17:18 Maýmyna öwrülen oglanjyk |
MAÝMYNA ÖWRÜLEN OGLANJYK
Işe gitdi hemmeler,
Öýde ýeke galdym men,
Söz beripdim ejeme,
Betlik etjek däldim men.
Emma Myrat geläýdi,
Ýanaşykdy öýümiz.
Myradyňam, meniňem
Oýundady küýümiz.
Ilki birek-birege
Ýassyk zyňşyp oýnadyk.
Ýelekleriň guş ýaly
Daganyny duýmadyk.
Soň oýnadyk kitapdan
Gal ýasap, ýykmaşak.
Şondan soňra oýnadyk
Kim belende bökmeşek.
Böke-böke diwanyň
Sanjy etdik içini.
Soň bejerdik jigimiň
Gurjagynyň saçyny.
Soňra çalja pişigmiň
Murtlaryny gyrdyk biz.
Sabynlabam ýuwjakdyk,
Dyrnar öýdüp gorkduk biz.
Soňra gazan garadan
Ýüzümize çaldyk-da,
Gykuwlaşyp oýnadyk,
Garakçylar bolduk-da.
Garaz Güni ýaşyrdyk,
Gyzyp dürli oýuna.
Iş gutarar çaklary
Myrat gaýtdy öýüne.
Ejem gelip zeýrendi:
— Görseňizläň, baý mun-a!
Bir oňatja oglandy,
Öwrülipdir maýmyna! —
Öýi tertibe salyp,
Zähmet çekip ýadaman,
Öwrüldim men ýene-de
Öňkim ýaly adama.
Ertesi gün ejemjan
Öýkesini bes etdi.
"Indi düzeldim!" diýip,
Mähir bilen esetdi.
"Köp zähmet çeke-çeke,
Adam maýmyndan dörän!"
Diýseler, ynanaýyň,
Şeýle pikir çyn örän!
Hemra ŞIROW.
Çagalar edebiýaty
|
Категория: Çagalar edebiýaty |
Просмотров: 363 |
Добавил: Dunyagozel
| Рейтинг: 0.0/0 |
Awtoryň başga makalalary
Çagalar edebiýaty bölümiň başga makalalary