00:55 Mollanepesiň döredijiliginde meňzetmeler | |
MOLLANEPESIÑ DÖREDIJILIGINDE MEÑZETMELER
Edebiýaty öwreniş
Nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň döredijiligi dürli babatda, dürli nukdaý nazardan öwrenilýär. "Yşk mülküniň şasy" yşky dünýäde gaýtalanmajak yz galdyryp gidipdir. Şol sebäpli hem yşk mülküniň şasynyň yşk dünýäsiniň şasyna öwrülmegi bolaýmaly, adaty ýagdaý. Duýguçyl şahyrymyz Mollanepes çeperçilik serişdelerini ulanmakda ussatlyk görkezen şahyrdyr, sebäbi duýga gaplanmazdan gözelligi, şeýle hem gözeli ajaýyplyga meňzedip bolmaz. Nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň metaforalary, epitetleri öz döredijiliginde ulanyş ussatlygy barada söz açypdyk. Duýga durşuň bilen, ýagny tutuş durkuň bilen berilmezden, çeper beýan etmäni şeýle ýokary derejä göterip bolmajakdygy her kime düşnükli bolsa gerek. Durky bilen duýga öwrülen Mollanepese yşk dünýäsiniň köptaraply, öwüşginli şirin owazly waspçysy diýmäge esaslar onuň döredijilinde diýseň köp. Bir görseň-ä yşk mülküniň şasy, bir görseňem onuň gedasy, başga bir pursat bolsa, yşk oduna özüni pida edýän şahyryň dili bilen “al ýaňak, pisse dahan, sadap diş, gülgün beden ...” diýlip wasp edilýän gözel bir-de perizada, bir-de bolsa, aždarha meňzedilýär. Aldym-berdime salýan bu pursatdan baş çykaryp bilmän oturan okyjy, birdenem, ol gözeliň perileriň şasyna öwrülendigini duýman galýar. Duýgy dumanyna aklyna aldyran biçäre okyjy hem hyýallar dünýäsiniň çuňlulyna biygtyýar aralaşýar. Şeýdibem ol yşk dünýäsiniň ummanynda gulaçlap ýüzýär. Mollanepese mahsus bu ýagdaýy onuň döredijiliginiň her bir pursatynda görmek bolýar. Bu, elbetde, beýan edilýän ajaýyplyga meňzedilýäniň dürli häsiýetlerini açyp görkezmek, ýagny ulanmak bilen amala aşyrylýar. Aždarha sözüni ulanyşyna üns bereliň. Aşakdaky setirlerde aždarha saça meňzedilýär: Saçyň saklaw aždarhadyr, Оl genji-käne, söwdügim. “Söwdügim” Örüm-örüm saçyň — owsunjy aždar, “Rähm etmezmiň hаlymа” Ýokarky setirlerde aždarha saça ýa-da “genji-käniň” sakjysyna meňzedilýän bolsa, aşakdaky setirlerde şahyr aždarhany şol “genji-käniň” özüne meňzedýär: Çünki nary — aždary ol git diýip perman erir. “Reýhаn erir” Elbetde, bu deňeşdirmeleri hem az görüp, şahyr aşakdaky setirlerde perileriň şasyny hut aždarhanyň özüne meňzedýär: Аždarha dek tolgunyp, ýüzüň bizden öwürme, “Guba gazym” Mollanepesiň şygyrlarynda adam agzalary bilen baglanyşykly meňzetmelere köp duş gelinýär. Meňzetmeleriň ýasalyş usulynyň köpdügi hemmä mälimdir. Emma biz şu makalamyzda diňe adam agzalary bilen baglanyşykly we dek, deý (deýin), göýä, misli, mysaly, kimin, ogşar ýaly sözler ulanylan meňzetmelere seretmegi maksadalaýyk tapdyk hem-de olaryň ulanylyş ýygylygyny öwrendik. Dek Göýä bir nowça nahal dek bir-birimize ýetişip... “Bäri gel” Gördüm gül dek jemalyň, aklym haýran, gözelim. “Gözelim” Tawus guş dek daranyp, zülpüň ýüze döker sen, “Gözelim” Gähi nahal dek çyrmaşyp, “Zary bilen” Sen dek jenana, söwdügim “Söwdügim” Gül dek ýüzüň açdym gitdim “Gitdim” Joşsam, dostlar, men umman dek, Dünýäni tutsam duman dek, Nepes diýer, ol taban dek “Arzuw eýlär” Dostlarym, reýhan dek solmaly boldum. “Gitmeli boldum” Süleýman dek roýun tutdy ummana, “Oýatmadyň, näzli ýar!” Misli dogan aý dek göwsüňniň agy, “Ýadyma düşdi” Seýle çyksaň, ak jeren dek böker sen, “Hiç görmedim illerde” Kim aşyk boldy men dek, sen dek marala dilber, “Dilber” Sen dek gözel bu mekanda tapylmaz. “Tapylmaz” Dilber-ä, şemsi-kamar mah-taby sen dek bolmagaý, Sen kibi näzik gözel älemge gelgeý, gelmegeý, Аsly nury-päk sen, özgäni sen dek kylmagaý, ' Аýsuluny görgeniň köňlünde arman galmagaý. Iki älemde seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý. “Älemge gelgeý, gelmegeý” Horezminde bir seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý. “Älemge gelgeý, gelmegeý” Garakölde bir seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý.. “Älemge gelgeý, gelmegeý” Külli Horasanda seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý. “Älemge gelgeý, gelmegeý” Bir seniň dek tapmadym, gezdim şu külli ilini. Garaman ilinde sen dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý. “Älemge gelgeý, gelmegeý” Din-Harezminde seniň dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý. “Älemge gelgeý, gelmegeý” Köňlümnin tagtynda sen dek ýa-ha bolgaý, bolmagaý. “Älemge gelgeý, gelmegeý” Gyrmyzy gül dek ýüzi, kaddy zerefşan bir gözel, “Bir gözel” Hassa köňlüm dalmynyp, göýä kuýun dek bikarar, “Bir gözel” Sen dek gözel tapylmaz, hury-gulman içinde, “Dilber” Isgender dek hökümli, Süleýman dek adyl şah, “Dilber” Ýüz meniň dek aşyky-serkeşde haýran örtenir. “Jan örtenir” Аždarha dek tolgunyp, ýüzüň bizden öwürme, “Guba gazym” Görmedim hergiz jahan bagynda sen dek gülgüzar, “Serbeser” Deý (deýin) Diýdim: «Senin, deý şalar...». Diýdi: «Ýokdur bigüman». “Diýdi: «Аýt arzyň myhmаn»” Diýdim: «Gel imdi tutaý». Diýdi: «Gül deý çyrmaşyp …» “Diýdi: «Аýt arzyň myhmаn»” Toty deýin suhanwer, barmaklary naý, Gözel, “Gözel” Çolaşyp hem çyrmaşyp, ýag ile süýt deý gatyşyp, “Bäri gel” Köýdüm, nun deý ham kylgan o şol gaşy kemandyr, “Gözelim” Elip deý kamatyň ýaýdyr, “Nаzаr kylsа dişleriňe” Gury agaç men deý ýanarmy? “Söwdügim” Mämeler göwsüňde nar deý, Tolkun urar ol Hazar deý, Boýnuma dolanyp mar deý, Gysar seniň tylla saçyň. “Saçyň” Mar deý tillerin uzadyp, “Saçyň” Emaý bilen gül deý ýüzüň açar men, “Dilberim” Perwana deý, ýar degräňde uçar men... “Dilberim” Maňa garçgaý guş deý bakar günüdir. “Günüdir” Ýusup deý gider men, ýar, oýanmadyň. “Oýanmadyň” Sen deý ýaratmamyş gözel dünýäde, “Görsem diýer” Ne ajap gözel sen, özüň deý barmy? “Çykа bilmedim” Görmedim seniň deý, owadan gelin. “Оwаdаn gelin” Ýer ýüzünde sen deý perizat olmaz, “Оwаdаn gelin” Sen deý gözel gelmez ýalan jahana, “Köňlüm” Sen deý gözel hiç görmedim illerde, “Hiç görmedim illerde” Sen deý gözel bolmaz günde, kuýaşda, “Tapylmaz” Sen deý gözel bu jahanda tapylmaz... “Tapylmaz” Yşkyň içre bir meniň deý çeşmi-girýan görmedim, “Görmedim” Keşt edip älemni, sen deý mahy taban görmedim. “Görmedim” Gün ýüzüň şuglasyndan zerre deý muzterip men, “Piýala” Ömri saly örtenir, hijrinde men deý majera, “Bir gözel” Sahyry-käpirde ýok nerkes gözi deý jadygär, “Bir gözel” Nägäh zülpuň towy deý, köňlüme salma burma, “Guba gazym” Eý gözelim seniň deý, gelermi bu jahana, “Guba gazym” Diýdiler, sen deý gözel Rum, Ispyhan şährinde bar, “Serbeser” Kadyr özi rehm etgeý men deý ki namydara, “Nаzаryn sаlаn köňlüm” Gajar beg deý, Durdy han deý pälwanlar! “Köňlüm” Käkilik deý ýorgalap, boz balaman deý bakyşyň, Mislini destan edeý, misli jeren deý böküşiň, Ýola düşseň ýorgalaşyň — käkilik deý sekişiň, “Bedew” Göýä (göýäki) Göýä bir nowça nahal dek bir-birimize ýetişip... “Bäri gel” Lybasyndan çykar naryň öwsümi, Barsaň, golaý göýä habar möwsümi, “Gire bilmenem” Pelek turdy, göýä bizge bars oldy, “Gire bilmenem” Göýä pasly bahar açylan güldür, “Köňlüm” Hassa köňlüm dalmynyp, göýä kuýun dek bikarar, “Bir gözel” Gözden akar ganly ýaş, göýä aby-jeýhundyr. “Dilber” Jürmi-günä boýnumda, göýäki seňgi-hara. “Nazaryn salan köňlüm” Göýäki gandu-asal, söz gursa her güftaryda, “Mertleriň merdanydyr” Kimin Humaý kimin dalmanyp, çar tarapa bakar sen, “Gözelim” Derýalar men kimin daşmaz, “Söwdügim” Hergiz dogmaz özüň kimin aý imdi. “Ýaý imdi” Bolmaz özüň kimin gül beden gelin. “Owadan gelin” Görmedim dünýäde sen kimin dilber, “Gyz” Seniň kimin gözel bolmaz jahanda, “Gyz” Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda. “Hiç görmedim illerde” Jeren hem sen kimin bökmez çöllerde. “Hiç görmedim illerde” Zöhre kimin Tahyr diýp, tyg üstüne böker sen, “Dilber” Zenehdanyň nun kimin, nukta içinde haldyr, “Dilber” Özi kimin ol mekanda tapylmaz. “Tapylmaz” Tuby kimin boýun egşim, ragna kaddy-nahala, “Piýala” Оwsun kimin bu çeşmim özge ýana seretmez. “Seretmez” Tarlan kimin dalmynyp, akyl-huşum alyp sen, “Seretmez” Ertir-agşam çykar sen, tawus kimin daranyp, “Dilber” Mejnun kimin ýyglar men, ýar, goýnuňa salmasaň, “Dilber” Lal edýär bilbillerini bu toty kimin owazlaryň, “Jan örtenir” Dalmynyp laçyn kimin, her bakyşyň ýüz müň tümen, “Serbeser” Sen kimin şeýda uçup gonmaz Eremniň bagyna, “Mertleriň merdanydyr” Misli (manendi) Ýagşy zen suhanwer, bolsa sypaýy, Ýüzi misli mahtap, on tördi aýy, “Аňsа” Saçyň misli tütündir, göwsüň jülge çaý, Gözel, “Gözel” «Mim» mübärek ýüzleriň misli mahy-tabandyr, “Gözelim” Misli badam gabaklaryň, “Söwdügim” Misli anbar — gyzyl nardan Öpsem diýip, arzuw kyldym... “Arzuw kyldym” Misli dogan aý dek göwsüňniň agy “Ýadyma düşdi” «Mim» mübärekde jemalyň, gaşlary misli keman, “Görmedim” Gaşy eswetginesidir misli keman kiçgine, “Kiçgine” Mislini destan edeý, misli jeren deý böküşiň, “Bedew” Saçlaryň manendi mary-sünbüller, “Ýadyma düşdi” Mysaly Bir-birge jilwe kylgan, iki tawus mysaly, "Gözelim" Ogşar (Meňzär) Helal gaşyň ogşamazmy kemana? “Rähm etmezmiň halyma?” Hurşyt ýüzüň ogşar genji-nahana. “Rähm etmezmiň halyma? Boýuň şejerge ogşar, ýüzüň zülala, “Biten gyz” Elip dek kamatym ogşady dala, “Ýadyma düşdi” Saçlary sünbülge ogşar, gözi nerkesden gara, "Bir gözel" Tablisalara üns beren bolsaňyz, onuň düýp söz setirindäki sözler, köplenç, adam agzalaryny aňladýar. Indi şahyryň meňzetmeli setirlerinde adam agzalarynyň näçe gezek gaýtalanýandygyny, ýagny olaryň ýygylygyny görkezýän tablisany düzeliň. Ýokarda getirilen maglumatlar türkmen dilçilerine öz işlerinde azda-kände kömek etmäge ýaramly bolsa, “Mollanepesiň şygryýeti adamzat kalbynda peris duýgulary oýarýan, zehini taplaýan iň ajaýyp, iň gözel we näzik gymmatlykdyr” diýip, taryplanan "yşk mülkiüniň şasynyň" döredijiligini öwrenmekde biziň hem öz güýçýeterli goşandymyzy goşdugymyz bolardy. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |