MÜFTÜLIKDE BOLAN JYNSY ZORLUK
Çorumyñ Kargy ilçesi eýýäm birnäçe aý bäri müftülikde bolup geçen jynsy zorlugy dilinden düşürenok. Jebir çeken ýaş gyz häzir 24 ýaşyna giren K.T. diýen biri.
K.T.-nyñ aýtmagyna görä...
Ol entek başlangyç mekdepde okap ýörkä, ejesi ikinji gezek äre çykyp, Ý obasyna göçdi. Ýatymlaýyn okuwa berlen K.T. kanikul günlerinde ejesiniñ ýaşaýan obasyna gelerdi.
Häzirki wagt kakalygynyñ körekeni bolan H.B.A.-nyñ öýünde onuñ çagalary bilen oýnap wagtyny geçirýärdi. Şindi 42 ýaşan we Kargy müftüliginde sürüji bolup işleýän H.B.A. öýe gelende bet niýeti oýanyp, K.T.-a göz gyzdyrmaga başlady.
Betpäl ýaşajyk gyzjagazy zorlama ýaly ile-güne sygmajak gabahatlygyny dagda, tokaýda, oba ýollarynda, boş jaýlarda we gulaklaryñyza ynanmarsyñyz oba arçynlygynyñ binasynyñ içindäki müftüligiñ arhiw otagynda-da dowam etdi.
K.T. prokuraturada beren görkezmesinde şulary aýtdy:
“Meniñ bilmedik, düşünmedik, etmek üçin ýaşymyñ ýetmeýän jynsy gatnaşyklary maña werziş etdirdi. Öýünde, Kargy müftüliginde, dagda, tokaýlykda, öýüñ golaýyndaky boş hütdük jaýda jynsy ýakynlyk edýärdi. Maña on ýaşymdan bäri ýanaşyp geldi. Men ony kakam ýaly görýärdim. Olam meniñ bu ýakynlygymy we sylag-hormatymy öz bet niýetlerine çolaşdyrdy.”
• SES ÝAZGYSY ORTA ÇYKDY WELIN...
K.T. jynsy zorlugyñ liseýde we uniwersitetde okap ýörkä-de dowam edendini, munuñ üçin öz janyna kast etmähe synanşandygyny, ejesiniñ maşgalasy bozulmasyn diýip arz etmändigini aýtdy. Hatda K.T yzygiderli zorlukly gatnaşyga uçraýandygy üçin jynsy synalarynyñ ösüşi-de üýtgäpdir.
Ýaş gyz H.B.A. bilen aralaryndaky gürrüñiñ ses ýazgysyny prokuratura subutnama hökmünde görkezdi. H.B.A. ses ýazgysynyñ orta çykanyna “Özüme erk edip bilmedim” diýdi.
Geçen 7-nji maýda tussag astyna alan H.B.A. çagany zorluk ulanyp jynsy gatnaşyga itermek we ony azatlygyndan bikanun mahrum etme ýaly etmişleri etmekde aýyplap, aýyplaw işini açdy.
Aýyplaw işinde şeýle setirler bar:
“Ses ýazgylary diñlenende, jebir çeken bilen güman edilýäniñ arasynda jynsy gatnaşugyñ bolandygyñ görnetindigi, ýanaşygyñ haçan başlandygy boýunça şübhelenmäni jebir çekeniñ gürleşýän wagtynda geçmişde başyndan geçiren tejribesinden söz açyp we güman edilýäniñem inkär etmän ortadan aýrandygy…”
K.T.-niñ jynsy zorluga uçran otagyny suratlandyran “Hökümet binasynyñ içindäki müftüligiñ arhiwiniñ ýerleşen gatyny we ýerini jikme-jik gürrüñ berendigi, görkezilen otagyñ herkes tarapyndan tapyp boljak ýerde däldigi” aýdyldy.
• MÜFTINIÑ WEKILI-DE BAR
Hususanam, K.T. Kargy müftisiniñ wekili bolup işlän F.K.-niñ hem H.B.A bilen aralaryndaky gatnaşygy bilip, özüne ýakynlaşandygyny aýtdy. K.T. munuñ bilenem 2014-2015-nji ýyllarda müftülikde telim gezek jynsy gatnaşykda bolandygyny aýtdy. Emma özi razy bolup ýanaşandygy üçin F.K.-ni jogapkärçilige çekip bolmady.
Kargydaky jynsy zorluk skandalyndan soñ arçynlyk derejesinde adminstratiw jogapkärçilik işi açyldy. Iş toplumy boýunça Kargy müftisi Mahmut Uluşahanyñ hem görkezmesi alyndy.
Uluşahan 17-nji aprelde beren düşündirişinde şulary ýazdy:
“Biz - dine wekilçilik we teblig eden guramanyñ meýletinçileri. Biziñ ak gar ýaly sarygymyz, şübhämiz tegmili kabul etmez. Oba ymamlarymyz "Vefa" haýyr-sahawat toparynda halka hyzmat etmek üçin bazara gelip-gidýärler. Gynansak-da, bu ýakymsyz wakadan soñ başymyz ýere egildi. Adamlaryñ içine çykyp, ýüzlerine sereder ýaly halymyz galmady.
Bazarda bir ymamymyza 10-15 metr daşlykdan gaty ses bilen "Mollam, müftilikde nämeler bolup-geçýär?" diýip, ýañsylaýjy terzde gygyrypdyrlar. Ýene bir işgärimize "Mollam, siz "Vefa" haýyr-sahawat topary üçin işleýärsiñiz, emma ýoldaşlaryñyz sizi masgara etdi, bar eden azabyñyz puja çykdy" diýipdirler.
Ilçäniñ baş metjidinde bir jynaza namazynda ymam ýoldaşymyz "Hatarlaryñyzy gönüläñ, muhterem jemagat" diýende, yzdan bir ses "Hatarlaryñyzy gönüläñ, yzyñyza bek duruñ, ymamlaryñ näme etjegi belli däl, bulara ynanyp bolmaz" diýipdir.
Ýañy tanap, öwrenşip başlamaga başlan ilçämde nijeme gowy arzuw-hyýallarym, ýagşy etsem-petsemlerim bardy. Wagyzlarymam gowy görüp diñleýärdiler. Emma indi başymyz ýere egildi, münbere çykarlyk ýüzümiz galmady. Sagdan-çepden gep sokýan ildeşlerimiziñ garşysynda hemme ymamlarymyza sabyrly we sowukganly bolmalaryny maslahat berýärin.
Diniñ, dini işler ministrliginiñ, müftiligiñ we ymamlarymyzyñ at-abraýyny, ygtybaryny goramak üçin bubgara tegmil haýal etmezden aýrylae diýip umyt edýärin. Guramamyza bu gabahatlygyñ ýokmajagyna we munuñ bilen hiç hili ylalaşmajagyna şek-şübhäm ýok.
Wekilçiligimize we tebilg wezipämize dowam edip, peýdaly işlere ýardam etmegimiz we bu gep-gybatdan halas bolmagymyz üçin F.K.-dyr H.B.A.-nyñ işiniñ ilçeden başga ýere geçirilse maksada laýyk bolar diýip hasaplaýaryn.”
Adminstratiw işiñ netijesinde H.B.A. we F.K. göz astyna alyndy. F.K.-niñ işi başga etraba geçirildi.
Ysmaýyl SAÝMAZ.
"Sözcü" gazeti, 08.11.2020 ý.
Jemgyýetçilik tankydy