämilleşdirmek üçin we razwedkanyñ hemralar sistemasyny hem-de öñünden habar bermek, aragatnaşyk, nawigasiýa, geodeziýa sistemalaryny we ş.m.-leri peýdalanmagyñ hasabyna ýaragly güýçleriñ işini üpjün etmek üçin ulanmak barada göwni bir ýaly parhsyz bolup galmady. Emma welin kosmos ýarag sistemalaryny döretmek baradaky işler hakykatda ylmy agtaryş barlaglarynyñ we teklipleriniñ çäginden daşary çykmady. Respublikan administrasiýasynyñ strategik ýaraglanyşyñ we köpçülikleýin gyryjy ýaraglaryñ beýleki görnüşleriniñ haýdadylmagyny ýokary depginlerde güýçlendirmek barada edýän hereketleri kosmos giñişligine hem ýaýrady. Pentagon bolsa ony käbir esasy syýasy işgärleriñ makullamagy bilen söweş hereketleriniñ meýdanyna öwürmek isleýär.
ABŞ-nyñ respublikan administrasiýasynyñ hem-de goranmak ministrliginiñ ketde ýolbaşçylarynyñ aýdýan zatlarynyñ döredilmegini we ýaýradylmagyny çäklendirýän halkara dilleşikler sistemasyna barha az üns berýärler diýip etmäge esas döredýär. Kosmos giñişligi barasynda aýdylanda bolsa, onda şol ýerde ýaragly güýçleriñ iş görmegini üpjün ediji serişdeleri ýerleşdirmekden başga-da, şol ýere ýaraglaryñ täze sistemalaryny çykarmagyñ planlary oýlanylýar.
ABŞ-nyñ kosmos programmasynda harby proýektleriñ ㅡ Awiasiýa we kosmos giñişligini barlamak hakyndaky 1955-nji ýylyñ milli kanunynyñ ruhuna we mazmunyna ters gelýän bu proýektleriñ tutýan ornuny artdyrmak barada edilýän aç-açan çagyryşlar häzirki administrasiýanyñ iñ ýokary eşelonlaryndan ýaraglanyşygyñ haýdadylmagyna tarap bütinleý kesgitli ugur alynmagy netijesinde, diñe şonuñ netijesinde mümkin boldy.
Amerikan kosmos programmasynyñ ilkibaşky döwrüne nazar aýlamak bilen ''Teknoloji rewýu'' £urnaly ''Seýnt'' (''Keramatly'') atly tutup alyjy hemrany döretmegiñ mümkinçiliklerini öwrenmek işi üçin ilkinji pul serişdeleri 1957-nji ýylda goýberilipdi diýip ýatlaýar. Şol wagt goranmak ministrliginiñ ýolbaşçylary: Sowet Soýuzyñ ''kosmos ylmy, harby we kommersiýa programmalary üçin strategik taýdan möhüm ugurlary eýelemegi'' mümkin, şeýlelik bilen-de ol ýere Birleşen Ştatlaryñ aralaşmagyna ýol bermez diýip ýurdy gorkuzyp başlaýarlar(1). Emma 1962-nji ýylyñ dekabrynda şol wagtky goranmak ministri R. Maknamara asmana goýberilmeli alty sany synag goýberişinden birinji tapgyry geçirilýänçä ol entek real däl diýip, proýekti ýatyrdy.
ABŞ-nyñ häzirki ýolbaşçylarynyñ arasynda uruşparaz we şowinistik hyýallylaryñ üzül-kesil güýçlenmgi bolsa kosmos ýaragyny döretmek, ýöne welin indi häzirki zaman ylmy-tehniki üstünlikleri nazara alyp döretmek barada alnyp barylýan işiñ tijendirilmegine ýardam edýär. Şunda ABŞ-nyñ goranmak ministrligi indi ylmy barlaglar we taýýarlanan teklipler üçin, ýaraglanyşygyñ hataryna goşar ýaly ýaraglaryñ täze sistemalaryny satyn almak üçin goýberilýän serişdeleriñ artdyrylýanlygy bilen meşgullanýan NASA-ny hem-de beýleki wedomstwolary özi üçin mümkingadar tijenip işlemäge mejbur etmäge çalyşýar. Şu maksada ýetmek üçin harby wedomstwo NASA-nyñ ýolbaşçylarynyñ arasynda häkimiýete respublikan administrasiýasy geçenden soñ geçirilen özgertmeler kömek edýär. Mysal üçin, NASA-nyñ direktorynyñ orunbasary wezipesini ozalky HHG ministri G. Mark eýeledi, ''Şattl'' proýektiniñ başyna awiasiýanyñ general-maýory J. Abramson geçirildi, ol ozal F-16 istrebitellerini döretmek baradaky proýektiñ ýolbaşçysydy.
Amerikan metbugatynda ýaraglaryñ lazer sistemalaryny güýçli depginlerde döretmek barada köp çagyryşlar peýda boldy. Harby wedomstwonyñ wekilleri hem-de £urnalistleriñ käbirleri duşmanyñ kosmosdaky obýektlerini urmak üçin hemralarda we iññän ýokarda uçýan samolýotlarda oturmak üçin planlaşdyrylýan lazer ýaragy hakda, kosmosda hem-de atmosferada nyşanlary urmak üçin niýetlenen ''çogdamly ýarag'' hakda, infragyzyl sazlaýyş sistemalary bilen enjamlaşdyrylan kiçijik hemralar tutup alyjylar hakda aç-açan aýdýarlar. Goranmak ministrliginiñ ekspertleri ''elýetersiz'' orbital komanda punktlaryny döretmegiñ maksada laýykdygy hakynda, Aýda harby obýektler hakynda we şu hili beýleki proýektler hakynda ýene-de pikir ýöredip başlaýarlar.
Kosmosda harby işjeñligiñ ýokary depginler bilen artýanlygy hem ynjalyksyzlandyrman durup bilmez, muña goranmak ministrliginiñ kosmos proýektleri üçin goýberilýän serişdeleriñ gitdigiçe artýanlygy hem şaýatlyk edýär (olar NASA-nyñ proýektlerinden aýratyn maliýeleşdirilýär). Eger 70-nji ýyllaryñ ortasyna çenli olar NASA üçin goýberilýän puluñ 50-60 prosentine barabar bolan bolsa, 70-nji ýyllaryñ aýagynda ㅡ 80-nji ýyllaryñ başynda goranmak ministrligi iş görmek barada edilýän çykdajylar boýunça eýýäm NASA-nyñ yzyndan ýetdi, hatda ondan ýene-de geçdi. Mysal üçin, Goranmak informasiýanyñ merkeziniñ berýän bahalaryna görä, 1979-njy maliýe ýylynda goranmak ministrligi şol maksatlar üçin 5,3 milliard dollar, 1980-nji ýylda ㅡ 6,3 milliard dollar, 1981-nji ýylda bolsa ㅡ tas 7,4 milliard dollar harçlady(2). Goranmak ministrligi bu işi düýbünden täze ugurlarda uly depginlerde alyp barýar, bu bolsa kosmosy uruş hereketleriniñ meýdanyna öwürmegi mümkin. Birentek amerikan ekspertleri kosmosy militarizasiýalaşdyrmak baradaky täze planlaryñ durmuşa geçirilmeginiñ örän howply netijelere getirjekdigine eýýäm üns berýärler.
Kosmos giñişliginde ABŞ-nyñ harby wedomostwosynyñ öz görýän işini güýçlendirmekçi bolýan esasy ugurlaru hakynda ABŞ-nyñ HHG ministriniñ kömekçisi E. Oldrijiñ aýdanlary hem şaýatlyk edýär, ol kosmosda harby işiñ ''ösmeli ugurlarynyñ'' hatarynda sürülýän ''Şattl'' korablynyñ täze, has netijeli nusgasynyñ döredilmegini, kosmos apparatlarynyñ her hili şikeslerden we betbagtçylykdan goranyjylygyny ýokarlandyrmak barada çäreler görülmegini hem-de ''kepillendirilen ýagdaýda abat galmak''(3) mümkinçiliklerini üpjün etmek üçin niýetlenen kosmosda ornaşmak sistemalarynyñ ýaýbañlandyrylmagyny agzaýar. 1979-njy ýyldan bäri Demirgazyk Amerikanyñ Howa hüjüminden goranyşyñ (NORAD) komandowaniýasynyñ çäklerinde Kosmosa garşy goranmak merkezi hereket edýär. Ol Şeýen daglarynyñ sebitinde ýerleşýär. Onuñ esasy wezipesi ㅡ duşmanyñ sebitinde ýerleşýär. Onuñ esasy wezipesi ㅡ ''duşmanyñ kosmos apparatlaryny tutýan serişdeleri dolandyrmakdan yabaratdyr''(4). ABŞ-da eýýäm synag edilip başlanan şeýle sistemalaryñ ilkinjisi F-15 istrebitelinden goýberilýän hem-de infragyzyl sazlaýyş sistemasy we adaty atyş zarýady bolan kiçijik tutup alyjy bilen enjamlaşdyrylan iki basgançakly raketadyr.
ABŞ-da onuñ HHG-niñ sostawynda ''kosmos komandowaniýesiniñ'' döredilendigi yglan edildi. Onuñ wezipesine harby maksatlar üçin niýetlenen hemralary her gün ulanmak, duşmanyñ kosmos apparatlaryny tutup alyjy serişdelerini dolandyrmak, ''Şattl'' korabllarynyñ goranmak ministrliginiñ bähbitleri üçin peýdalanylyşyna kontrollyk etmek, gelejekde bolsa kosmosda uruş hereketleri şertlerinde ýaraglaryñ lazer sistemalaryny we beýleki kosmos sistemalaryny ulanmak işleri girýär. Kongres hatda ABŞ-nyñ harby-howa güýçlerini amerikan harby-kosmos güýçleri diýip atlandyrmak hakyndaky kanun ptoýekti hem gowuşdy. Ýene bir ýyldan soñ ''kosmos komandowaniýesi'' birleşen komandowaniýä öwrüler hem-de goşun, HDG we HHG üçin harby babatda niýetlenen asmana goýberilýän ähli serişdelere ýolbaşçylyk eder diýlip hasap edilýär.
''Nýu-Ýork taýms'' gazeti ABŞ-nyñ goranmak ministri K. Uaýnbergeriñ tassyklan resmi görkezmelerinden biriniñ tekstinden sitata getirilýär. Onda şeýle diýilýär: ''amerikan ýaragly güýçleri kosmosy özleşdirmek arkaly bar bolan mümkinçiliklerden peýdalanmalydyr''. Olara kosmosda baza tutunýan ýarag sistemalarynyñ üstünde işlemegi dowam etdirmek, ''eger bu biziñ (ABŞ-nyñ ㅡ G. H.) milli bähbitlerimize laýyk gelýän bolsa'' olary giñden, söweş ýagdaýynda ulanmaga taýyn bolmak buýrulýar.
■ Edebiýat:
1. Technology Review, October 1981, r 57.
2. Defense Monitor, 1980, N 9, p. 1ㅡ2.
3. Air Force, 1982, January, r. 22.
4. Aviation week and Space Technology, 8, II. 1982, r. 21.
Grigoriý Sergeýewiç HOZIN.
Publisistika