20:42 Mikroraýonda ýaşaýan 60 ýaşly gojanyñ aýalyna aýdany | |
Mikroraýonda ýaşaýan altmyş ýaşly gojanyň aýalyna aýdany
Goşgular
Ak gara duwlanyp gelende ýanwar, Doňanda ýaplaryň durnagöz suwy. Jaýymyz sowuk – diýp, gam çekme dildar, Her näme diýseňem daşardan gowy. Birinjiden, munuň şemaly bolmaz, Şemalsyz sowugyň azary bolmaz, Üstüňi gar örtjek gümany bolmaz, Her näme diýseňem daşardan gowy. Ikinjiden, tagta poldur aşagy, Aşak dürüs bolsa, besdir gyş aýy, Şulardan soň, onsoň nädip üşäli, Her näme diýseňem daşardan gowy. Batareýa bary hatarma-hatar, Üstün gyrawladyp, pikire batar, Ynha, hä diýmänkäň aprelem ýeter, Her näme diýseňem daşardan gowy. Altmyşyň ýelgini eliňdekä ýar, Gam çekmegin, gama batma giriftar, Esasy zat: öýümizde ýorgan bar, Her näme diýseňem daşardan gowy. Halyl KULYÝEW | |
|
√ «Depämizden syrygyp dur gar suwy...» / Goşgular - 14.11.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Eý, nury-yşka söýgüli senden köňülde ýaz biter / Goşgular - 21.08.2024 |
√ Rubagylar / Goşgular - 09.07.2024 |
√ Gatmaga geldim / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Eşraget min felekil-behjeti şemsun we biha... / Goşgular - 26.08.2024 |
√ Biz üçin üýtgemez pelegiň bolşy / Goşgular - 29.10.2024 |
√ Diýer sen / Goşgular - 24.05.2024 |
√ Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024 |
√ Bu jany gördüm / Goşgular - 19.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |