08:03 “Menden” “Saňa” çenli… / ylmy-edebi söhbet | |
"MENDEN" "SAÑA" ÇENLI...
Magtymgulyny öwreniş
ýa-da at çalyşmalarynyň nusgawy şahyrlarda ulanylyş ýygylygy barada Täze eýýam ýurdumyza kompýuter tehnologiýasynyň giňden ýaýramagyna ak ýol açdy. Ýurdumyzda diňe bir öýde ulanylýan, ýanyňda göterilýän komýuterlerden däl-de, eýsem el telefonlaryndan, kompýuter hyzmatyndan peýdalanýanlaryň sany günsaýyn artyp barýar. Şeýle hem, hat-da ekeje orta ýa-da ýokary mekdebi kompýutersiz göz öňüne getirmek asla mümkin hem däl. Mekdeplerde kompýuter enjamy ruçkanyň, kompýuter tehnologiýasynyň bolsa görkezme esbaplarynyň ornuny eýeledi diýsek öte geçdigimiz bolmaz. Ylmy ilkinji hatarda goýmak bilen orta we ýokary mekdeplere internet ulgamlary girizildi hem-de okuwçylardyr talyplaryň internetden öz işlerinde ulanmaklaryna giň mümkinçilikler döredildi. Edebiýat meýdanynyň oragyny oran, söz mülküniň şasy diýlip halk tarapyndan ykrar edilen nusgawy şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň tematikasy ylmy iş etmek üçin diýseň uly, deňiz ýaly giň mümkinçiliklere eýedir. Biziň saýlap alan “Menden” “Saňa” çenli… gözleg-synag ylmy-edebi söhbetimizi bolsa, şol deňizden alnan ekeje damja deňäp bolar. Magtymguly, sözle her ne bileniň, Özüňe kemlik bil aýtman öleniň, Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar! diýen we özünden soňky nusgawy şahyrlara görelde bolan Magtymguly Pyragynyň döredijiliginden söz açylanda adamkärçilik, terbiýe, görelde meselesi barada aýtmak zerurdyr, aýtmazlyk bolsa kemçilikdir. Göreldäniň terbiýäniň esasydygyny, özüň ile görelde bolmalydygyny nygtaýan Magtymguly Pyragy ony şeýle beýan edipdir: Owwal, Magtymguly, özüň düzetgil, Özüňni sen özgelere göz etgil ... “Gezemek bilen”. Terbiýe, adamkärçilik meselesinde “men” we “sen” at çalyşmalarynyň täsiri örän uludygyny inkär edip bolmaz. “Men” at çalyşmasynyň bir manysyny Magtymguly Pyragy şahyrymyz aşakdaky ýaly tekrarlapdyr. Biziň pikirimizçe, ol düşündirişe mätäç däldir: Akyl ýigit söz başlamaz «men» bile … “Salar guşun aňlamaz”. Men-menlik etmegiň soňunyň idili gutarmaýandygy nusgawy şahyrymyzda şeýle suratlandyrylypdyr: Ahyry bolar sen ýerge barabar, Köňülde men-menlik ediji bolma. “Gidiji bolma”. Owwal akan ýerden akarmyş aryk, Men-menlik edeniň tanapy çüýrük, … “Läle getirmiş”. Bir güni köňlüne men-menlik gelip, Dawut kyrk oglundan aýrylmadymy? “Aýrylmаdymy”. Bu dünýäde «menem-menem» diýene, Jebir elin halk üstüne goýana, Bir ot bolur ýetim malyn iýene, Rusyýa-şermende bolar, ýaranlar. “Gаlаr, ýarаnlаr”. Biziň pikirimizçe, Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda men-menligi aňladýan «Menem» diýen jümläniň položitel, oňyn, göni manyda ulanan ýerine hem duş gelmek bolýar. Mysal üçin: «Menem» diýen goç ýigide Bir mynasyp ýar gerekdir. “Ýar gerekdir”. Muny şeýleräk düşündirip bolar. «Menem» diýmek men-menligi aňladýan hem bolsa, ýöne, biziň pikirimizçe, “goç ýigit” hem-de “jahyl” sözleriniň manysyny deň diýip hasaplasak we jahyllykda edilen işleriň hem-de aýdylan sözleriň günäsiniň “kesege ýazylýandygyndan” çen tutsak, onda bu setirler jüpüne düşendir diýip bolar. Magtymguly Pyragy ähli babatda nusga alarlyk adam, şahyr bolupdyr. Ol 1-2-nji kitaplaryndaky şygyrlarynda gelýän “men” at çalyşmasyny, aglaba ýagdaýlarda, özüni pespäl adam hökmünde suratlandyrmak üçin ulanypdyr. Mysal üçin, olaryň käbirini getireliň: Galmagaý sen meniň deý akly az-u görke baý. “Gaşy ýaý”. Ýol üstünde ölsem, ýola atsalar, Razy men üstümden basyp ötseler, “Berme pelege”. Älemde men deý ryswa, Bolan barmy, ýaranlar? “Barmy, ýaranlar”. Puşmanda men eden-etmiş kärimden, “Ýyglap geçer halymga” Men garyby-bendäniň hem eli, hem aýagydyr, “Äleme belgilidir”. Il malyna, men halyma girýanam, “Ýetişdi salym”. Erer men bir günäkäriň, hemişe aşyky-zaryň, “Bu ne terhos – töwelladyr” Men bir ajyz bende men, kemine men gullarda, “Ýüregiň gan içinde”. Hudaý-a, men ne asy — şermende guluň boldum! “Guluň bоldum”. Biz maksadymyz şu çaklaňja makalanyň çäginde “men” we “sen” at çalyşmalarynyň dil bilimindäki hyzmaty babatda gürrüň etmek däl-de, eýsem, makalanyň adyndan belli bolşy ýaly, olaryň nusgawy şahyrlaryň eserlerinde ulanylyş ýygylygy barada durup geçmekden ybaratdyr. Biz derňew işlerini geçirenimizde aşakdaky eserlerden peýdalandyk: Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanyň ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Edebiýat institutynyň alymlary tarapyndan neşire taýýarlanylyp, degişlilikde 1992, 1994 we 1996-njy ýyllarda çapdan çykan üç kitapdan ybarat şygyrlar ýygyndylary (Birinji we ikinji kitapda şahyryň öňden belli bolan şygyrlary, ilkinji gezek çap edilýän goşgulary we şahyryň halkyň dilinden ýazylyp alnan sekiz sany şygry berlipdir. Üçünji kitapda Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda saklanylýan 1123-nji bukjadaky materiallar esasynda taýýarlanylan 216 sany şygyr berlipdir. Biz olary aýratynlykda derňedik.); Mollanepesiň 1961-nji ýylda TSSR Ylymlar akademiýasynda (çapa taýýarlanlar: N.Aşyryw, B.Garryýew, A.Kekilow) çapdan çykan neşiri; Zeliliniň goşgularynyň Türkmenistanyň halk ýazyjysy Gurbandurdy Gurbansähedowyň redaksiýasy bilen 1991-nji ýylda çap edilen “Ýedigen” kitaphanajygy; Uilýam Şekspiriň Sonetler ýygyndysy (iňlis dilinde). Alnan maglumatlary bir ýere jemläp, şeýle netijäni aldyk: Alnan maglumatlara görä, “men” sözi Magtymguly Pyragynyň 1-2-nji kitaplarda has az ulanylypdyr. Ol 2.6% deň. Şeýle hem ins berip seretseňiz, ýene-de bir täsin gatnaşyga gözüňiz düşer. Gök reňkde berlen 3.30% we 5.3% sanlara üns berseňiz, Magtymguly Pyragynyň 1-2-nji kitaplarynda hem-de özüni söz mülküniň şasy diýip atlandyran Mollanepesiň şygyrlarynda ýoldaşyňa hormat goýmak manysynda “sen” sözi “men” sözünden köpräk ulanylypdyr. Bu ýagdaýa özüňi mahabatlandyrman, oňa derek ýoldaşyňa hormat goýmak, onuň bilen söhbetdeşlik guramak diýip düşünip bolar. Başgaça, bu ýagdaý “özüňni süýt bilgil, dostuňny gaýmak” diýen halk pähimine eýerilmegidir. Ýene-de bir täsinlige ünsüňizi çekesimiz gelýär. Rim sifrleri bilen bellenen II we IV sütünlere üns berseňiz, “men” we “sen” çalyşmalaryň tapawudy (3.3 – 2.6 1 we 5.3 – 4.3 1) takmynan 1-e deň. (Başgaça, bu 1 san ýoldaşyňy özüňden bir gez ýokarda goýmakdyr.). V we VI sütünlerdäki sanlaryň tapawudy (2.6 – 4.6 -2 we 4.55 – 9.0 -4) degişlilikde -2-ä hem-de -4-e deň. Göräýmäge kanunylaýyklyk saklanýan ýaly. Emma III sütünde berlen sanlaryň manysyny aýdyňlaşdyrmak welin juda cetin. Bu ýerde “sen” çalyşmanyň ulanylyşy 1-iň ýaryndan (0.45%) hem az. Gynansak hem, kompýuter bular ýaly intellektual meseleleri çözmekde entekler ejiz gelýär. Şonuň üçin bu meseläni aýdyňlaşdyrmaklygy magtymgulyşynaslara galdyrýarys. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |