Yslam medeniýetiniñ beýik ýörelgelerine eýermekde dünýäniñ iñ gözel zenanlarynyñ hilindendiklerini türkmen zenanlary indi asyrlap subut edip gelýärler. Är ojagyna, ata Watana belent wepadarlygynyñ bir nusgasy-da ýarlary uruşda wepat bolup ýa-da dereksiz ýitip, ölinçä är ojagyny saklap geçiren merdana türkmen zenanlarydyr. Alymlaryñ hasaplamalaryna görä, şeýle zenanlaryñ 95%-i baran ojagynda ömrüni ötürip, taryhda iñ belent, iñ seýrek rekordlaryñ birini goýupdyrlar.
"Ilki bilen siz düşýäñiz ýadyma,
Ýatlansa apatly kyrkynjy ýyllar.
Sizi Belent namys şöhratlandyrar,
Sizi belent wepa şöhratlandyrar,
Sizi takat-sabyr şöhratlandyrar,
Görlen jebir-jepa şöhratlandyrar,
Ömür, bütin ömür şöhratlandyrar,
Ýaş başyndan ýardan galan gözeller..."
(B.Hudaýnazarow "Buýsançly baş", 1975 ý.)
Beýik Watançylyk urşunda front üçin SSSR halklarynyñ arasyndan ýygnan şaý-sep kömeginde türkmen zenanlarynyñ beren şaý-sepleri tutuş Soýuz boýunça ýygnanan şaý-sepleriñ 75%-ni eýeläpdir.
Turkmen halky zenanauly gadyr goyyar.Hatda, Gorogly yaly gerceklerem her tutumly ishinde ayaly Agayunus peri bilen maslahatlashypdyr. Agayunusuñ maslahatyna eyermedik yerindebela ucurapdyr. Turkmen mashgalasynda er,ayalyñ pikirleriuygunlashyp,bir galypdan cykyanzamany ol oyde agzybirlik hokum surupdir. Cagalary rahatlykda ese,boya galyp,kemala gelipdirler.Dynçlyk-rahatlyk ol öýüň maşgalasynyň duluna ymyklyçöküp galypdyr.Şeyle ýagdaý tebigi röwüş alyp, maşgalanyň nesil dowamçylaryna-da endigan geçipdir.