18:11 Mandelanyñ sesi | |
MANDELANYÑ SESI
Goşgular
Günorta Afrikanyñ azatlyk ugrunda hereketiñ ýolbaşçysy, ömürlik tussag edilen Nelson R.Mandela 1962-nji ýylyñ 5-nji awgustyndan bäri türmede saklanýar. Goý, dünýäniñ päk ýürekli adamlarynyñ her biri Afrikanyñ bu başy gowgaly oglunyñ azatlyga çykmagyna öz sesini goşsun. Dönükleriñ kalby buzlardan sowuk, Türme demikdirýär, basýar egnimden. Gulçulyk igletdi, süññümden ötdi, Mergi bolup erkim aldy elimden. Men, Mandela, aýdýaryn bu aýdymym, Tüm içinden azatlygyñ şanyna. Ejir çekip, ezýet görüp garaşýan Syrtmagyñ boýnumy kertjek gününe. Ölüm pursatyndan gorkamok asla, Diñe şol pursata garaşmak agyr. Ýöne şat men. Kalba arzuwlar besläp, Garaşýan. Azatlyk gün bolup dogar. Meniñ halkym gurar azatlyk ýolun, Arzuw bilen, ynam bilen ýaşaýan. Hem during men buzlugynda dönükleñ, Sowuk, sowuk! Üşeýän men, üşeýän. Rusçadan terjime eden: Mämmet HALYMOW. Magombe Paulina WINSENT, (Uganda). "Edebiýat we sungat" gazeti, 01.05.1986 ý. | |
|
√ Men bir ýola... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Ýagşy niýetler / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Rubagylar / Goşgular - 10.01.2025 |
√ "Ýene-de daň atdy..." / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Hatty benewşe, haddy läle, zülpi reýhandyr... / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Lolular / Goşgular - 08.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |