20:45 Milli mesele we leninizm: Milletleriñ emele gelişi we ösüşi | |
2. MILLETLERIŇ EMELE GELIŞI WE ÖSÜŞI Siziň düýpli ýalňyşlyklaryňyzdan biri-de – häzirki bar bolan milletleriň hemmesini siziň bir üýşmege toplaýanlygyňyzdan we olaryň arasyndaky prinsipial tapawudy görmeýänligiňizden ybaratdyr. Dünýäde milletler dürli-dürli bolýarlar. Ýokary göterilýän kapitalizm döwründe, buržuaziýanyň feodalizmi we feodal dagynyklygy ýumrup, milleti bir bütewilige ýygnan we ony mäkämlendiren mahalynda ösen milletler-de bar. Bu – “häzirkizaman” milletleri diýilýänlerdir. Milletler kapitalizmden-de ozal emele gelipdirler we ýaşapdyrlar diýip, siz tassyklaýarsyňyz. Emma kapitalizmden ozal, feodalizm döwründe, ýurtlaryň biri-biri bilen milli gatnaşyklar arkaly baglanyşykly bolmandyklary beýlede dursun, hatda şonuň ýaly gatnaşyklaryň zerurdygyny-da üzül-kesil inkär eden aýry-aýry özbaşdak knýazlyklara bölünen mahallarynda milletler nähili emele gelip we ýaşap bilerdiler? Siziň ýalňyş aýtmagyňyza garamazdan, kapitazlimden ozalky döwürde milletler bolmandylar we bolup-da biljek däldiler, çünki heniz bazarlar ýokdy, ykdysady, medeni milli merkezler-de ýokdy, diýmek, şol halkyň hojalyk taýdan dagynyklygyny ýok edýän we şol halkyň şol wagta çenli pytraňňy böleklerini bir milli bütewilige ýygnaýan faktorlar-da ýokdy. Elbetde, milletleriň elementleri – dil, terriroriýa, medeni umumylyk we ş.m-ler – asmandan gaçman, kapitalizmden-de ozalky döwürde kem-kemden emele gelipdiler. Emma bu lemenetler başlangyç halynda durupdyrlar we, bolubilse, geljekde belli amatly şertlerde milletiň emele gelmeginiň mümkinçiligi manysynda diňe potensiýa bolupdyrlar. Milli bazarlary, ykdysady we medeni merkezleri bolan diňe ýolary görerilýän kapitalizm döwründe potensiýa hakykata öwrülipdir. Şu mynasybetli milletleriň emele gelişi hakyndaky mesele barada Leniniň “Halk dostlary” näme we olar sosial-demokratlara garşy nähili uruşýarlar?” diýen kitapçasynda aýdan ajaýyp sözlerini belläp geçmek gerek. Milli gatnaşyklar we milli birlik urug gatnaşyklarynyň ösüşinden gelip çykýar diýýän halkçy Mihaýlowskiý bilen jedelleşip, Lenin şeýle diýýär: “Şeýlelik bilen, milli gatnaşyklar – urug gatnaşyklarynyň dowamy we umumylaşmagymyş! Jenap Mihaýlowskiý jemgyýetiň taryhy hakyndaky öz düşünjelerini, ähtimal, gimnazistlere okadylýan çaga ertekisinden alýan bolsa gerek. Bu galypdan çykan doktrina, - jemgyýetçiligiň taryhy – ilki her bir jemgyýetiň ýaçeýkasy bolan maşgalanyň bolandygyndan,... soňra – hamala maşgalanyň ulalyp-ulalyp, taýpa bolandygyndan, taýpanyň-da ulalyp döwlet bolandygyndan ybaratdyr, - diýip aýdýar. Eger jenap Mihaýlowskiý bu çaga ertekisini gara çyny bilen gaýtalaýan bolsa, munuň özi – beýleki görkezýän zatlaryndan başga – onuň hatda rus taryhynyň baryşy hakynda-da sähelçe düşünjesiniň ýokdugyny görkezýär. Eger gadymy Russiýada urug durmuşy bolupdyr diýip aýtmak mümkin bolan bolsa, orta asyrlarda, Moskwa patyşalygy döwründe ol urug gatnaşyklarynyň bolmandygy gümansyzdyr, ýagny şol wagtlar döwlet asla urug soýuzlaryna däl-de, ýerli soýuzlara esaslanýar ekeni: pomeşikler we monastyrlar özlerine dürli ýerlerden bolan daýhanlary kabul edýärler ekeni we şeýlelik bilen düzülýän obşinalar sap territorial soýuzlar bolupdyr. Emma şol wagtlar milli gatnaşyklar diýen sözüň hut öz manysynda milli gatnaşyklar bolupdyr diýip aýtmak mümkin bolmasa gerek: döwlet aýry-aýry “ýerlere”, hatda knýazlyklara-da bölünýär ekeni, olaryň öňki awtonomlygynyň janly galyndylary, dolandyryş aýratynlyklary saklanyp galypdyr, käte özleriniň aýratyn goşunlary bolupdyr (ýerli baýarlar uruşa öz polklary bilen gidýrler ekeni), aýratyn gümrük serhetleri we ýene ş.m. bolupdyr. Rus taryhynyň diňe täze döwri (takmyn XVII asyrlardan başlap) şeýle oblastlaryň, ýerleriň we knýazlyklaryň hemmesiniň hakykatdan-da goşulyp, bir bütewi bolmaklary bilen häsiýetlenýr. Bu goşulmaklyga sebäp bolan zat urug gatnaşyklary däldir, hormatly jenap Mihaýlowskiý, hatda olaryň dowamy we umumylaşmagy hem däldir: oňa sebäp bolan zat – oblastlaryň arasyndaky barha güýçlenýän haryt çalşygydy, kem-kemden ösüp barýan haryt dolanyşygydy, kiçiräk ýerli bazarlaryň bir ählirussiýa bazaryna jemlenmegidi. Bu prosesiň ýolbaşçylarynyň we hojaýynlarynyň söwdagär-kapitalistler bolandygyna görä, ol milli gatnaşyklaryň döredilmegi – buržuaz gatnaşyklaryň döredilmeginden başga zat däldi” (Seret: 1 t., 72-73 sah. 72). “Häzirki zaman” milletleri diýilýänleriň emele gelişi baradaky işiň boluşy şeýledir. Buržuaziýa we onuň milletçi partiýalary şol döwürde şeýle milletleriň esasy ýolbaşçy güýji boldular we şonlugynda hem galýarlar. “Milletiň birliginiň” hatyrasyna milletiň içindäki synpy agzybirlik; keseki milli territoriýalary basyp almak ýoly bilen öz milletiň territoriýasyny giňeltmek; keseki milletlere ynam etmezlik we ýigrenç; az milletleri eýikdirmezlik; imperializm bilen birlik frontyny düzmek, - şol milletleriň ideýa we sosial-syýasy tutarygy şeýledir. Beýle milletleri buržuaz milletler diýip hasaplamak gerek. Meselem, fransuz, iňlis, italýan, demirgazyk-amerikan we şulara meňzeş beýleki milletler şonuň ýaly milletlerdir. Biziň ýurdumyzda proletariat diktaturasy we Sowet gurulyşy berkarar edilmezden ozal rus, ukrain, tatar, ermeni, gruzin milletleri we Russiýadaky beýleki milletler hem şonuň ýaly buržuaz milletler bolupdyrlar. Beýleki milletleriň ykbalynyň kapitalizmiň ykbaly bilen baglanyşyklydygy, kapitalizmiň ýykylmagy bilen, beýle milletleriň-de sahnadan düşmelidikleri düşnüklidir. Staliniň “Marksizm we milli mesele” diýen kitapçasy “millet ýöne bir taryhy kategoriýa bolman, belki belli bir döwürň, ýokary galýan kapitalizm döwrüniň taryhy kategoriýasydyr, özüniň düýp manysynda buržuaz hereket bolan milli hereketiň ykballary buržuaziýanyň ykbaly bilen tebigy suratda baglanyşyklydyr, milli hereketiň gutarnykly suratda ýok bolmagy diňe buržuaziýa ýok bolandan soň mükindir, diňe sosializm höküm sürýän mahalynda doly parahatçylyk bolup biler” diýip aýdan mahalynda hut şeýle buržuaz milletleri göz öňünde tutýar Buržuaz milletler barada işiň boluşy şeýledir. Emma dünýäde başga milletlerd-de bar. bularyň özi – Russiýada kapitalizm ýykylanyndan soň, buržuaziýa we onuň milletçi partiýalary ýok edilenden soň, sowet gurulyşy berkarar edilenden soň köneki, buržuaz milletleriň esasynda ösüp formalaşan täze, sowet milletleridir. Işçiler synpy we onuň internasionalistik partiýasy şu täze milletleri birleşdirýän we olara ýolbaşçylyk edýän güýçdir. Sosializmiň ýeňişli gurulyşygynyň hatyrasyna kapitalizmiň galyndylaryny ýok etmek üçin milletiň içinde işçiler synpynyň we zähmetkeş daýhanlaryň soýuzlygy; milletleriň we milli azçylyklaryň deň hukuklylygynyň we azat ösmeginiň hatyrasyna milli zulmyň galyndylaryny ýok etmek; halklaryň arasynda dostluk gurmagyň we internasionalizmi pugtalandyrmagyň hatyrasyna milletçiligiň galyndylaryny ýok etmek; basybalyjylyga we basybalyjylykly uruşlar syýasatyna garşy göreşde, imperializme garşy göreşde ezilen we doly hukuksyz ähli milletler bilen ýalňyz front, - bu milletleriň ruhy we sosial-syýasy keşbi şeýledir. Beýle milletleri sosialistik milletler diýip hasaplamak gerek. Bu täze milletler kapitalizmiň ýok edilmegi netijesinde köne, buržuaz milletleriň esasynda, - olaryň sosializm ruhunda düýpgöter ýaňadan gurulmagynyň ýoly bilen dörediler we ösdüler. Sowet Soýuzyndaky häzirki sosialistik milletleriň – rus, ukrain, belorus, tatar, başgyrt, özbek, gazak, azerbaýjan, gruzin, ermeni we beýleki milletleriň – köne Russiýadaky şol köne, buržuaz milletlerden özleriniň synpy sostawy we ruhy keşbi boýunça hem, özleriniň sosial-syýasy bähbitleri we arzuwlary boýunça hem düýpgöter tapawutlanýandyklaryny hiç kim inkär edip bilmez. Taryhda belli bolan milletleriň iki tipi şeýledir. Siz milletleriň ykbalyny, häzirki halatda köne, buržuaz milletleriň ykbalyny kapitalizmiň ykbaly bilen baglanyşdyrmaga razy bolmaýarsyňyz. Kapitalizmiň ýok edilmegi bilen, köne, buržuaz milletleriň ýok ediljekdikleri barada tezise siz razy däl. Eger-de bu milletleriň ykbaly kapitalizmiň ykbaly bilen baglanyşdyrylmasa, onda näme bilen baglanyşdyrmak boljakmyş? Kapitalizmiň ýok bolmagy bilen, onuň emele getiren buržuaz milletleriniň-de ýok bolmalydygyna düşünmek eýsem kynmy? Köne, buržuaz milletler sowet gurulyşy mahalynda, proletariat diktaturasy mahalynda hem ýaşap we ösüp biler öýdýärsiňizmi? Bir şol kemiňiz bardy... Kapitalizm döwründe ýaşaýan milletleriň ýok edilmekleri umuman milletleriň ýok edilmegine, her bir hili milletiň ýok edilmegine barabardyr diýip, siz ätiýaç edýärsiňiz. Näme üçin, nämä esaslanyp ätiýaç edýärsiňiz? Buržuaz milletlerden başga milletleriň-de, her bir buržuaz millete garanda has jebislenen we ýaşaýşaukyply sosialistik milletleriň-de, ýaşaýandyklary eýsem size mälim dälmi ahyry? Siziň ýalňyşyňyz hem buržuaz milletlerde başga milletleri görmeýänligiňizdir, - diýmek, Sowet Soýuzynda köne, buržuaz milletleriň harabaçylyga dönen ýerinde dörän sosialistik milletleriň emele gelişiniň tutuş bir döwrüni siz gözden sypdyrypsyňyz. Gep hem buržuaz milletleriň ýok edilmeginiň umuman milletleriň ýok edilmeklerini däl-de, diňe buržuaz milletleriň ýok edilmeklerini aňladýanlygyndadyr. Köne, buržuaz milletleriň harabaçylyga dönen ýerinde täze, sosialistik milletler, her bir buržuaz millete garanda has jebislenen milletler emele gelýärler we ösýärler, çünki olar buržuaz milletleri ysgyndan düşürýän barlyşyksyz synpy garşylyklardan halasdyrlar we her bir buržuaz millete garanda has umumyhalk milletlerdir. I.W.STALIN “Eserler”, 11-nji tom, “Türkmendöwletneşir”, Aşgabat-1952 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |