20:20 Hezreti Polat Alemdar | |
HEZRETI POLAT ALEMDAR
Geň-taňsy wakalar
"Möjekler mekany" ("Kurtlar Vadisi"/"Долина волков") telewizion serialynda Polat Alemdar atly çeper obrazy janlandyran meşhur aktýor Nejati Şaşmaz şu ýylyñ 17-nji maýynda iki çagany dogrup beren aýaly Nagehan Kaşykçy bilen aýrylyşdy. Dogrusy, olar iki ýyldan bäri bile ýaşaşanokdylaram. Ýöne bu aýrylşygyñ bir är-aýalyñ oñşuksyzlygyndan has düýpli we başgarak sebäpleri bar eken. Şaşmazyñ müridi bolan tarykaty we onuñ özüniñ Mätidigini aýtmagy bu maşgalany dargatdy. • Sekiz ýaşly çagajyga "Agabeý" diýýärler Şaşmazyñ kakasy Abdylkadyr Elazigiñ Harput şäherindäki kadyry tekgesiniñ şeýhi. Onuñ ogly Nejati hem şol tekgäniñ müridi. Nagehan Kaşykçynyñ aýtmagyna görä... Şaşmaz sekiz ýaşlyja ogly A.N.-ni zikire äkidýär. A.N. tarykatyñ lideri hökmünde görülýär. Garry müritler A.N.-ä "Agabeý" diýip ýüzlenýär we çagajygyñ önünde iki bükülip elini öpýär. Şeýle zikirden alnan bir wideoşekil Stambulyñ 2-nji maşgala sudunda seredilen aýrylyşma hakyndaky iş bukjasyna çatyldy. Kaşykçynyñ alan wideoşekilinde arasynda Nejati Şaşmazyñam bolan müritler topary zikir çekýär. Zikiri alyp barýan Şaşmaz ata we körpe A.N. halkanyñ ortasynda dur. • Özüni Mäti hasaplaýar Nagehan Kaşykçy ýene bir täsinligi orta atdy, Nejati Şaşmaz özüni "Mäti" we "saýlanan kişi" saýýar. Sud materiallaryna hödürlenen we şu gün ilkinji gezek mälim edilen ses ýazgysynda Şaşmaz kakasynyñ çykany Irfan T.-ä "Men saýlanan adam" diýýär. Ol pygamberlere we erenlere bagyş edilýän mistik ruhunyñ bardygyny... Dostunyñ gören düýşünde özüniñ Hezreti Muhammet pygamberiñ (s.a.w) keşbinde görünendigini... Dünýä üçin ähmiýetli işler edýändigini gürrüñ berýär. Irfan T. oña "Sen psihologa görünseñ näder?" diýse, Şaşmaz "Ýok, gynansak-da, men saýlandym" diýip jogap berýär. Hernä heniz-ä Mätidigini yglan etmedi. Ýogsam bolmasa... bir gözi açyk şeýhiñ "Mäti geljekmiş, köp gadyr goýuljakmyş" diýip uly ses edip käkeläp bilýän Türkiýesinde Hezreti Polat Alemdaryñ gapysynda "ýanmaýan kepen" dyknyşygy, naly-şerif nobatlary dörärdi. Ysmaýyl SAÝMAZ. "HALKTV", 06.09.2021 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||