12:53 Lopeze ikilik edilen dünýäde biz nämä zeýrenen bolýas? | |
LOPEZE IKILIK EDILEN DÜNÝÄDE BIZ NÄMÄ ZEÝRENEN BOLÝAS?
Teatr we kino sungaty
* Ýeterlik derejede darygyp bilýäs - kowid-19, öýden çykman oturmak, boş ýatmak, çäklendirmeler we maddy ýeter-ýetmezçilikler... Bularyň barsynyň hötdesinden kinofilmlere tomaşa edip we aýdym-saz diňläp gelip bilerismikä, göwnümiz-göwsümiz açylarmyka diýip pikir etdim. Ehh, menem özümçe, bu dünýäniň intellektual adamy (sadagaň bolaýyn)... * Žennifer Lopeze ikilik edilýän dünýäde biz nämä örtenen bolýarys? Gözeller gözeli Jeýlo uýamyz biz ýaly ýalançy panynyň myhmanydygyna garamazdan gözýaş döküp, iň ýakyn joralary bilen türk kofesiniň başynda ar aljak bolup ýör. Meselem, men onuň jorasy bolan bolsam, “Arod diýilýän Awareli hiç jynym alanokdy-da. Ol saňa mynasyp däl, gülgüne reňkli ýalpyldadyjylary ulanýan erkekdenem saňa är bormy? Hiç bagyşlaýma! Seret ýagdaýyňa” diýip süýji-süýji maslahatlary berip, pozitiw gürrüňleri ederdim. Biz türk zenanlary bular ýaly zatlara, ýokuş görmelere, göwün etmelere oňyn seredýäris, meseläniň düýbüni bilip-bilmän hiç gürlämzok! * “Luiviton” markaly ýansumkalary hemmäňiz bilýänsiňiz. Stambulyň her künjünde şeýle markaly ýansumkalara duş gelinýär. Ýöne öňler garry enem göterýändigi üçin oňa göwnüm ýetmän ernimi gyşardyp “ýaşyl torba” diýýärdim. Emma häzir biri çykaga-da, klassyky “Speedy” (munyň bahasy arzan: 1000 pound töweregi) ýa-da elde tikilýän “patchwork” sumkasyny (ine, bu biraz gymmat – 40 müň pound) sowgat etse, begenjime guş kimin uçurtjak ajaýyp sumka... Soň bir wagt geldi-de, bu markanyň önümi bolan switerler Ýamaýkanyň baýdagynyň reňki bilen birmeňzeşmiş diýlip, satuwdan aýyrdyldy. Bahasam 995 pounddy, ýagny 1000 pounda-da ýetenokdy! Ýaşyl, sary we gyzyl reňkli switerler kimdir biniň gaharyny getirse getirendir, ýöne meň düşünmedik zadym şu: Ýamaýka reňkli şortiler biziň ýaşaýan raýonlarymyzyň bazarlarynda-ha satylýar. “Luiviton” orta çylyp maňa jogap bersin: ýanýoldaşyma, tanyş-bilşime, oňa-muňa gowja switerjik aljakdym... Hezil edip geýjeklerini bilýän, nähili ajap bolardy... * Margot Robbi täze surata düşen “The Birds of Prey” çeper filmi üçin saçyny gara reňke boýadypdyr. Boýadanda maňa näme, öz etjek işini özi bilýändir, dogry dälmi? Owadan zenanlaryň özlerini görkezjek bolup düşüp ýören günlerine durup-durup nebsim agyrdy, olaryňam işi kyn. Wagtynda Şarliz Teron köp janykdy, horlanyp gördi, semräp gördi, her zat etdi. 2003-nji ýylda “Monster”, “Oskar” baýraklaryny aldy... Margot görgülijik gap-gara şamar zülplerini sary reňke öwürjek bolup ýakmasa bolýar. A gyz, bolmanda parik geýäýmeli eken-dä... • BILESIGELIJILIGIM BAR * “Golden Globe” baýragyna hödürlenen çeper filmleriň sanawy okaldy. Wagtynda ýatyp-turup tomaşa eden kinofilmli ajap günlerimi ýatlap oturşyma, ýeňijileri mälim edýän dabaraly agşam golaýlamanka bäsleşige hödürlenen kinofilmleri görjek bolýaryn. Indi agşamlaryna geçirjeklermi, ýa gündizine, nähili dabara geçiriljek, pandemiýa biläýmese biljeg-ä ýok! “Golden Globe” baýragyna “Oskaryň” buşlukçysy diýen bolýarlar. Bolgusyz gürrüň. Sene taýdan alanda “Oskardan” öň döredilendigi dogry. Eýsem abraýly kinoakademiýanyň epeý agzalary, “zaluwat “Golliwud” daşary ýurt mediýasy bileleşigi bilen näme etdi, kimi saýlap-seçdikä, kopyýalaýalyňmy?” diýýärmikä. Elbetde, diýenok. Şu ýyl “Iň gowy çeper filme” dalaş edýän “Mank” konofilmi ýaly bolup görünse-de, özüm-ä ony halamandygymy aýdasym gelýär. Has depressiw, has garaňky, has endirediji we has kämil konfilm bar: “Nomadland”!.. Ine, meniň halaýan kinofilmlerim şular ýalyrak, başga hiç kimiň halamajak kinofilmlerine bolan gyzyklanmam bar. 1882-nji ýylda doglan hytaýly kinoaktrisa Hloýa Çžao üçünji uzyn metražly kinofilmi bilen “Oskara” hödürlendi, nähili ajap... Ýöne ol Dewid Finçer ýaly dalaşgäriň garşysynda näme edip bilerkä, bilmedim-dä. Sebäbi hemmeler “Manky” dilinden düşürenok. Birem iň gowy kinorežissýorlyga dalaşgärleriň arasynda “One Night in Miami” kinofilmi bilen Rejina King bar. “Indi ýeri gelende zenana-da baýrak berip göreliň, hem garaýagyzlary-da höweslendirdigimiz bolar” diýmeklerem ahmal. * “Golden Globe” baýragyna şu ýylky dalaşgär aktrisalar diýseň güýçli. Elbetde meniň faworim “Nomadlandda” oýnaýan Frensis Makdormand. Ol aktýorlygyň kitabyny boýdan-başa täzeden ýazdy diýen ýaly. “Pieces of Woman” atly ajaýyp çeper filmi bilen gelen Wanessa Kirbi hem gözden salynarly däl. * Zenan režissýorlardan söz açylanda Emerald Fennelliň adyny tutman bolmaz. Iňlis aktrisasy Emerald Fennell-de “Iň gowy režissýorlyga” dalaşgärlik edýär. Men bu zenany aktrisa hökmünde tanaýardym. Ol “The Crown” çeper filminde şazada Çarlzyň söýgülisi Kamilla Parkeri, ýagny häziriň Kornuoll Duşyny janlandyrypdy. Bol, senem bir kinofilmi surata düşür, hemmeler ony halasyn we baýrak alma rekordlaryna doýmasyn. Walla, ne ajap bolupdyr: “Promising Young Woman” çeper filminiň senariýasyny ýazanam Emeraldyň hut özi... * “Golden Globe” bar baýragyny zenanlara bersin, hatda “Iň gowy erkek aktýor” ugry boýunça goýlan baýraklaram zenanlara bersin, üýtgeşiklik oňyn täsir eder. Dursaňyzlaň, men bu “akylly” pikirimi akademiýanyň ýaşulylaryna gmail arkaly oklaýyn. Olar konserwatiwdir, dogry düşündirmek kyn bolaýmasa. Menem ýaltanmaryn, hetjikläp zol ýazar duraryn... 07.02.2021 Elif AKTUG. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | |||
| |||