23:53 Milli mesele we leninizm: Millet diýen düşünje | |
MILLI MESELE WE LENINIZM
Publisistika
Meşkow, Kowalçuk we başga ýoldaşlara jogap Siziň hatlaryňyzy aldym. Bular soňky aýlaryň içinde şu tema barada meniň başga ýoldaşlardan alan ençeme hatlaryma meňzeş hatlardyr. Şeýle bolsa-da, siziň meseleleri has gödek goýýanlygyňyz we şunyň bilen aýdyňlygy gazanmaga kömek edýänligiňiz sebäpli hut size jogap bermegi men ýüregime düwdüm. Dogry, siz öz hatlaryňyzda öňde goýulan meseleleri nädogry çözýärsiňiz, emma bu başga gep – bu hakda aşakda gürrüň ederis. Işe geçeliň. 1. “MILLET” DIÝEN DÜŞÜNJE Rus marksistleriniň millet barada köpden bäri özleriniň teoriýasy bar. Şol teoriýa boýunça, millet esasy dört alamatyň umumylygy esasynda, ýagny: dil umumylygy, territoriýa umumylygy we milli medeniýetiň spesifiki aýratynlyklarynyň umumylygynda ýüze çykýan psihiki düzülişiň umumylygy esasynda – adamlaryň taryhy taýdan emele gelen durnukly umumylygydyr. Mälim boluşy ýaly, bu teoriýa biziň partiýamyzda umumy ykrar edilmeklige eýe boldy. Siziň hatlaryňyzdan görnüşi ýaly, siz bu teoriýany ýeterliksiz hasaplaýarsyňyz. Şoňa görä-de siz milletiň dört alamatynyň üstüne bäşinji alamaty, ýagny milletiň hut özüniň aýrybaşga milli döwletiniň bolmagyny goşmaklygy teklip edýärsiňiz. Bu bäşinji alamat bolmasa, millet ýokdur we bolup-da bilmez diýip, siz hasaplaýarsyňyz. “Millet” diýen düşünjäniň siziň tarapyňyzdan teklip edilýän shemasy özüniň täze, bäşinji alamaty bilen – örän ýalňyşdyr we teoretiki taýdan-da, praktiki-syýasy taýdan-da dogry edilip bilinmez diýip, men pikir edýärin. Siziň shemaňyz boýunça, diňe hut özüniň başgalardan aýry döwleti bolan milletleri millet diýip ykrar etmeli bolardy, ezilen, özbaşdak döwletlikden mahrum bolan ähli milletleri bolsa milletleriň hataryndan öçürmeli bolardy, onda-da ezilen milletleriň milli zulma garşy göreşini, kolonial halklaryň imperializme garşy göreşini, “milli hereket”, “milli-azatlyk hereketi” diýen düşünjeden aýryp taşlamaly bolardy. Mundan hem beter. Siziň shemaňyz boýunça şu aşakdakylary tassyklamaly bolardy: a). Irlandiýalylar diňe “Azat Irlandiýa döwleti” emele gelenden soň millet boldular, şondan ozal bolsa olar millet däldiler. b). Norwegiýalylar Norwegiýanyň Şwesiýadan aýrylmagyndan ozal millet däldiler, diňe şeýle aýrylmakdan soň millet boldylar: w). Ukrainler patyşa Russiýasynyň sostawyna Ukrainanyň girýän mahalynda millet däldiler, olar diňe Merkezi rada we getman Skoropadskiý wagtynda Sowet Russiýasyndan aýrylanlaryndan soň millet boldylar, emma olar özleriniň Ukraina Sowet Respublikasyny beýleki Sowet respublikalary bilen birlikde Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzyna birleşdirilenlerinden soň ýene millet bolmakdan kesildiler diýip tassyklamaly bolardy. Şeýle mysallary biçak köp getirmek bolardy. Şeýle ugursyz netijelere eltýän shemanyň ylmy shema hasaplanyp bilinmejekdigi äşgärdir. Praktiki-syýasy taýdan siziň shemaňyz milli, imperialistik zulmuň aklanmagyna gutulgysyz eltýär, şol zulmy ýaýradyjylar bolsa aýratyn milli döwletleri bolmadyk ezilen we doly hukuksyz milletleri hakyky milletler diýip asla ykrar etmeýärler we şu ýagdaýyň özi ol milletleri ezmäge özlerine hukuk berýär diýip hasaplaýarlar. Biziň Sowet respublikalarymyzda sowet milletleri öz milli Sowet respublikalaryny Sowet Sosialistik Respublikalary Soýuzyna birleşdirmäge razy bolanlaryndan soň millet bolmakdan kesildiler diýip subut etjek bolýan buržuaz milletçileriň aklanmagyna siziň shemaňyzyň alyp barýandygy hakynda-ha men aýdyp hem oturmaýaryn. Millet dogrusyndaky rus marksistik teoriýasyna “goşmaça” we “düzediş” hakyndaky mesele barada iş şeýledir. Diňe bir zat: millet dogrusyndaky rus marksistik teoriýasynyň ýalňyz dogry teoriýadygyny ykrar edäýmeklik galýar. I.W.STALIN “Eserler”, 11-nji tom, “Türkmendöwletneşir”, Aşgabat-1952 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |