00:43 Sinonimler | |
SINONIMLER
Edebiýaty öwreniş
Dürli-dürli seslerden düzülip, birmeňzeş ýa-da bir-birine ýakyn many aňladýan sözlere sinonim diýilýändigini biz bilýäris. Sinonimleri nusgawy şahyrlaryň nähili derejede ulanýandyklaryna göz ýetirmek maksady bilen Magtymguly-Pyragynyň, Mollanepesiň hem-de Mätäjiniň eserlerini derňedik. Makalanyň möçberini ulaltmazlyk üçin köp ulanylýan sözleriň diňe käbirlerini görkezdik. Ahyrky tablisada bolsa olaryň tapylan sanlaryny görkezdik. Magtymguly-Pyragy Zyban – 27 Zyban seni guýende “IKI HELALAN” 1. Arap zybany görsem. “BADY-SABANY GÖRSEM” 2. Inçe bil, şirin zyban, kepder topuk sen, gaz boýun, “NOWRUZDAN SENI” 3. Jana jebriň artdyrdyň açdykça zyban, eý, dost! “SED JAN, EÝ, DOST” 4. Gonsa dilber, bu köze, Zyban geler her söze, “MEŇZÄR HÖKÜMLI” Dil – 18 1. Ýaman dil – ýol ýitirer, “DIŞ GITMEK” 2. Zynhar el üzmegin dil bilen dostdan “GАM BILE” 3. Niçeler dil çeýnäp dursa gerekdir. “GELSE GEREKDIR” Meňiz - 0 Ýüz - 101 1. Ýüzi hem bolsun görkana. “HER ÝANA” 2. Ne laýykly ýüzüm bardyr tutarga, “ÝAR BIZIM SARY” 3. Görmeýinçe gül ýüzüňni, bikararam, dogrusy, “BIKARARAM, DOGRUSY” 4. Alma zenehdana, bu kümüş ýüze “MEŇZÄR HÖKÜMLI” Roý - 4 1. Diýdim: «Ýüzde hallar bar». Diýdi: Roýda güller, heý». “KÖŇÜLDIR WEÝRAN” 2. Ogly hoşroý bolsa edermişler şat, “AHYRZAMANA” 3. Gerek hoşroý perizady ýigidiň. “ZALETI ÝIGIDIŇ” 4. Söz diýmäge dergahyňa ýokdur taky roýum meniň. “JEMАLYŇ GÖRGELI” Dide - 10 1. Ol dideýi-dildardan bolmagaý sen bibähre, “GAŞY ÝAÝ” 2. Dideden ýaş döküp, synam çäk edip, “BOLDUM GIRÝANA” 3. Keýpi hal bilgen kişiniň didesi nemnäk olar, “NASKEŞ” 4. Säher didelerme oýag ýetişse. “ÝETIŞSE” 5. Ýürek yşkdan dola, dide nem bile. “GАM BILE” Göz - 12 1. Turup, Magtymguly gözün açypdyr, “«TURGUL» DIÝDILER” 2. Pelek muşty häk etmeýen gözüňni, “GALYP MEN” 3. Eşk gözden rowan oldy, “IKI HELALAN” 4. Halal lukma ýagtylyk biýr gözlere, “BIR GÖRÜP GITSE DAŞYMDAN” 5. Dul gözüne garry näzenin bolar, “BERME PELEGE” Ser – 300+ 1. 300 töweregi (baş) – 300+ 1. 300 töweregi Dodak - 2 1. Gurysa dodaklar, bolmasa sözler, “KEÇDIR, ÝARANLAR” 2. Dodak synasynda, tili garnynda, “GАLАR, ÝaRАNLАR” Leb - 8 1. Tili süýji lebi handan, “KEREM ISLÄRIN” 2. Lebi şeker, agzy gunça, “AÝRYLDYM” 3. Eý, lagly-lebi göwher – “GÖZÜM DÜŞDI” 4. Leblerinden akan baly, “GÜLE MEŇZÄR” 5. Lebleri şekerden mazaly geldi. “KÜLAHLY GELDI” Ýaňak - 1 1. Badam gabak, alma ýaňak, “KEREM ISLÄRIN” Zenahdan - 0 Dahan - 14 1. Bijanlar jana gelip, açarlar dahan peýda, “DUMAN PEÝDA” 2. Döküler gaýdyp dahanyňdan pohuň-böwliň seniň. “PÄLIŇ SENIŇ” 3. Lap edip dahan doldurma, “BAŞ ÜSTÜNE” 4. Gaýgy birlen dahanyňdan diş döker. “DAŞ DÖKER” 5. Sibi-zenehdanly, gunça dahanlar, “PAÝANY BOLMAZ” Agyz - 4 1. Kişi bilmez, bir agyzsyz ýaradyr. “PARA-PARADYR” 2. Il agyzy ala bolar, “ZАMАNА АHYR BОLАNDА” 3. «Rasdyr» diýp açdy agyz, “SÖZÜM BАR” 4. Аždarha dek açyp agyz, nebsiňni bir öltürmediň, “BОLUR ER АNDАDYR” Saç - 7 1. Egsikleriň saç ýaýarlar, baş döküp, “IGLÄRLER” 2. Egsikler saç ýaýyp, düşer lerzana, “BAKA-BAKA GIDER SEN” 3. Bir hat bardyr ol Patmanyň saçynda, “GÖKDEN INMEZ, ÝARANLAR” 4. Bag içinde Bulkysyň saçyn açyp gördügim, “BILMEZMIŇ” 5. Eý, zülpi, saçy anbar, “GÖZÜM DÜŞDI” Zülp - 13 1. Zülpi garadan aýryldym. “AÝRYLDYM” 2. Eý, peri, zülpüň feri, walla, seniň deý huplara, “BIKARARAM, DOGRUSY” 3. Syýa zülpüň suratkärdir dökümli. “MEŇZÄR HÖKÜMLI” 4. Her zülpüne bir bende, “AÝA DÖNDI” 5. Özi gaýyp, zülpleri ýeldaýa aşyk bolmuşam, “AŞYK BOLMUŞAM” Beden - 8 1. Jan galmady bedende, “AÝA DÖNDI” 2. Bedeniňden sorar ganyň, gybatkeş! “GYBATKEŞ”. 3. Kamaty serwi dek näzik bedenler, “PAÝANY BOLMAZ” 4. Hyýalyndan çykmaýyn, bedenine erki ýetmez, “ZYÝAN GÖRSE” 5. Köňül bir beden şahydyr, “KÖŇÜL JOŞGUNDADYR” Ten - 78 1. Sanyram ölmezden owwal tende janym galmaz-a. “GALMAZ-A” 2. Din gylyjyn ursam, tende zorum ýok, “HALYMA MENIŇ” 3. Syzzyldaşar tenim Eýýup teni dek, “PARA-PARADYR” 4. Ynsan şerarymdan eser tapsa, teninden jan çykar. “JAN ÇYKAR” 5. Tä nepes tendedir, tende jan bardyr, “IÇMEÝIN JAMYM" Mollanepes Zyban - 23 1. Müň hünär geler zybandan, “GITDIM” 2. Dürdäne ýaýradan şirin zybandan, “GULUM AMANMY” 3. Gözeller üýşerler, bir zyban kakar. “KAKAR” 4. Goşmaz zyban bilbiller, toty dahan, ýar, saňa! “BÄRI GEL” 5. Senin waspyň ýazar men ger gelse söz zybana, “Guba gazym” Dil - 19 1. Kem zehine, kelçik dile ýaraşmaz. “ILE YARAŞMAZ” 2. Bir gazal ýazdym dilimden, “Ýar bir ýana, biz bir ýana” 3. Meşhur olan garyp dilim amanmy? “GULUM AMANMY” 4. Lal bolar, bir sözün almaz diline, “KAKAR” 5. Aýlanaýyn dahanyňdan, diliňden, “NÄZLI ÝAR” Meňiz – 0 Ýüz – 13 1. Ýel degip, göterdi ýüzde desmalyn, “HAÝRANA GALAR” 2. Gara zülpüň ýüzde ýüz-ýüz bölündi, “KÖŇLÜM” 3. Diýdim: «Ak ýüzde hallar...» Diýdi ki: «Reýhan erer», “DIYDI: «AYT ARZYN, MYHMAN!»” 4. Gurban olam başyňa, ak ýüzde goşa hala, “DILBER” 5. Ajap nagşy-nigärdir, ak ýüzde hindi haly, “GÖZELIM” Roý - 20 1. Görüp roýum ol gülüstan, “GULGE ROWAN” 2. Diýdim: «Gül dek roýuň üçin», “GULGE ROWAN” 3. Gözýaşymdan reňgi-roýum boýalyp, “DILBER-Ä” 4. Süleýman dek roýun tutdy ummana, “Oýatmadyň, näzli ýar!” 5. Utanyp roýuňa baka bilmedim. “ÇYKA BILMEDIM” RDide - 2 1. Musulman ähli hoşnutdyr, kapyrlar didesi girýan, “GELDI” 2. Ktiffar iliniň didesi girýana gelendir. “JANA GELENDIR” RGöz – 4 1. Nägä göz ümlese gider ör bilen, “AŇSA” 2. Söwdügim, gözüň bilen? “GÖZÜŇ BILEN” 3. Gara gaş, gözüň bilen. “GÖZÜŇ BILEN” 4. Aldy menden, goýmady, bul şemgy-iman gözleriň. “GÖZLERIŇ” We ş.m. jemi 200-den göwrak RSer - 17 1. Serkerde bolup ser göterip, aýny mahalda, “JANA GELENDIR” 2. Hana ilat gerek, ile ser gerek, “ILE YARAŞMAZ” 3. Bütin janym çykyp gitdi serimden, “DILBERIM” 4. Nepes diýer, serim, ýar, saňa gurban, “KÖŇLÜM” 5. Aýrylmaz serimden dumanym menin. “BU JANYM MENIN” Baş – 37 1. Bu başym yraga goýmaly boldum. “Gitmeli boldum” 2. Bir bilbil aýlandy, gondy başyma. “BAŞYMA” 3. «Çyksam men başyňa, bir gonsam» diýer. “Görsem diýer” 4. Mejnun men, başymda ýokdur teşwüşler, “ÇYKA BILMEDIM” 5. Gözüm ýeter, çoh söwda bar başymda, “ÇYKA BILMEDIM” 6. Gara gotaz, altyn gupba başynda, “BITEN GYZ” Dodak – 5 1. Gül ýapragy dodaklaryň, “ÝAGTY JAHANA GÖZELIM” 2. Meý ber ki dodakyňdan. “PYRAKYŇDAN” 3. Emaý bilen dodak basdym gaşyňa, “DILBERIM” 4. Pisse dodaklaryň, bal agyzlaryň “HESERLI” 5. Gül kimin dodakly, dürdäne dişli, “BEDEWDIR” Leb – 16 1. Handa kylsaň, lebleriň ýüz müň ölükni tirgüzer, “GÖZLERIŇ” 2. Dişiň düre meňzär, lebleriň bala, “BITEN GYZ” 3. Şirindir lebleriň miweden, gelin. “OWADAN GELIN” 4. Hup çekilmiş kamatyň, nurdan bitilmiş lebleriň, “GÖRMEDIM” 5. A1 ýaňagyň almadyr, lebiň gant bile hurma, “Guba gazym” Ýaňak – 9 1. A1 ýaňakdan derin akdyr, “HAÝRANY MEN” 2. Ogşaýyr al ýaňaklaryň “ÝAGTY JAHANA GÖZELIM” 3. Gäh alma ýaňakyňdan. “PYRAKYŇDAN” 4. A1 ýaňaknyň şerbetinden dil bilen “DILBER-Ä” 5. Alma-ýaňaklaryň, güler-ýüzleriň, “Owadan gelin” Zenaňdan – 3 1. Görmüşem çahy-zenahdan üzre zülpün tary-tar, “BIR GÖZEL” 2. Alma zenahdana, simin sakaga, “BU JANYM MENIN” 3. Bilbil zenahdan, güňarly, “MOLLANEPES” Dahan – 14 1. Asal ezgil dahan içre tillerde, “AŇSA” 2. Dürler saçar ýar dahandan, “GITDIM” 3. Bir sebäpden gapyl galyp, dahana “OÝATMADYŇ, NÄZLI ÝAR!” 4. Umydym bar, bir dem sorsam dahandan, “GULUM AMANMY” 5. Tarypyň aýlanar sözden dahana, “MAHMALYŇ ÇETI” Agyz - 7 1. Agyz diýen etmez, tilden uýalar. “GÜLDEN UÝALAR” 2. Pisse dodaklaryň, bal agyzlaryň “HESERLI” 3. Kagyza salyp nagş et ol serwi-huramany. “OL NÄZLI GADYRDANY” 4. Wasp eder men barça endamyň seniň kagyzdan ak, “SERBESER” 5. Ak kagyzga çekilen göýa jezwel mysaly, “GÖZELIM” Saç – 28 1. Turup görsem, tylla saçyň! “SAÇYŇ” 2. Şana ursaň ýalkym saçar, “SAÇYŇ” 3. Gara saç arkan aganda, “SAÇYŇ” 4. Ýalpyldysyn gara saçyň “GITDIM” 5. Rehmet nurun saçdym gitdim. “GITDIM” Zülp – 35 1. Gara zülpüň ösüşiniň, “HAÝRANY MEN” 2. Syýa zülpde ol şany men. “HAÝRANY MEN” 3. Eý, zülpi ýüz para-syýa, “ÝAGTY JAHANA GÖZELIM” 4. Ir säherden zülpüň darap, “ÝAGTY JAHANA GÖZELIM” 5. Şana alyp, syýa zülpün daraýşy, “GÜLDEN UÝALAR” Beden - 5 1. Aklykda bäs eýlär beden, “Nary bilen” 2. Bolmaz özüň kimin gül beden gelin “Owadan gelin” 3. Gül beden, gülgün reň, dony zerefşan, bäri gel, “BÄRI GEL” 4. Inçe bil, näzik beden, alma ýaňak, badam gabak, “SERBESER” 5. Gözleri adam sypatdyr, misli kirpi dek beden, “ZERRIN MUNAKGAŞ KAÝSYDYR” Ten – 23 1. Bes, meniň köýgen tenimge galdy haýran gözleriň. “GÖZLERIŇ” 2. Gamzaň oky tenden ötdi, “ÝAGTY JAHANA GÖZELIM” 3. Näzik tenden, inçe bilden gol salyp, “DILBER-Ä” 4. Hemmeler teniňni bir görsem diýer. “GÖRSEM DIÝER” 5. Hanjaryň janymda, oklaryň tende, “HIÇ GÖRMEDIM ILLERDE” Mätäji Zyban – 5 1. Danyşanda hoş zybany gerekdir. “GEREKDIR” 2. Eger zybandan dür saçar,“HAR BOLSA” 3. Şam-u-säher zyban birlen tutarlar,“KAÝSYDYR?” 4. Kimselere zyban bermän diýesi“ÖTENDIR” 5. Zybanyň şerbetdir, lebleriň hurma.“YRAKDA DURMA” Dil – 11 1. Jany-dil bilen ýapyşsa,“ÝOL BILANI” 2. Öz dilimden galdym derde,“AZAT EÝLÄŇ” 3. Yşanyň sözüme, birniçe dildar,“GEÇDI ÝARANLAR” 4. Säher senaga dursa, tüketmez bilbil dilni,“AÝPERI” 5. Danyşsak hylwat ýerde, dilleriň ne ajaýyp,“DILBER” Meňiz – 0 Ýüz – 15 1. Magşarda bolar gara ýüz,“BÄHIM EDER” 2. Biykraryň gara ýüzi,“AZAT EÝLÄŇ” 3. Harsydünýä, haýa ýokdur ýüzünde,“KAÝSYDYR?” 4. Çyn ýüzleri mahy-taban ötendir.“ÖTENDIR” 5. Kä garadym nämähremiň ýüzüne,“GEÇDI ÝARANLAR” Roý – 1 1. Roýuň şeýle röwşenli, elbetde, Aý sendedir,“DILBER” Dide – 0 Göz – 24 1. Gan dolandyr göze bu gün.“AÝDYŞYK, Aman han – Söýeg beg” 2. Alma göz, badam gabak, muýy burnuna dökülen,“BEDEW” 3. Nämährem sary baksa göz,“BÄHIM EDER” 4. Niçäni göz bilen gaşdan aýyrdy.“JOŞDAN AÝRYLDY” 5. Ýoldadyr ýarymyň gözi,“AZAT EÝLÄŇ” Ser – 4 1. Serpilmez serinden sed müň hyýaly,“GEREKDIR” 2. Serpilmedi serimden, deraz boldy derdeser,“DILBER” 3. Ýene duman geldi serme,“ZÜLPÜŇ SENIŇ” 4. Gözümiň röwşeni, serimiň täji,“MÄMELERIŇ” Baş – 5 1. Aýak ile baş bolanda,“GETIRER” 2. Çatlap agyr başym aýlap,“DIŞ AGYRY” 3. Ýaşyl başly ýaş gelin, ak öýlerňiz haýrandyr,“GALDYM WEÝRAN DÜNÝÄDE” 4. Paşmagny göter başyňa,“HAR BOLSA” 5. Bir gowgaýa galdy başym,“ZÜLPÜŇ SENIŇ” Dodak – 1 1. Ýuka dodaklary nabatdyr, gantdyr, “GYZYŇ” Leb – 4 1. Kempi lebli, ketde dahan ötendir.“ÖTENDIR” 2. Men teşnäni bir gandyr lebiň suwy biläni,“DILBER” 3. Dendany dür, lebi hurma,“ZÜLPÜŇ SENIŇ” 4. Zybanyň şerbetdir, lebleriň hurma.“YRAKDA DURMA” Ýaňak – 1 1. Meňzi päkize olsun, özi al ýaňak, “HOŞ OLSUN” Zenaňdan – 0 Beden – 1 1. Eswetil-aýn, sefit beden, ak damak,“HOŞ OLSUN” Ten– 0 Dahan – 1 1. Kempi lebli, ketde dahan ötendir.“ÖTENDIR” Agyz – 0 Saç – 5 1. Huşum aldy belli saçyň.“SAÇYŇ” 2. Men Mežnunam, Leýli saçyň barmydyr,“MÄMELERIŇ” 3. Syýadan garadyr saçy,“BILEN BARMY?” 4. Gara saçyň gara dagyň şamary,“YRAKDA DURMA” 5. Timar bergin saçlaryňa.“DIŞLERIŇE” Zülp – 8 1. Ertir-agşam sypasam, zülpüň uzar, Aýperi.“AÝPERI” 2. Syýa zülpün zenehdana döküpdir,“GYZYŇ” 3. Çykar gara zülpüň seniň,“ZÜLPÜŇ SENIŇ” 4. Zülpleri zenehdanyndan“ZÜLPÜŇ SENIŇ” 5. Nury-didäm, nukta hallar, zülpi tar elden gider.“ELDEN GIDER” Tablisada sarylanan 5 we 6-njy sütünlere seretseň, Magtymguly-Pyragynyň dodak we ýaňak sözleri Mollanepese garanyňda sähel azrak, 9-njy sütünde az ulanandygyna göz ýetirmek bolýar. Galan 6 sütündäki sözleri Magtymguly-Pyragy has köp ulanypdyr. Magtymguly-Pyragy göz, ýüz, ser, baş sözleri, Mollanepes göz, ýüz sözleri, şeýle hem ol saç we zülp sözleri Magtymguly-Pyraga garanyňda köp ulanypdyr. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |