18:30 Merhumyñ eli / hekaýa | |
MERHUMYÑ ELI
Mistika we fantastika
Mundan sekiz aý öň, bir gün agşam dostumyz Lui R.-iň öýünde, köne synpdaşlar bolup ýygnanyşdyk. Şerap içdik, çilim çekdik, edebiýat we suratkeşlik barada gürriňleşdik, şular ýaly oturylşykda ýaşlaryň arasynda aýdylýan gürriňlerden, degişmelerden aýdyşdyk. Bir wagt duýdansyz gapy açylyp, çagalykdaky bir dostum öýe girip: —Hany, kim bilýär, men nireden gelýän?!-diýip gygyrdy. —Jedelem ederin, Mabildan!-diýdi kimdir biri. —Ýok, daşyňdana keýpiň gowa meňzeýär. Birinden karzyna pul alansyň ýada sagadyňy girewine goýup, köpüräk pul alansyň-diýdi başga biri. —Meň pikrimçe, sen azajyk içgili-diýdi üçinji biri-Bärdäki şerabyň ysyny alyp, bokurdagyňy ölläsiň gelendir. — Ýok.Hijiňizem bilmediňiz. Men P.-dan gelýän. Normandiýadaky P.-dan. Bir hepdeläp şol ýerde boldum, ýanym bilen bile bir dostumam alyp gaýtdym. Jenaplar, rugsadyňyz bilen ony size tanyşdyraýyn! Şeý diýip,ol jübisinden derisi soýulan adamyň elini çykardy. El gaty gorkunçdy, gap-gara bolup galan barmaklary uzyn, soýulmadyk derileri her ýerinde bölek-bölek bolup durdy. Barmagynyň ujundan sarymtyl, uzyn dyrnaklary çykyp durdy. Bu zatlardan jenaýatyň ysy gelýärdi. —Göz öňüne getirip görüň-diýip, dostum gürriň bermäge başlady-Ýaňy ýakynda welaýatymyzda, aňkasy çaşan bir garry jadygöýüň gürriňleri edilýärdi. Jadygöý her hepdäniň şenbe güni sübsesine atlanyp, arwahlaryň oturylşygyna gidip, jadygöýlük bilen meşgullanýan eken. Sygyrlara dem salsa, janawerleriň süýdi göm-gök bolup, guýruklary dim-dik bolýan eken. Bu şol garry albastynyň eli. Bu el, özüniň kanuny aýalyny guýa taşlan. Özleriniň nikasyny okan ruhanynyň kellesini kesen.Mundan başgada ýüzläp syýahatçyny talan, ruhanylary tüsse bogup öldüren,aýallary zorlan.Ynha şu el. —Onsoň, bu eýmenji zady näme etjek?-diýip, haýran galyp soradyk. —Goňşy-golamlary bir gorkuzaýyn. Men muny gapynyň jaňjagyzynyň ýüpüne daňyp goýjak. —Dostum-diýdi, depseň yranmaz diýilýän iňlis Genri Smit-Meň pikirimçe, bu el täze usulda gaplanan (konserwalanan) et bolmaly, şeýlemi? Men mundan çorba bişirmegi teklip edýän. —Degişmäni goýalyň jenaplar!-diýip, öý eýesi närazy äheňde dillendi-Per,sen bolsa,meň maslahatyma gulak asyp, merhumyň bu agzasyny jaýlanan ýerine göm. Bolmasa, merhum elini gözläp saňa ýapyşar. Üstesine eliň eýesi jadygöý bolsa... Kim bilýär... ýene... —Bolýala, köne gürriňleri goýalyň. Meň içesim gelýär. Hany guýuň!-diýip, Per öý eýesiniň guýan şeraply bulguryny bir göterende boşatdy. Şerap başyny aýlap stoluň aşagyna ýykyldy. Per ýerinden turyp,ýene bulgury eline aldy. Edil diri adama ýüzlenýän ýaly ele ýüzlenip: —Seniň eýäň bilen boljak duşuşygymyz üçin içýän!-diýdi. Şondan soňra gürriňimiz başga mowzuga geçdi we köp oturman öýli-öýümize gaýtdyk. Ertesi güni, günortanrak Periň ýaşaýan öýüniň ýanyndan geçip barýakam,ýolugra sowuldym. —Ýeri,ýagdaýlar nähili?-diýip soradym. —Gaty gowy!-diýdi. —El nirde? —Elmi? Näme görmediňmi, düýn agşam öýe gelişime, jaňjagazyň ýüpüne asyp goýdum. Ýary gije kimdir biri jaňjagazy iş edinip kakdy. Biri oýun edäýdi öýdýän, "Kim sen?" diýsemem, hiç kim jogap bermedi. Soň düşegime geçip uklap galypdyryn. Şol wagt jaňjagaz ýene kakyldy.Bu öýüni Pere kireýine ýaşamaga beren, gaharjaň, ýakymsyz adamdy. Ol otaga girip salamlaşmadam: —Jenap-diýip sandyrawuk sesi bilen gürläp başlady-Bu eli ýok ediň, bolmasada sizi öýden çykaryp, kowmaly bolaryn!-diýdi. Soňam jogabada garaşman otagdan çykyp gitdi. Per onuň yzy bilen gidip, eli çözüp alyp gaýtdy we düşeginiň üstünde ýüpe daňyp goýdy. — Şu ýerde dursa gowy bolar-diýdi Per-Bu ele her agşam ýatmazdan öň seredip ýatsam, ol meni çuňňur pikirlenmäge mejbur eder. Per bilen bir sagat ýaly gürleşip oturdymda, öýe gaýtdym. Gijesi bilen ýatyp bilmedim, ýataýsamam basyrganyp oýandym. Birdenem başujumda kimdir biri duran ýaly boldy. Ýerimden turup, krowadymyň aşagyna seretdim, şkafy açyp barladym... Ahyryn sagat altylar töweregi uklapdyryn. Birdenem gapy şeýlebir gaty kakylyp başlady welin, atylyp ýerimden turdym. Gapyny kakýan, Periň hyzmatkäri eken, ýarym-ýalaňaç, ýüzi ak esgä dönüpdir, tutuş bedeni bilen sandyraklap dur. —Jenap, jenap!-diýip aglap başlady-Biçäre hojaýynymy öldüripdirler! Howlugyp geýindimde, Periň öýüne ylgadym. Birgiden adam, her kim bir tarapa ylgaýar, yzanda çuwanlyk... Men adamlaryň arasyndan geçip, dostumyň ýatýan otagyna ylgadym. Gapyny içinden gulplan ekenler, kimligimi aýdanymdan soň içerik girizdiler. Dört sany polisiýa işgäri otagyň ortasynda ellerinde depderçeleri, hemme zady üns bilen synlap, pyşyrdaşyp, bir zatlar ýazyp alýardylar. Iki sany lukman beýhuş ýatan Periň başujynda gürleşip durdy. Per diridi, gözleri hanasyndan çykara gelen, giňelen, göreçleri nämedir bir gorkunç zada sereden ýaly howsalaly doňup galandy. Barmaklary bolsa gaty ýumulandy. Göwresi ýorgan bilen ýapylan. Men onuň golaýyna baran wagtym bokurdagyndaky bäş barmagyň çuňňur yzyna gözüm düşdi. Köýneginde birnäçe gan damjalaryň yzy bardy. Birdenem gözüm Periň eli asyp goýan ýüpine düşdi. Düýn şu ýüpden Periň asyp goýan eli ýokdy... Görenleri gorkuzaýmasyn diýip lukmanlar aýyrandyrlar diýip pikir etdim. Eliň nirdedigi barada sorap oturmadym. Ertesi güni gazetlerde bu syrly jenaýat barada ýazdylar. Meň okan habarym şeýleräkdi: "Meşhur, ýaş normand urugyndan bolan ýigit Per B. düýn agşam gorkunçly betbagt hadysa uçrady. Ol gije sagat onlar töweregi öýüne gelipdir we hyzmatkäri Bowene jogap berip, ýadawdygyny, uklamakçydygyny aýdýar. Gijäniň ýary onuň gapysy kakylyp başlaýar. Ukydan oýanyp, şemi ýakyp biraz garaşýar. Gapynyň kakylmasy biraz galýar. Ýöne birazdan öňkisindenem gaty kakylmaga başlaýar. "Kim sen?"diýlen soraga-da gapy kakýan hiç hili jogap bermeýär. Gorka düşen Per.B arka gapydan, hyzmatkärini polisiýa ugradýar. Ýarym sagadyň içinde ýetip gelen polisiýa gapyny döwüp içerik girýär. Polisiýa otaga girende, mebeller döwülip agdarylan, geýim-gejimler çaşyp ýatan eken. Muny gören polisiýanyň işgärleri jenaýatçy bilen jebir çekeniň arasynda uruş bolupdyr diýen netijä gelýär. Otagyň ortasynda bolsa beýhuş ýagdaýda ýaş ýigit Per B. ýatan eken. Bu ýere gelip Per.B-ni gözegçilikden geçiren lukman Burdonyň pikirine görä, jenaýatçy gaty güýçli, barmaklary uzyn we çeýe bolan, sebäbi Per B.-niň bokurdagyndaky barmak yzlary muny tassyklaýar. Jenaýatçynyň kimligi entek anyklananok". Şu habary okan gazetimde, ertesi güni şeýle habar çykdy: "Düýn habar berilişi ýaly, agyr jenaýatdan jebir çeken jenap Per B. iki sagatdan soň keselhanada özüne geldi. Jenaýatçydan entägem yz tapylanok." Dostlarymyz bilen bile keselhana onuň ýagdaýyny soramaga bardyk. Ýöne biçäre dostumyz Per akylyndan azaşypdyr. Ol nähilidir bir düşnüksiz sözleri aýdýardy. Onuň aýdanlaryndan düşünen zadymyz, ony arwah yzarlap, azar berýämiş... Bir günem Periň ýagdaýy agyrlaşandygy barada habar geldi.Tiz ýetip bardym. Men baran wagtym ol ýatyrdy. Iki sagatlardan soň, birden krowadyndan böküp turdyda: "Ýok ediň ony! Ýok ediň! Ol meni bogup başlady! Kömek ediň!..."diýip gygyryp başlady. Per gygyryp janhowulyna otagyň içinde ylgap başlady, birdenem orta arada ýüzligine ýykyldy...Soňam galmady... Biçäre ýetimdi. Jesedini maşgala agzalarynyň jaýlanan P. obasyna eltmegi maňa ynandylar. Öňüräk Lui R.-niň öýünde synpdaşlar bilen şerap içip otyrkak, Per şu obadan gelip, derisi soýulan eli bize görkezipdi. Periň jesedini tabyda salyp, obasyna äkitdim. Ertesi güni, men Periň ilkinji mugallymy, garry ruhany bilen mazarystana bardym. Gör gazýanlar Per üçin gabyr gazyp ýördüler. Ruhany kitabyny açyp, pyşyrdap doga okap başlady. Birdenem gör gazýanlaryň bizi çagyrýan sesi eşidildi. Ruhany bilen men näme bolanyny bilmek üçin olaryň ýanyna bardyk. Gör gazýanlar gazyp durkalar gazyp duran ýerlerinden bir tabyt çykypdyr. Piliň urgusyna tabydyň gapagy açylypdyr. Tabydyň içinde skelet bardy, skelediň gözi ýogam bolsa, ol bize seredip ýatan ýalydy. Ýüregim birhili boldy, näme üçindir gorkdym. —Eý, serediň, munuň elleri kesilipdir-diýip,gör gazýanlaryň biri haýran galyp dillendi. —Ol maňa seredip ýatan ýaly birhili. Häzir "Elimi tapyp ber!" diýip, ol meni bogup başlar-diýip beýleki gör gazýan güldi. —Gadyrdanlar!-diýip, ruhany söze başlady-merhumy bimaza etmäň, tabydyny ýapyň! Dostumyz Per üçin başga ýerden, gör gazarys. Ertesi güni ähli matam çäreleri gutardy. Men bilmezlikde bimaza eden-şol elleri kesilen merhumyň ruhy üçin doga okamagyny haýyş edip, ruhana elli frank berdim we Pariže gaýtdym. Gi de MOPASSAN. Terjime eden: Şirhan ALLABERDIÝEW. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |||
| |||