00:14 Marynyň üzümleri | |
MARYNYÑ ÜZÜMLERI
Edebi makalalar
Gyşyň güni, şu sowuk howada bazarda üzüm satylýar. Üzümiň bahasy gala, ýöne onuň hyrydary bar. Hyrydarsyz haryt bazara çykmaýar. Biri üzümi göwni çekip alýar, biri saçagyny bezemek üçin, beýleki biri ýarawsyzyň ýüregine teselli bolsun diýip alýar. • Niräniň üzümi? Siz üzüm satýanyň ýanyna baryp, “bu niräniň üzümi?” diýip, sorajak bolarsyňyz. Satyjy sizden öňürder. – Ine, görüň, Marynyň üzümi – diýip, buldurap duran üzüm hoşasyny görkezer. Ondan bir dänesini agzyňa atsaň, şiresi bokurdagyňy tutar. Siz onuň Mary üzümidigine ynanarsyňyz. Sebäbi Marynyň üzüminiň tagamy başga. Ol gyşa saklamak üçinem amatly. Durdugyça şiresi artýar, şeýle arassa hem tämiz bolýar. Aslynda ol edil Marynyňky hem däl, belki, Murgap jülgesindendir. Murgap jülgesinde-de Şordepe obasynyň üzümine taý geljegi bolmaz. Ol halkyň janyna berekella diýmeli. Olar şeýle gowy üzüm ýetişdirip, diňe tomus ýa güýzde däl, gyşy bilenem bazary bezäp bilýärler. • Gözellik nusgasy Üzüm biziň nusgawy edebiýatymyzda hem halk döredijiliginde gözelligiň mysaly hökmünde gelýär. Şolardan käbir mysal: Gol-aýagyň her ýan uzadyp, üzüm, Ýat parahat, başyň büräp, hoş indi. Seýdi. Ary kimin aýrylman, ballaryň ne ajaýyp, Seniň mazaňy bermez bagyň engury, dilber. Mätäji. Üzüm üzüme baka-baka garalar. Nakyl. Atasy Bükri hoja, Enesi Ýaýma juwan, Gyzy şirin şeker. Matal. Enesi egri-bugry, Çagasy şeker-şerbet. Matal. • Derman Ýurduň Ylymlar akademiýasy tarapyndan taýýarlanyp, 1995-nji ýylda çapdan çykan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň ulanylyşy” atly gollanmanyň 73-74-nji sahypalarynda şeýle ýazylýar: «Üzüm miwesiniň organizmdäki madda çalşygyny oňatlaşdyryjylyk, buşukdyryjylyk, çalarak iç ýumşadyjylyk we derledijilik täsiri bardyr. Üzüm dem alyş ýollarynda nemleriň bölünip çykmagyny artdyrýar, gakylygyň syrylyp aýrylmagyny aňsatlaşdyrýar we ýeňilleşdirýär. Organizm tapdan we güýçden gaçanda, az ganlylykda, öýken inçekeselinde, aşgazan-içege ýollarynyň (traktynyň) çişme kesellerinde, babasylda, bagyr we böwrek kesellerinde, bogun agyryda we beýleki kesellerde-de ony iýmek maslahat berilýär.» Ondan aşakda üzümiň ýapragynyň peýdasy barada aýdylýar. Ýöne biz diňe üzüm miwesi bilen çäklenýäris. • Ol üzüme dünýä haýran “Gadymy Merw şäherinde olaryň baglary, üzümçiligi hem ekinzarlygy solgun öwsüp, çöle bakýarlar. Ol ýerde günortanlar çym ak ýagtylyk bolýar, eger-de günüň ýüzüni çaň-tozan örtmese, gözüňi gamaşdyryp barýar. Ol tozan bolsa adamlaryň demini bogýar. Gara üzümiň salkymlaryny agymtyl gert örtýär...“ Bu sözler XX asyryň belli nowellaçysy hem şahyry, argentinaly Horhe Luis Borhesiňki. Ol al-Mukanna baradaky meşhur nowellasyny gadymy Marydan, gös-göni biziň obamyza gaýdýan ýoldan başlaýar. Onuň gahrymany gadymy Marynyň Pöwrize derwezesinden, ýagny biziň obamyza seredip duran Günbatar derwezeden çykyp ugraýar. “Gyrmyzy” atly ol eser dünýä meşhur. Elbetde, bu ýazyjy hiç wagtda Maryda, asla biziň sebitimizde bolmandyr. Ol köne kitaplardan okap, Marynyň üzümine aşyk bolupdyr. Bu ýazyjynyň kem-kemden gözi ejizläpdir, ömrüniň soňky böleginde görmekden galypdyr. Ýöne örän şowa gözi bilenem biziň tebigatymyzy, onuň gara üzümini beýan edişi geň. Ýogsa Argentina nirede, Mary nirede! Ol Marynyň tebigatyny hem üstüni ak çaň örtýän gara üzümi bütin dünýä mälim etdi. Biz bolsak şol ýerde gözümizi açyp, şol üzümden iýip ulalyp, ýene onuň gadyryny aýdyp bilemizok. Fewral 05, 2014 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |