17:43 Metafora | |
METAFORA
Edebiýaty öwreniş
Metafora grek sözi bolup, meňzeşligine görä at bermek diýen manyny aňladýar. Başgaça aýdanyňda, metafora bir zady görnüşi, ýerleşişi, reňki, ýerine ýetirýän işi, emele getirýän owazy we ş.m. boýunça başga bir zada meňzetmek üçin ulanylýar. Metaforanyň ilkinji ýönekeý funksiýasy, belleşimiz ýaly, at bermekdir. Hemme ýagdaýda bu at berme funksiýasy metafora däldir. Mysal üçin, kub sözi Mekgedäki gara daşdan (käbe) gelip çykandyr. Ýöne indi kub diýlende biz ony (gara daşy) ýa-da salmaýarys. Şol sebäpli hem ol metafora däldir, ol diňe obýektiň bir manysynyň ýitirilip, başga mana eýe bolunmagydyr. Mysal üçin, biz pagta “Ak altyn”, nebite “Gara altyn”, gaza bolsa “Mawy altyn” diýip at berýäris. Ýöne biz olaryň ikisini hem deň derejede ulanýarys. Haçanda olary mahabatlandyrjak bolamyzda, çeper beýan etjek bolanymyzda olaryň ikinjisini ulanýarys. Bu metaforadyr. Diýmek, sözüň metafora bolmagy üçin onuň iki häsiýetini hem duýmagymyz zerurdyr. Metaforanyň ikinji, çuň we manyly funksiýasy netijäniň aňa düşnükli bolup ýetmegidir. Başgaça aýdanyňda, metafora täze berlen at sebäpli biziň pikirimiziň diňe bir başgalara düşnükli bolmagy üçin zerur bolman, eýsem ol beýan edýän obýektimiziň manysynyň aňymyza ornaşmagy üçin hem zerurdyr. Metaforanyň adamyň pikirlenmesini, hyýalyny ösdürmekde hem roly uludyr. Ähli obýektler biziň aňymyzyň, pikirlenmämiziň çäginde ýerleşmeýär, ýagny olaryň ählisine biz dolulygyna aň ýetirip bilemizok. Şol sebäpli hem biz tiz elýeterli zatlara ýüzlenýäris we olara esaslanyp, çylşyrymly we aň ýetirmesi kyn obýektler barada düşünjeleri emele getirýäris. (Matematikada ilkinji kesgitlenilmeýän düşünjeleriň bar bolup, olar arkaly beýleki düşünjeleriň girizilişi ýaly – G.G). Diýmek, metafora kyn, düşnüksiz obýektleri bize elýeterli edýän aň serişdesidir, ýöne ol aňyň çägini giňeltmän, bize çala düşnükli obýektler barada düşünje berýär. Metafora poeziýadyr (şahyranalykdyr). Metafora poeziýanyň zanny bolup, onuň poeziýa funksiýasy oňat öwrenilendir. Käbir alymlar ylmy we poeziýa metaforasyna bir göz bilen garamaýarlar. Mysal üçin, estetikada metafora ýalkym bilen oňat zady ýagtylandyrmak diýip düşündiler. Şonuň üçin oňa hahykata akyl ýetirmegiň serişdesi hökmünde seretmediler. Bu bolsa olara poeziýanyň hem derňew maksatlaryna mahsusdygyna göz ýetirmäge mümkinçilik bermedi. Emma poeziýa ylmy derňewleri amala aşyrmak üçin iň amatly döredijilik meýdanydyr. Ylmy metafora garalyň. Matematikada meýdana, fizikada agrama san bahanyň berilmegi kem-käs hyýaly deňeşdirmäni berýär. Bu ýerden görnüşi ýaly, ylmy kanun iki obýektiň hyýaly konponentleriniň deňeşdirilmegini tekrarlamak bilen çäklenýär. Emma poeziýa metaforasy bolsa, iki anyk obýektiň doly meşzemesini tassyklaýar. Bu bolsa ylmy pikirlenmäniň şahyrana pikirlenme bilen meňzeşliginiň bardygyny tekrarlaýar. Ýöne olaryň arasyndaky tapawut aň ýetirmegiň häsiýetinde däl-de, diňe maksatlarynda ýüze çykýar. Metafora hemme ýerde duşýar, ýöne poeziýada ol iki obýektiň sähel meňzeşliginiň esasynda ýalan tassyklama doly many berýär. Hut şu ulaltma hem metafora şahyranalygy berýär. Şygryň süňňüni umumy beýan etme diýip alsak, metafora onuň zer çaýylan bölegidir. Klassik şahyrymyz Mollanepese “Yşk mülküniň şasy” diýilmegi ýöne ýerden däldir. Birinjiden, onuň döredijiliginden ruhy, yşky şygyrlaryň agdyklyk etmegi. Ikinjiden bolsa, onuň öz döredijiliginde metaforalary ýerlikli, jaýdar hem-de höwesek ulanmagydyr. Biziň derňew meýdanymyz şahyryň “Istäpki gözel ýary”, “Gözel”, “Gözelim şygyrlarydyr”. Biz bu şygyrlary şahyryň 1961-nji ýylda TSSR Ylymlar akademiýasynda (çapa taýýarlanlar: N.Aşyryw, B.Garryýew, A.Kekilow) çapdan çykan neşirinden aldyk. Şahyryň “Istäpki gözel ýary” şygrynyň çeperçiligini derňemegi biz özümize maksat edip goýmadyk, sebäbi onuň doly derňewi filologiýa ylymlarynyň doktory Aman Kekilow tarapyndan berlen (seret: A.Kekilow. Mollanepesiň ömri we döredijiligi. Aşgabat, 1962). Ýöne şeýle-de bolsa, öz pikirimizi beýan edip, makalamyzyň adyna wepaly bolup galmak bilen, bu goşguda ulanylan metaforalar, ýagny yşky, ruhy söýgüni beýan etmekde metaforalaryň hyzmaty, metaforalaryň ulanylyş ussatlygy hem-de olaryň ulanyş ýygylygy barada söhbet etmekçi. Awtor wysala gowuşmak maksady bilen, gyza peri hem diýmän, ony has mahawatlandyryp, Diýdim: «Periler hany, Sensiz näterem jany?» diýmek bilen, onuň uguny ýekeleýär. Gyz bu duzaga düşmeýär. Ol: «Bu sözüň bizge ýalgançy hekaýatdyr» diýýär. Şahyr pikirinden dänmän, hüjümini dowam edýär: «Gözüň öldürdi, gamzaň ki kylyp hasta». Soňra gyzyň az-kem gowşandygyny aňan şahyr, onuň bilen söhbet guraýar: Diýdim: «Ne tütündir bu?» Оl: «Zülpi käkilim» diýdi. Diýdim: «Ne elipdir bu?» Ýar: «Inçge bilim» — diýdi. Diýdim: «Ne şekerdir bu?» — «Şerbetli dilim» — diýdi. Bu söhbetdeşlikden soň, gyzyň özüne nebsi agyrar öýdüp, «Meni yşkyňda Köýdürme meni, eý jan!» diýip, şahyr ýene-de gyzyň ýürek taryna kakyp görýär. Emma gyz ýene-de ýan bermeýär. Ol: «Ýanyp köýmek aşyklara adatdyr» diýýär. Işi şowlamadyk şahyr soňra has intim, adamzada mahsus, haýa perdesine berk dolanan türkmen gyzynyň ýüreginden töründe gizlän zenan duýgusyna kakyp görýär: «Güli-jennet, bir dem süreli aşrat...». Zenan duýgusy berk, dogry nyşana alnan juwan gyz «Bu ne diwana?» diýip, ýan berip ugraýar. Muny aňan şahyr «Saňa perwana» diýmek bilen oňa wepalylyny bildirýär hem-de «Meniň köňlüm almazmy sen, eý zalym!» diýip, ýumşan zenan ýüregine täsirini dowam etdirýär. Özüne ýalbaryjy äheňde “zalym” diýlip ýüzlenilmegine monça bolan ýanbermezek gyz mylaýymlyk, söýgi, mähir gatyşykly äheň bilen şahyra «Ne akmak sen, halk diýr ki saňa alym» diýip ýüzlenýär. Gyzyň tora düşenini aşan şahyr ondan ötünç soraýar, şeýdibem gyzyň ynamyny gazanýar. Söýgi toruna gutarnykly düşen gyz «Synam ýaradyr» diýip, oňa içini dökýär. “Boýnuna gol salnan” gyz, şahyryň bu hereketinden däl-de, öz näzik duýgusynyň ile aýan bolmagyndan howatyrlanyp, «Duşman göredir» diýýär. Garşylyk görkezmezden ýaňagyndan öpdürse-de, haýa perdesi ýene-de gyzy öz erkine goýmaýar, ol biygtyýar: «Eý waý, bagtym garadyr...» diýýär. Şahyr hyýalynda gyzy “Ýatganda güli-gülşen” diýip taryplap, ýüregine daş baglap, onuň ýatan jaýyna barýar. “Gazap” bilen garşylanan şahyra, ahyrsoňy, hoş sözler-de, hoşwagtlyk-da miýesser edýär. Şahyr birek-birege ymtylýan iki ýüregiň duşuşygyny şeýle sözler bilen tamamlaýar: «Аşyk bile magşukdan bir-birge hoşamatdyr». Biz şahyryň şygryna öz düşünişimizi onuň ulanan metaforalaryny üsti bilen beýan etdik. Şonda şygyrdaky metafora hasaplan sözlerimizi başga reňkde, aşagyny çyzyp berdik. Olary hasaplap, aşakdaky tablisada ýerleşdirdik. • G Ö Z E L Ilki başdan söýdüm seni jan, Gözel! Tolgana sen, uýalyp her ýan, Gözel. Äleme şugla salan pisseýi-dahan, Gözel. Boz maralyň owlagy, gaşlary keman, Gözel. Ýalançyda görmedim başgaýy-jenan, Gözel. Dünýäni ýeke tutdum, bilmeý ki aman, Gözel. Yşkdan ymarat gurdum, kylyp sen weýran, Gözel. Wepa görmedim senden, eýlediň, zyýan, Gözel. Daglara seýil edäli, bu älem duman, Gözel. Piýaladyr gözleriň, gaşlary keman, Gözel. Baky berilmez bize, öter-le döwran, Gözel. Ters geledir işlermiz, pis bolmuş zaman, Gözel… Leýli, Şirin, Züleýha, Zöhre gyza taý, Gözel. Pany dünýä içinde husny äleme baý, Gözel. Goýnuň içinde reýhan seýilgähi-jaý, Gözel. Gün biläni oýnaşar şol jemaly aý, Gözel. Toty deýin suhanwer, barmaklary naý, Gözel, Kirpikleri ok bolup, gara gaşy ýaý, Gözel, Bahar möwsümi gelse, dag başynda gaý, Gözel, Аýnal-baky suwunyň düýbündäki laý, Gözel, Neçüýn meni horladyň gamzaň bilen, waý, Gözel! Ýör gideli seýilge, turgul ýerden, haý, Gözel! Saçyň misli tütündir, göwsüň jülge çaý, Gezel, Rakyp bilen sözleşme, bu käriňni goý, Gözel. Yşkyň ody tutaşdy, men pakyrpy çoý, Gözel. Hassa jana rehm eýle, zalym bolma, eý Gözel. Her biwepa namartdan taglym alma, eý Gözel, Şol sebäpden sen meni ýere salma, eý Gözel. Nahak ýerden öldürip, gana galma, eý Gözel. Külli älemi ýandyrdyň, jahana dolma, Gözel, Аşratly zaman geldi, ýas heňin çalma, Gözel. Men Nepesi ýygladyp, armana goýma, Gözel. • GÖZELIM Gözelleriň içinde belli mestan, gözelim. Ýandym, köýdüm yşkynda, örtendi jan, gözelim. Оn tördi gijäň aýy, mahy-taban, gözelim. Gördüm gül dek jemalyň, aklym haýran, gözelim. Görmegenler köýüňde tartar arman, gözelim. Gyzlar bilen baglarga kylsaň seýran, gözelim. Serwi saňa salam biýr, baksaň her ýan gözelim. Ýalançyny ýandyr sen, o şol zaman, gözelim. Gözelleriň patyşahy, şahy jahan, gözelim. Mydam seniň yşkynda men sergezdan, gözelim. Perilerge baş bolup, seýilgähe çykar sen, Аltyn, kümüş, zaberjet gül boýnuna dakar sen, Gaşa wesme, gözlere — syýa sürme çeker sen, Humaý kimin dalmanyp, çar tarapa bakar sen, Tawus guş dek daranyp, zülpüň ýüze döker sen, Nerkes gözüň güldürip, galam gaşyň kakar sen, Göz uç ilen gözleseň, Rüstem-Zaly ýykar sen, Nazar kylsaň bir sagat, dagy-daşy ýakar sen, Аdam diýrler suratyň, nurdan bolgan peýker sen Toty sözli, gül ýüzli, şekeristan, gözelim! Dürli elwan bezenip, geýinmiş ýaşyl-aly, Оl suratyň görenler bolur diwana-däli, Gül ýüzünde jemg olmuş iki gaşy helaly, Bir-birge jilwe kylgan, iki tawus mysaly, Аjap nakgaş nigärdir, ak ýüzde hindi haly, Аl ýaňakda dökülmiş, zülpüň bir hun bahaly, Her zülpüniň taryna degmes bu dünýä maly, Hijranyňda ham boldum, etgirmeseň wysaly. Öler, boýnuňga galar, aşyklaryň webaly. Günde ýüz wagt kylar sen, ýüz nahak gan, gözelim... «Mim» mübärek ýüzleriň misli mahy-tabandyr, Iki egri gaşlaryň görgen kişi haýrandyr, «Lam-elipla» gol bilen, salan, bäş gün döwrandyr. «Bi» baharyň bostany, goýnuň läle-reýhandyr, Seniň bilen bäs etgen niçik akmak zenandyr? «Dal» dowamat hijriňde, işim ahy-pygandyr, Elif kaddym läş kylgan, hesret bilen hijrandyr, Köýdüm, nun deý ham kylgan, o şol gaşy kemandyr, Bergil husnuň zekatyn, görküň ýüzde myhmandyr, Nepes diýer, maralym, bagy-bostan, gözelim. Goçdurdy GARRYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |