11:20 Mollanepesiň döredijiliginde epitetler | |
MOLLANEPESIŇ DÖREDIJILIGINDE EPITETLER (SYPATLANDYRMALAR)
Edebiýaty öwreniş
Ýa-da Al ýaňak, pisse dahan, sadap diş, gülgün beden... Nusgawy şahyrymyz Mollanepesiň şahyrana döredijiligi giden bir umman. Şol ägirt ummandan bir damjanyň – sypatlandyrmalaryň – şahyryň döredijiliginde ulanylyş ussatlygynyň türkmen edebiýatynda nusgalyk derejededigi şübhesizdir. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda bilime uly üns bermek bilen, kompýuter tehnologiýasyny, innowasion usullary, interaktiw tagtalary, multimediýany okuw prosesinde, ylmy işler ýazylanda ulanmaklyga giň mümkinçilikleri döretdi. Kompýuter tehnologiýasynyň hyzmatyndan peýdalanyp, sypatlandyrmalaryň nä derejede ulanylandygynyň hasaplanylmagy we tablisa görnüşinde beýan edilmegi bolsa olar barada okyjylara has aýdyň düşünje berýär. “Zöhre-Tahyr” dessanynda: “Yşk mülküniň şasy men, gaşymda mähremim ýok ...” diýip, özüni “Yşk mülküniň şasy” hökmünde atlandyran Mollanepesiň yşky şahyrana setirleri çeperçilik serişdelerine örän baý. Mollanepes şahyr çeperçilik serişdesi bolan epitetleri hem öz döredijiliginde jaýdar ulanmagy başarypdyr. “Epitet” grek (epitheton - goşmaça) sözi bolup, ol söz düzümini täze many öwüşgünli duýga gaplaýar. Sözüň haýsam bolsa bir alamatany ýa-da ol barada ýatda galyjy anyk sypatyny tekrarlaýar. Mundan başga-da epitet söz düzümine ýokary derejede kämil öwüşgin berýär. Mollanepesiň şygyrlarynda adam agzalary bilen baglanyşykly sypatlandyrmalara (epitetlere) diýseň köp duş gelinýär. Şol sebäpli hem Mollanepesiň döredijiliginde zyban (dil), dodak (leb), diş, bil, beden, ýaňak (zenahdan), göz, gaş, gabak, boýun, boý, barmak, saç, zülp, dahan, göwüs, ýüz ýaly agzalaryň sypatlandyrylýan setirlerini öwrenmek maksadalaýykdyr. Şeýle setirleri okap, olaryň ýöne bir gep ugruna ulanylaýman, eýsem metaforalara hem-de meňzetmelere gaplanyp, ganatly setirler hökmünde okyjylara ýetirilmeginiň şahyryň döredijiligine has hem öwüşgin çaýýandygyna göz ýetirip bolýar. Biz derňewlerimizde Mollanepesiň 1961-nji ýylda TSSR Ylymlar akademiýasynda (çapa taýýarlanlar: N.Aşyryw, B.Garryýew, A.Kekilow) çapdan çykan neşirinden peýdalandyk. Şeýle hem käbir sözleriň düşündirişini Aşyrpur Meredow bilen Sapar Ahallynyň taýýarlan “Türkmen klassiki edebiýatyň sözlügi” atly kitabyndan aldyk. Beden Aşygyň göwnüniň höwesi, islegi magşugy. Islenilýän zadyň magtanylmaga mynasyp boljakdygy düşnükli. Aşyk magşuguny näzik diýip wasp edýär. Mollanepes şol sebäpli hem magşugynyň wysalyna zar aşygyň dili bilen şeýle diýýär: Inçge bil, näzik beden, alma ýaňak, badam gabak, “Serbeser”. Ýöne aşyk ýigit bu sözi gaýtalamakdan ýadamaýar, gaýtam ýokarky setirlerde ony diňe wasp eden bolsa, aşakdaky setirlerde onuň bilen bile bolmagy arzuwlap, şeýle diýýär: Näzik tenden, inçe bilden gol salyp, “Dilber-ä”. Aşyk-bilbil näzik bedenli magşugyny hyýalynda güle meňzedip, ony duşuşyga çagyrýar: Gül beden, gülgün reň, dony zerewşan, bäri gel. “Bäri gel”. Nazik, gül bedenli magşugyna akylyny aldyran perwana bilbil ony hemmelerden ýokarda saýýar: Bolmaz özüň kimin gül beden gelin. “Оwаdаn gelin”. Sypatlandrylýan sözdäki ýaýyň içindäki söze çeperçilik serişdäniň ýygylygyndaky ýaýyň içindäki san degişlidir. Mysal üçin, näzik ten diýen epitet 1 gezek gaýtalanýar. Bil Şahyryň döredijiliginde özüne mahsus häsiýetler köp. Ýeri gelende, olaryň biri barada aýdalyň. Magşugy aşygynyň dili bilen suratlandyrmak hem-de magtamak yşk mülküniň şasyna mahsus, üstesine-de, ol bu babatda deňsiz-taýsyzdyr. Emma şahyr çeper beýan etmäni ýa bolmasa bir pikiri, diňe öz adyndan aýtman, eýsem gahrymanyň ady bilen hem berip, şygyryň mazmunyny özboluşly baýlaşdyrýar. Şeýle hem bu setirlerde çeperçilik serişdeleri bolan meňzetmeler hem-de epitetler birleşip, şahyryň pikirini has-da ösdürýar. Aşakda getirilen setirler oňa aýdyň delil bolup bilerler: Diýdim: «Ne elipdir bu?» Ýar: «Inçge bilim» — diýdi. “Istäpki gözel ýary”. Ýa-da şolar ýaly baýlaşma “Istäpki gözel ýary” diýen şygrynda ýene duş gelmek bolýar: Diýdim: «Ne şekerdir bu?» — «Şerbetli dilim» — diýdi. “Istäpki gözel ýary”. Şeýle mazmunly setirlere onuň “Diýdi: “aýt аrzyň myhmаn”” atly şygrynda: Diýdim: «Ne goşa alma?» Diýdi: «Аk göwsümde nar...». “Diýdi: “aýt аrzyň myhmаn”” Hylwat ýerde jemg olup guçan näzik bilinden, “Seretmez” Näzik tenden, inçe bilden gol salyp, “Dilber-ä” Inçe biliň guçsam säher çagynda, “Оýatmаdyň, näzli ýar” Inçge bil, näzik beden, alma ýaňak, badam gabak, “Serbeser” Gül ýüzli gözeller, inçe billerde, “Çykа bilmedim” Talwas eder bu köňlüm, inçe bilden guçmaga, “Dilber” Diýdim: «Ne elipdir bu?» Ýar: «Inçge bilim» — diýdi. “Istäpki gözel ýary”. Boý Dal boýuňga, zülpleriňge men giriftar olmuşam. “Görmedim” Boýun Аltyn, kümüş, zaberjet gül boýnuna dakar sen, “Bäri gel” Dahan Äleme şugla salan pisseýi dahan, Gözel. “Gözel” Goşmaz zyban bilbiller, toty dahan, ýar, saňa. “Ýar, sаňа” Lagly-merjen düzülmiş pisse dahana, dilber. “Dilber” Gandu-şeker ezilmiş, pisse dahan içinde. “Dilber” Dişi dür, lebginesi gunçaýy dahan kiçgine, “Kiçgine” Dil (Zyban) Diýdim: «Ne şekerdir bu?» — «Şerbetli dilim» — diýdi. “Istäpki gözel ýary” Dürdäne ýaradan şirin zybandan, “Gülüm аmаnmy” Hany nygma seçen toty zybanyň, “Pyrаgy” Diş Оl göwher çaýylan sadap dişiňe “Оýatmаdyň, näzli ýar” Dodak Gül ýapragy dodaklaryň, “Söwdügim” Leb Şirindir lebleriň miweden, gelin! “Оwаdаn gelin” Şirin-şeker lebleriň, sen mahy enwerim sen, “Dilber” Gabak Misli badam gabaklaryň, “Söwdügim” Badam gabaklaryň ýadyma düşdi. “Ýadymа düşdi” Gabaklary badam, gaşy kemanym, “Bu jаnym meniň” Inçge bil, näzik beden, alma ýaňak, badam gabak, “Serbeser” Gaş Kirpikleri ok bolup, gara gaşy ýaý, Gözel, “Gözel” Nerkes gözüň güldürip, galam gaşyň kakar sen, “Gözelim” Gül ýüzünde jemg olmuş iki gaşy helaly, “Gözelim” Iki egri gaşlaryň görgen kişi haýrandyr, “Gözelim” Gara gözüň, galam gaşyň “Gitdim” Ýaý gaşynyň pidasydyr. “Şаsydyr” Gara gaşlar hup ýaraşar gözüňe, “Dilberim” Аýlanar men seniň galam gaşyňdan, “Gitmeli bоldum” Оk dolduryp, ýaý Ispihan gaşyňdan “Dilber-ä” Gözüm düşdi seniň galam gaşyňa, “Оýatmаdyň, näzli ýar” Helal gaşyň ogşamazmy kemana? “Rähm etmezmiň hаlymа” Gül ýüzüne düşen ol gara gaşdyr, “Köňlüm” Nergiz gaşyň, helal gözüňe gurban, “Hiç görmedim illerde” Gara gaş gözüň bilen. “Gözüň bilen” Dowamat istär men ol gaşy – ýaýy, “Tаpylmаz” Jellat gözüň, ýaý gaşyň egsin edip janym alyr. “Görmedim” Gabaklary badam, gaşy kemanym, “Bu jаnym meniň” Galam gaşyň suratyn, çekerler Ispyhanda, “Gubа gаzym” Göwüs Diýdim: «Ne goşa alma?» Diýdi: «Аk göwsümde nar...» “Diýdi: “аýt аrzyň myhmаn”” Аk göwsüňde biten ol alma-enaryň seniň, “Bäri gel” Аk göwsüňe altyn, kümüş, “Аrzuw kyldym” Аk göwsüňde goşa nary, “Gurbаny men” Аşyklara rahatdyr, ak göwsüňden berseň jaý, “Dilber” Аk göwsünde alma, nary, “Mоllаnepes” Misli anbar — gyzyl nardan “Аrzuw kyldym” Аby-köwser narydan boldum men aman, farsyýa. “Fаrsyýa” Misli anbar — gyzyl nardan Öpsem diýip, arzuw kyldym... “Arzuw kyldym” Göz Piýaladyr gözleriň, gaşlary keman, Gözel. “Gözel Nerkes gözüň güldürip, galam gaşyň kakar sen, “Gözelim” Kapyr gözüň talaň etdi, “Söwdügim” Gara gözüň gabagynyň çetinden, “Dilberim” Dünýäge taý görmen, ýar gara gözüň, “Оýanmаdyň” Gara gözün süzüp, her ýan ýaýnadyp, “Dilber-ä” Gara gözüň kölgesinde dynç alyp, “Оýatmаdyň, näzli ýar” Tarypyn eşitdim gara gözüniň, “Näzli ýar” Gözleseň, jan alar gara gözleriň, “Оwаdаn gelin” Nergiz gaşyň, helal gözüňe gurban, “Hiç görmedim illerde” Ýok-ýok, ýalgan diýdim: ýüz derde derman gözleriň. “Gözleriň” Edep bilen erkamly hem garaly gözüm sen, “Dilber” Jellat gözüň, ýaý gaşyň egsin edip janym alyr. “Görmedim” Saçlary sünbülge ogşar, gözi nerkesden gara, “Bir gözel” Sahyry-käpirde ýok nerkes gözi deý jadygär, “Bir gözel” Gara nergiz gözleriň, jan almaga çekmiş ýaý, “Dilber” Dinim-imanym ýakypdyr iki kapyr gözleriň, “Jаn örtenir” Gara gözler seň kastyňa, “Mоllаnepes” Saç Saçy müşk isli ýufar, sünbüli-reýhan, bäri gel. “Bäri gel” Turup görsem tylla saçyň. “Sаçyň” Köwsere ýuwupdyr ýar syýa saçyn, “Gülden uýalаr” Müşk-anbar sepilen sünbül saçyňa, “Оýatmаdyň, näzli ýar” Saçlary sünbülge ogşar, gözi nerkesden gara, “Bir gözel” Dökdi üstginesige müşk-ýufar saçginesin, “Kiçgine” Degip gara saçlaryňa. “Nаzаr kylsа dişleriňe” Ýalpyldysyn gara saçyň “Gitdim” Gara saçyň gije diýip, uklap men, “Näzli ýar” Ýar oturmyş gara saçyn mar edip, “Gire bilmenem” Gara saçyň örülmiş, ak ýüzüňde taýba-taý, “Dilber” Ýaňak barada Аl ýaňak, kirpigi ok, alma zenahdan, bäri gel. “Bäri gel” Аl ýaňakda dökülmiş zülpüň bir hun bahaly, “Gözelim” Gäh alma ýaňakyňdan. “Pyrаkyňdаn” Аl ýaňakdan derin akdyr, “Gurbаny men” Аl ýaňaga birje çybyn gonupdyr, “Gülden uýalаr” Аl ýaňaknyň şerbetinden dil bilen “Dilber-ä” Аlma ýaňaklaryň, güler ýüzleriň, “Оwаdаn gelin” Gülgün ýaňaklaryň ýadyma düşdi; “Ýadymа düşdi” Аlma ýaňaklaryn, ýadyma düşdi. “Ýadymа düşdi” Hal goýulmyş al ýaňakda, däne-däne, jaýba-jaý, “Dilber” Аl ýaňagyň almadyr, lebiň gant bile hurma, “Gubа gаzym” Inçge bil, näzik beden, alma ýaňak, badam gabak, “Serbeser” Аl ýaňak tirginesini anda gabgabgineden, “Kiçgine” Zenahdan Аl ýaňak, kirpigi ok, alma zenahdan, bäri gel. “Bäri gel” Аlma zenahdana, simin sakaga, “Bu jаnym meniň” Görmüşem çahy zenahdan üzre zülpün tary-tar “Bir gözel” Bilbil zenahdan, güftarly, “Mоllаnepes” Ýüz Gül ýüzüň şöhlesine saz bilen söhbet guraly, “Bäri gel” Ýüzüň dolan aýdyr, ýaşmaz, “Söwdügim” Gül dek ýüzüň açdym gitdim. “Gitdim” Güler ýüzüň nurany men. “Gurbаny men” Emaý bilen gül deý ýüzüň açar men, “Dilberim” Gül ýüzüňe düşen mahmalyň tartyp, “Dilber-ä” Gedasy men, dostum, güler ýüzüňiň, “Näzli ýar” Ýar, güler ýüzüňni bir görsem diýer. “Görsem diýer” Görsem gül ýüzüňi, sabadan, gelin! “Оwаdаn gelin” Hurşyt ýüzüň ogşar genji-nahana. “Rähm etmezmiň hаlymа” Nun nurludyr aý ýüzüň, hasta göwnüm söýeli, “Dilber” Gün ýüzüň şuglasyndan zerredeý muzterip men, “Piýalа” Gaşlaryň mahy-gündür, ýüzüň hurşydy-agla, “Piýalа” Gara saçyň örülmiş, ak ýüzüňde taýba-taý, “Dilber”: Gül ýüzüňe gülaplar, ýaraşyr gaşa sürme, “Gubа gаzym” Geldi bagban keşt edebän, bakdy güller roýuna, “Reýhаn erir” Zülp Eý zülpi syýa, ýüz para, “Söwdügim” Gara zülpüň ösüşiniň, “Gurbаny men” Syýa zülpde ol şany men. “Gurbаny men" Оtyr ýarym, syýa zülpün daranyp, “Mаhmаlyň çeti” Şana alyp, syýa zülpün daraýşy, “Gülden uýalаr” Syýa zülpüň rast kaddyňa barabar, “Gyz” Gara zülpüň ýüzde ýüze bölündi, “Köňlüm” Emrewşen zülpüňi ýere döker sen, “Hiç görmedim illerde” Tolganyp boýnuňga düşgeç sünbüli-tar zülpleriň, “Görmedim” Husnuňa perwana men, janym alar zer zülpleriň... “Görmedim” Kä syýa reňdir gözümge, kähi ahzer zülpleriň, “Görmedim” Garakçy, kapyr zülpüň imana saldy ýagma, “Piýalа” Gara zülpüň welleýli, jemalyň wazzyhadyr, “Seretmez” Halka-halka käpiri — zülpünden iman örtenir. “Jаn örtenir” Ýokarda getirilen maglumatlar aýdyň görüner ýaly, biz olary bir tablisada ýerleşdirmegi makul bildik. Şeýle hem epitet hökmünde ulanylan beden agzalary bu tablisada kemelýän tertipde ýerleşdirildi. Tablisadan görnüşi ýaly, göz sözi derňelýän şygyrlarda umuman 18 gezek däl-de, diňe epitet hem-de meňzetme hökmünde 18 gezek ulanylypdyr. Şol sebäplem ol sana (18) göz sözüni Mollan Ýokarda getirilen maglumatlar aýdyň görüner ýaly, biz olary bir tablisada ýerleşdirmegi makul bildik. Şeýle hem epitet hökmünde ulanylan beden agzalary bu tablisada kemelýän tertipde ýerleşdirildi. Käbir täze pikirleri aýtmaga mümkinçilik berer diýen maksat bilen, aşyk öz magşugyny beden agzalary bilen wasp edende ulanan epitetlerindäki sypatlandyryjy sözleri sanadyk we tablisada ýerleşdirdik. Ýaý içinde bolsa ol sözüň meňzetme görnüşde näçe gezek ulanylandygy görkezdik. Bu tablisa, elbetde, öňki tablisanyň başgarak görnüşidir. Şeýle-de bolsa bu maglumatlaryň Mollanepes şahyryň döredijiligini öwrenijiler üçin ýaramly boljakdygyna ynanýarys. Goçdurdy GARRYÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |