23:16 Men - Nobel baýragyna kandidat | |
MEN - NOBEL BAÝRAGYNA KANDIDAT
Goşgular
Meň jenabym - meniň redaktorym, Hergiz ykrar bilen egsilmez gorum: Saýasynda wagtym, oňa bergili, Çünki, ýazanymy, sözbaşysyny, Ol "örä ýaýradyp öz geçisini", Mähir-gazap bilen çyzýar görgüli. Men - ýönekeý bir işjanly habarçy, Kagyza wakany geçirýän jarçy. Kim näme diýse-de, çekinemok men, Piňime däl, gülýän. Ýaman atdan daşa çekilemok men, Jenap näme diýse, men şony bilýän. "Şadyýan ýaz" diýýär "süýjülik" bilen, Dagy näme, Meň peromy... pepsi-kola batyrýan. Çüýşesin çalşyrsam hezil edinýär, Makalamy "naz-nygmatdan" getirýän, Bolsa bor, jenabyň aýdyşy ýaly, Kime derkar bgaça! Aslynda özüm kim? Karz bedew dek ýazban-pozýanlara dert men goşmaça. Ynansaňyz ne arzym bar, ne bir gamly jandyryn, Ýöne "ýazyjylygyň gurbanydygyma" Min-net-dar-dy-ryn.. Korrektor okansoň belgi baryny, Goýar misli pişik dyrnaçaklan dek. Maňa näme, ýetipmi oň azary? Diýjek bolýan zatlarymyň azaby, Ýiter gider, nokat galar gözümde, Seýrek söz-sowaly bellär gaýtalan. "Okyjy düşünmez" - diýer-de jenap. Meniň öz ölçegim dykyp doldurlan... Näme hakda ýazýan? Aýdyp bilmerin, Ondan jenaýatyň gohuny syzýan, Menden garaşmaň siz özge açyşa, Ägirt pikri ownamagy öwrendim - Türgen hak-nähagy garyp-gatyşa. "Žurnalist abraýy uly!!!" diýdi il, Dogrudan-da, şeýle bolmagy mümkin! Diýdiler: "Okaýas ýazanlaryňy". menem jenap borun, siňdirsem yhlas. Beýan etsem dürli gözleglerimi, Goňşy gazetlerden ne artyk, ne pes. At galdyrys özümize, gazete, Bu ýagty jahana meşhur bolarys. Žurnalistikadan kandidat bolup, Sylaglaň birinden ýeter şeýle at: Okasaňyz (Ýeke demde on gezek!): "...Ol (- mendirin!) - No - bel baý-ra-gy-na la-u-re-at!". "haýsy gazetden - diýp, soraýaňmy dost?". Men şonda, haýsynda diňe bir özüm. Eger-de başaryp ýören bolsam men, Redaktoryň hemem okyjyň tärin. Hosseýnji EDU, Mawrikiýa. Rusçadan terjime eden Annaguly NURMÄMMEDOW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 24.05,1985 ý. | |
|
√ Kleopatra / Goşgular - 14.10.2024 |
√ Şahyr / Goşgular - 17.11.2024 |
√ Туркменский Маугли / Goşgular - 28.07.2024 |
√ Dertdir azapkeş / Goşgular - 23.05.2024 |
√ Nämeligim soran, eşit hekaýat... / Goşgular - 18.10.2024 |
√ Keýik / Goşgular - 23.08.2024 |
√ Eý, dynç bilmeýän şemal... / Goşgular - 06.08.2024 |
√ Блондинка с голубыми глазами / Goşgular - 24.07.2024 |
√ Konfusiý / Goşgular - 13.05.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |