22:45 RSFSR-iň türk halklarynyň kommunistleriniň maslahatynda sözlenen söz | |
RSFSR-iň TÜRK HALKLARYNYŇ KOMMUNISTLERINIŇ MASLAHATY AÇYLANDA SÖZLENEN SÖZ
Publisistika
1921-nji ýyl, 1-nji ýanwar (Protokol ýazgysy) Ýoldaş Stalin, maslahaty açyp we Merkezi býuronyň kanagatlanarlyk işlemändigini, ony täzeden saýlamalydygyny belläp, RSFSR-iň türk halklary arasynda kommunizmiň ösüşiniň şertlerini gysgaça häsiýetlendirmäge geçýär. Russiýada kommunizmiň ösüşiniň uzak taryhy bardyr, rus sosializminiň içinde telim on ýyla çeken uzak teoretiki iş we teoretiki göreş taryhy bardyr. Bu göreşiň netijesinde partiýaly köpçüligi öz yzy bilen alyp barmak üçin teoriýa taýdan ýeterlik derejede güýçli we prinsipial taýdan durnukly ýolbaşçy elementleriň jebisleşen topary emele geldi. Mundan tapawutlanyp, biziň ýurdumyzyň Gündogarynda kommunizm ýaňy döredi, ösüşiň deslapky teoretiki döwrüni geçmän, sosializm ugrundaky praktiki rewolýusion göreşiň baryşynda döredi. Türk kommunizminiň teoriýa taýdan gowşaklygy, biziň ýurdumyzyň türk dillerinde diňe prinsipial kommunistik edebiýat döretmek bilen ýok etmek boljak gowşaklygy şu ýerden gelip çykýar. Rus kommunizminiň ösüşiniň taryhynda milletçilik gyşarmasyna garşy göreşiň hiç haçan uly ähmiýeti bolan däldir. Geçmişde ýurdy soran millet bolan umuman ruslar, hususan-da rus kommunistleri milli zulmy başdan geçirmediler, käbir “welikoderžaw şowinizm” pikir-duýgularyny hasap etmän, umuman aýtsak, bularyň arasynda milletçilik meýilleri bolmady, şoňä görä-de bular beýle meýilleri ýok etmeli bolmadylar ýa-da ýok etmeli bolmadylar diýen ýalydyr. Milli zulum döwrüni başdan geçiren ezilen halklaryň ogullary bolan türk kommunistleri mundan tapawutlanýarlar, bularyň arasynda milletçilik gyşarmasy, milletçilik galyndylary hemişe bardy we häzir hem bar, ol milletçilik gyşarmasyny we milletçilik galyndylaryny ýok etmek türk kommunistleriniň nobatdaky wezipesidir. Bu ýagdaýyň biziň ýurdumyzyň Gündogarynda kommunizmiň kristallaşmagy işinde böwet bolup durýandygy şübhesizdir. Emma Gündogardaky kommunizmiň öz bähbitli tarapy-da bar. sosializmi praktikada durmuşa geçirmek işinde rus kommunistleriniň ygtyýarynda Ýewropanyň öňde barýan ýurtlarynyň tejribesi ýokdy ýa-da düýbünden ýok diýen ýalydy (Ýewropa esasan parlament göreşiniň tejribesini berdi), şoňa görä-de rus kommunistleri, birnäçe gutulgysyz ýalňyşlyklar goýberip, hut öz serişdeleri bilen sosializme tarap ýol açmaly boldular. Sosializm ugrunda rus ýoldaşlart bilen ýanaşyklykda alnyp barylan praktiki göreşiň baryşynda dörän türk kommunizmi mundan tapawutlanýar, türk kommunizminiň rus ýoldaşlaryň praktiki tejribesinden peýdalanmaga we ýalňyş goýbermezlige mükinligi boldy. Şu ýagdaýyň özi Gündogarda kommunizmiň çalt depgin bilen ösdürilmegi we mäkämlendirilmegi üçin ähli mümkinlikleriň bardygynyň kepili bolup hyzmat edýär. Şu ýagdaýlaryň hemmesi heniz hem ýaş türk kommunizmi barada partiýanyň Merkezi Komitetiniň ýumşagrak syýasat ýöretmegine sebäp boldy, türk kommunizminiň ýokarda görkezilen gowşaklyklaryna we kemçiliklerine garşy göreşmek işinde Gündogaryň durnukly kommunistik elementlerine köek bermek syýasatyny ýöretmegine sebäp boldy. Merkezi býuro – ýurdumyzyň gündogarynda milletçilik galyndylaryna garşy göreşmek çäreleri we komminizmi teriýa taýdan mäkämlendirmek çäreleri öz üsti bilen durmuşa geçirilmeli bolan apparatdyr. “Правда”gazeti, 12.01.1921 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |