12:56 A.M.Gorkä hat | |
A.M.GORKÄ HAT
Edebi tankyt
Gadyrly Alekseý Maksimowiç! Jogaby gijigip (juda gijigip!) ýollaýanlygym üçin köp-köp ötünç soraýaryn we maňa käýemezligiňizi haýyş edýärin. Işim halys başdan agdyk bolýar. munuň üstesine-de – birneme nähoşladym. Bu, elbetde meni aklap bilmez. Emma ol – bu zady düşündirer. 1). Biz öz-özüňi tankytsyz oňup bilmeris. Hiç oňup bilmeris, Alekseý Maksimowiç. Öz-özüňi tankytsyz hökman durgunlyk bolar, apparat çüýrär, býurokratizm öser, işçiler synpynyň döredijilikli iş başlaýjylygynyň düýbi opurylar. Elbetde, öz-özüňi tankyt duşmanlara material berýär. Bu barada Siziňki bütinleý mamla. Emma hut şonuň özi biziň öňe süýşmegimiz üçin, zähmetkeşleriň gurluşuk gaýratynyň gerimini açmak üçin, ýaryşy ösdürmek üçin, zarpçy brigadalar üçin we ş.m.-ler üçin material (hem-de itergi) berýär. Tersin tarapynyň öwezi oňyn tarap bilen doldurylýar we artygy bilen doldurylýar. Biziň kemçiliklerimizi biziň metbugatymyzyň juda çişirýän bolmagy, kämahal bolsa olary hatda (biygtyýar) afişirleýän bolmagy mümkindir. Munuň özi mümkindir we hatda ähtimal zatdyr. Bu, elbetde, ýaramaz. Şoňa görä, Siz biziň kemçiliklerimizi biziň üstünliklerimiz bilen deňeçerlemegi (men muňa – artygy bilen öwezini dolmagy diýip aýdardym) talap edýärsiňiz. Bu barada Siziňki, elbetde, mamla. Biz bu ýetmeziň üstüni hökman we gaýra goýman doldurarys. Bu barada şübhelenmeseňiz-de bolar. 2). Biziň ýaşlarymyz dürli-dürlidir. Hykgyldaýanlar, argynlar, umytsyzlyga düşenler (zenan tetelliler) bar. dogumlylar, şähdi açyklar, ýeňiş gazanmaga erk-islegleri we galdaw meýilleri bilen güýçliler bar. indi, biziň ýaşaýyşdaky köne aragatnaşyklary üzüp, täzelerini gurýan mahalymyzda, endik edilen ýollar we ýodalar syndyrylyp, täzeleri, endik edilmedikleri salynýan mahalynda, ilatyň ozal bol-elinlikde ýaşan tutuş toparlarynyň, ozal ezilen we egninden basylan millionlarça adamlar üçin ýol arassalap, kelebiniň ujuny ýitirýän we hatardan çykýan mahalynda, - ýaşlaryň bize duýgudaşlyk edýän adamlaryň bir kysymly köpçüligi bolup durmagy, olaryň arasynda gatlaklara bölünmegiň, bölünişigiň bolmazlygy mümkin däldir, ol mümkin däl ahyryn. Birinjiden, ýaşlaryň arasynda barlyja ata-eneleriň ogullary bar. ikinjiden, hatda (sosial ýagdaýy boýunça) öz ýaşlarymyzy alyp görenimizde-de, hemme kişiniň nerwleri, güýji, häsiýeti, könäniň ägirt uly möçberde syndyrylyşynyň we täzäniň biçak çaltlyk bilen gurulyşynyň şekilini kabul etmäge, hökman bolmaly we islenilýän şekil hökmünde, onuň üstesine-de “dynç almaga”, “bagyň hözirini görmäge” mümkinçilik bermeli bolan “ähliumumy abadançylygyň” jennet ýaly gülala-güllügine örän az meňzeýän şekil hökmünde görüp kabul etmäge düşünjesi birmeňzeş ýetik bolmaýar. Şu “baş aýlaýjy garym-gatymlykda” biziň aramyzda argynlaryň, jany ýangynlylaryň, sandan galanlaryň, umytsyzlyga düşenleriň, möwritini geçirýänleriň, galyberse-de – duşmanlaryň lagerine gaçyp geçýänleriň bolmazlygynyň mümkin däldigi düşnüklidir. Bular rewolýusiýada gutulgysyz bolýan “çykdaýjylardyr”. Indi esasy zat ýaşlaryň arasynda sözi geçýänleriň hykgyldaýanlar däl-de, eýsem kapitalizmi ýumurýan bolşewikleriň, sosializmi gurujylar bolan bolşewikleriň, ähli ezilenleri we gul edilenleri azat ediji bolşewikleriň täze, köp sanly nesliniň özeni bolan biziň söweşjeň komsomollarymyzdygydyr. Biziň güýjümiz şundadyr. Biziň ýeňşimiziň girewi-de şundadyr. 3). Munuň özi, elbetde, eňreýänlere, hykgyldaýanlara, şübhelenýänlere we ş.m.-lere ideýa taýdan (we başga her hili taýdan) guramaçylykly täsir etmek ýoly bilen olaryň sanyny kemeltmäge biz çalyşmaly däldiris diýildigi däldir. Gaýtam, biziň partiýamyzyň, biziň medeni guramalarymyzyň, biziň metbugatymyzyň, biziň Sowetlerimiziň esasy wezipelerinden biri şol täsir etmekligi guramakdan we düýpli netijeler gazanmakdan ybaratdyr. Şoňa görä biz (biziň dostlarymyz) Siziň şu aşakdaky teklipleriňizi: a) “За зубежом” žurnalyny guramak, b) A.Tolstoýy we beýleki galam hudožniklerini işe çekmek bilen “Garždanlyk urşy” hakynda ençeme populýar ýygyndylary çap etmek baradaky teklipleriňizi tutuşlygyna kabul edýäris. Ýöne şu işleriň hiç birini-de Radegiň ýa-da onuň dostlaryndan bir kimsäniň ýolbaşçylygy astyna berip bilmeris diýip, şunuň üstüne goşmak gerek. Gep Radegiň hoş niýetlerinde ýa-da onuň janypkeşliginde däl. Gep fraksion göreşiň logikasyndadyr. Radek we onuň dostlary bolsa ondan (ýagny göreşden) doly el çekenoklar (olary göreşe iteklejek käbir möhüm agzalalyklar galdy). Zatlaryň logikasy adamyň niýetleriniň logikasyndan has güýçlidir diýip, biziň partiýamyzyň taryhy (we diňe partiýamyzyň taryhy hem däl) öwredýär. Bu işlere ýolbaşçylyk etmegi syýasy taýdan durnukly ýoldaşlara tabşyrsak, Radegi we onuň dostlaryny bolsa işgärler hökmünde çeksek has dogry bolar. Şeýle edilse has dogry bolar. 4). “Uruş hakynda” ýörite žurnal guramak baradaky meseläni düýpli ara alyp maslahatlaşyp, biz häzir şonuň ýaly žurnaly neşir etmek üçin esas ýok diýen netijä geldik. Uruş meseleleri (men imperialistik uruş hakynda aýdýaryn) häzirki bar bolan syýasy 1urnallarda beýan edilse, maksada has laýyk bolar diýip, biz pikir edýäris. Has hem beteri, uruş meselelerini syýasat meselelerinden ýolmak bolmaýandygyna görä, çünki uruşyň özi syýasatyň ýüze çykmagy bolup durýandygyna görä şeýle edilse, maksada has laýyk bolar. Uruş hakyndaky hekaýalar dogrusynda aýdylanda bolsa, olary biçak seljermeklik bilen çap etmeli bolar. Urşuň “aýylgançlyklaryny” suratlandyrýan we her bir hili uruşy (diňe bir imperialistik urşy däl, eýsem her bir hili urşy) ýigrenmek duýgusyny gandyrýan örän köp çeper hekaýalar kitap bazarynda bar. olar uly bahasyz buržuaz-pasifistik hekaýalardyr. Bize okyjylary imperialistik urşyň aýylgançlyklaryny aýryp, şonuň ýaly uruşlary guraýan imperialistik hökümetleri ýeňip geçmek zerurdygynyň düşünjesine eltýän hekaýalar gerek. Mundan başga-da, biz her bir hili uruşa garşy däl. Biz kontrrewolýusion uruş hökmündäki imperialistik uruşa garşy. Emma biz azat edijilikli, antimperialistik, rewolýusion uruşyň, mälim boluşy ýaly, “gan döküşlik aýylgançlyklaryndan” halas däldigine, gaýtam olaryň hatda örän köp bolýandygyna garaman, şonuň ýaly uruşyň tarapdarydyrys. Meniň göwnüme bolmasa, urşuň “aýylgançlyklaryna” garşy ýörişe ugrajak bolýan Woronskiniň ýörelgesi buržuaz pasifistleriň ýörelgesinden örän az tapawutlanýar. 5). Bizde, biziň metbugatymyzda, dine garşy propoganda meselelerinde uly bulaşyklygyň höküm sürýändigi dogrusynda Siziňki bütinleý mamla. Kämahal duşmanlaryň degirmenine suw guýýan çakdanaşa samsyklyklara ýol berilýär. Bu barada edilmeli işiň hetdi-hasaby ýok. Emma men dine garşy göreşýän ýoldaşlar bilen Siziň teklipleriňiz dogrusynda entek gepleşip göremok. Men Size bu dogruda indiki gezek ýazaryn. 6). Kamegulowyň haýyşyny kanagatlandyryp bilmeýärin. Wagtym ýok! Ondan soň hem, walla, men tankytçy däl ahyryn! Tamam. Eliňizi pugta gysýaryn we Siziň jan saglygyňyzy isleýärin. Salamyňyz üçin sag boluň. I.Stalin. Size Russiýadan wraç gerek diýýärler. Şol dogrumy? Hut kimi isleýärsiňiz? Ýazyň – ýollarys. I.St. 17.01.1930 ý. | |
|
√ Aýdyp bolmaýan pikir ýok, aýdyp bilmeýän adamlar bar - 05.12.2024 |
√ Söýginiň tarypy - 14.10.2024 |
√ Amin Maluf we "Empedoklyñ dostlary" - 03.03.2024 |
√ A.M.Gorkä hat - 19.10.2024 |
√ Palestin ýazyjysy Gassan Kanafaniniñ "Haýfa gaýdyp gelmek" hekaýasy hakda - 16.06.2024 |
√ Ýaş şahyrlar we şahyr ýaşlar - 10.01.2024 |
√ Döredijilikde ideýa meňzeşligi bolup bilermi?! - 07.06.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |