11:05

Nädip körsowatlaşdyk?

Nukdaýnazar
Категория: Nukdaýnazar | Просмотров: 406 | Добавил: Gökböri | Теги: Ugur Görgüli | Рейтинг: 3.2/4
Awtoryň başga makalalary

Nukdaýnazar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 14
0
1 Gumlygelin0700  
1545
Hmm... Ugur Görgüli beý diýdi... Ylalaşýan.
Eger Çingiz han halky gyrgyna berip, gizlenip çöpe-çöre siñip galanlardan köpelmedik bolsak, eger orslar gelende özüne göwni ýetýänler serhetden aşmadyk bolsa, söñ 37-iñ tutha-tutlygy, 41-45-iñ urşy bolmadyk bolsa biz hem men-men diýen erkek kişisi az däl-de köp millet bolardyk.

0
2 Remezan  
1397
Onda-da ylym-bilimli adamlar köpeldigiçe zalymlygam, birehimligem artýar.
Alymlyk derejä ýeten kişileriñem ýa zürýatsyzdyr, ýa nesilleri sansyz, hat-da hiç zat bilýän däldir...

0
3 Gurgencli  
324
Aýdara, diýere makala goşmaça edere bize-de hä söz ýokdur.
Ýazanyň, terjime edeniň jany sagbolsun diýäýmesek.

0
4 hanturebs  
755
Ilki bilen taryhda käbir oýlap tapyjylaryň we alymlaryň öldürilmegi, "olaryň genetiki mirasyny doly tamamlady" diýen netijäňiz ylmy faktlara gabat gelmeýär. Genler biologiki çagalaryň üsti bilen geçýär. Bu adamlaryň ir öldürilmegi olaryň genetiki mirasynyň doly ýitendigni aňlatmaýar. Şeýle-de aň-düşünjämiziň peselendigni aýtmagyňyz juda ýalňyş. Biziň her birimiz döredijilikli we oýlanyşykly bolup bilýäris. Bu ukyplar köplenç genetiki çäkler däl-de, bilim we daşky gurşawyň faktorlary bilen şekillendirilýär. Eger daşky gurşawyň negatiw täsiri taryhdaky alymlaryň öldürilmegi bilen gös-göni baglanyşykly diýseňiz bu hem ýalňyş. Adamlaryň duş gelýän kynçylyklary we daşky gurşawyň ýagdaýy taryhy wakalar, sosial-ykdysady faktorlar we syýasy gurluşlar ýaly dürli faktorlar bilen kesgitlenilýär. Muny bir waka ýa-da belli bir toparyň hereketleri bilen baglanyşdyrmak çylşyrymly we köp ölçegli sosial dinamikany äsgermezlik etmekdir. Öldürilen oýlap tapyjylaryň we alymlaryň pikiriň we ylmy ösüşiň togtadylmagyna sebäp bolandygyny aýtmak, olaryň yzyna eýerip, olardan ylham alan beýleki oýlap tapyjylary we alymlary äsgermezlik etmekdir.
Netijede, bu argumentleriňiz taryhy faktlary hem-de genetiki ylymlaryň esasy ýörelgelerini nädogry düşündirýär.

0
5 baharaliyeva39  
1028
Awtoryň ýazgysynda gozgalýan meseleleriň aglabasy dogry. Belki agzap geçen ýokary derejedäki düşünjeli şahsyýetler ýok edilmedik bolsa ýa-da kitaphanalar ýakylmadyk bolsa hem medeniýet, hem kültür hem de ylym ulgamy mundan hem ziýada ösüp bilerdi. Muňa mysal hökmünde mongollar ençeme kitaphanalary ýakyp Yslam medeniýetiniň oňurgasyny döwdiler. Gaýdyp öňki ösüşine gowuşmasy wagt aldy, bady gowşady.
Ýöne muňa garamazdan ençeme bilim adamlary, astronomiýa bilen meşgullanýan alymlar, filosofiýada öňdebaryjy adamlar taryhyň belli bir wagtynda döwrüň soltanlarydyr padyşahlary tarapyndan goralypdyr. Öz köşklerinde olara talyplar yetişdiripdirler.
Edil häzirki wagta bolsa adamzat döredijilikde, bilimde, tehnologiýada ösüşde. Her ýyl hiç garaşmadygyň zatlar oýlap tapylýar. Çünki näçe genler ýok edilse de Ýaradyjy ýok edilenok. Awtor biraz meseläni ulaldypdyr diýsek öte geçdigimiz bolmaz.

0
6 sylapberdimuhamov  
1428
Ýanymda bolýan dostum hazir ruslaryñ Omar Haýýam hakdaky düşüren çeper filimini görüp ýör. Hem haýran galýar: filmde selçuklar Allahyñ ady bilen kitaplary ýakyp ýörler-aý diýýär. Elbetde, çeper filmde taryhy faktlar ulaldylyp-kiçeldilip biliner. Yöne musulmanlaryñ Aleksandiriýa kitaphanasyny bu kitaplaryñ hemmesiniñ manysy Kuranda bar diýip ýakyp goýberenmişler.

0
7 sylapberdimuhamov  
1428
Onsañam diñe mongollary ýazgarmalyñ-da. Musulmanlar Horezme gelende gadymy türk dilinde ýazylan kitaplary ýakypdyrlar. Knýaz Swyatoslaw Hazar kaganatyny basyp alanda oda berilen kitaphanalaryñ yagtysy gijelerine näçe kilometrden bir hepde görnüp durupdyr. Aleksandr Makedonskiý Baktrýany basyp alanda Awestanyñ näçe kitabyny hut özi ýok etdiripdir. Bu diñe üç primer, umuman aytjagym häkimiýetler, imperiýalar ylmyñ ösmegini islänok. Ylym ösen ýerde erkinlik bar. Hereket edýän her bir häkimiýete ylym gerek dâl. Ylymly adamlaram gerek dâl.

0
8 baharaliyeva39  
1028
Sözlemde diňe mongollar ýakdy diýen gürrüň geçmedi. Ol diňe bir meselem.
We beýleki dinlerde, beýleki hökümdarlyklarda kitap ýakmak ele geçiren topraklarynyň medeniýetini, dilini ýok etmek maksady bilen hem ýakylýar. Olara sorasaň bardyr bir özüne mahsus jogaplary. Meselem ruslaryň türkmen topraklaryndaky mesjitleri ýok edişi ýaly. Käbir ýakylan kitaphanalar biziň bilýänlerimiz, bilmediklerimiz hem bardyr.

0
9 Haweran  
411
"Ruslaryñ türkmen topraklaryndaky mesjitleri ýok etmegi" - ullakan ÝALAN-dan ybarat! Bu ullakan ýalany köplenç türk alymlary köp gaýtalaýar. Sebäp, olar Orta Aziýany bilenoklar, tananoklar. Oturan ýerlerinden taryh satýarlar.
Gynansak-da, Bahar hanym hem Stambulda okansoñ, ol ýerde okan edebiýatlarynyñ täsirindenmi nämemi, bu ýalana salgylanypdyr.
Eger gazaklar ýaly bizem ruslara birigen wagtymyzdan 100-150 ýyl has öñ birigen bolsak, ylym-bilim, medeniýet şowagtkysyndan we şumatkysyndan has ösen ýagdaýda bolardy ýa-da özbekler ýaly, iñ bolmanda azerbaýjanlar ýaly birnäçe hanlyklar görnüşinde ýaşanam bolsak, ylym-bilim ojaklarymyz bolardy, ylymly-bilimli adamlarymyz bolardy we olar sowet imperiýasyna birigenimizden soñam halkymyzyñ medeni derejesiniñ ösmegine hyzmat ederdiler. Netijede metjitlerimizem ýykylmazdy, başga zatlaram ýerinde durardy. Intellektual adamlarymyz bolmansoñ ýa-da az bolansoñ biri-birimizi çapdyk, biriniñ guranyny beýleki ýykdy. "Bir-biriñi çapmak ermes ärlikden, Bu iş şeýtanydyr, belki körlükden". Şeýdibem şu günlere gelip ýetdik. Ýokarda awtoryñam aýdyşy ýaly, "agşamara köçä gezim etmäge çykanyñyzda biri-biriñize syn ediñ": Heý, üýtgän zat barmy?..

* * *

Sözüm gury bolmaz ýaly bir mysal. Asly lebaply bir gatnaşýan oglanym bar, onuñ garry enesi güýçli tebip bolan (onuñ hem ejesi Buhara emiriniñ köşk tebibi), onsoñ şol ýaşy segsenden geçen tebip mamany obanyñ kolhoz başlygy "tebipçilik edýäñ" diýip türmä basdyrýar, şonda ýañky zannyýaman kolhoz başlygy tebip mamanyñ her ýüz tutup gelen adamyñ keselini, kesel taryhyny, ony näme bilen bejerýändigini ýazyp goýan bir gara öý doly arhiwini otladýar. Görgüli mama şonda "wah, bulary otlanyñyzdan meni otlasañyz has gowy bolardy..." diýip, gynanypdyr. Şol gynanç bilenem türmede ýogalyp gelipdir. Aýdyşyndan ol häzir dünýä medisinasynda emi tapylmaýan düwnük (rak) keselini hem bejerýän eken. (Munuñ taryhy uzyn. Geljekde bu barada giñişleýin ýazaryn).

* * *

Türkmen halky soñky döwletsiz ýaşap geçen asyrlarynda umuman alanda dine onçakly üns beren millet däl. Dünýewilik, erkanalyk (köpimizde başyna gidenlik, kakabaşlyk) bizde has agyr basýar.
Şu soragy orta atalyñ:
Ruslar nämüçin ala-böle Türkmenistandaky metjitleri ýok etdikä? Ýurdumyzyñ çäginde sekiz asyra golaý wagt döwlet garasyny görmedik dagynyk türkmen tire-taýpalary näme metjitleriniñ ýykan-ýumranlyga uçran wagty yslamyñ arkadaýanjydymy? Oba-kentlerimiz yslam ideologiýasynyñ merkezlerimidi?
Bolşewiklere, bolşewistik ideologiýa garşy baýdakgöterijilik etjek milli ideologiýamyzyñ we intelligensiýamyzyñ, dini we medeni taglymatymyzyñ ýoklugy ýa-da inçelip-inçelip üzülere gelen wagty diýjekmi, halkyñ aglaba böleginiñ sowatsyzlygy diýjekmi... Haýsysyny sanajak?...
Hywa, Buhara, Samarkant, Kazan, Bakjasaraý, Derbent... ýaly yslamyñ we ylym-bilimiñ ojaklarynda ýeke metjit ýykylmady, üstesine ýetmiş ýyllap Sowet Soýuzy dargaýança halka açyk ýagdaýda işläp geldi.
Metjitlerimizi öz içimizden dörän ýagylar, biri-biriniñ etini iýse-de doýmaýan içi kitüwli agzala çinownikler ýykdyrdy. Taryha dogruçyl baha bereliñ.

* * *

Makala barada aýdanda bolsa, umumylaşdyrylyp ýazylan we awtoryñ diýmek isleýän zady başga. Awtoryñ esasy gozgamak isleýän zadyna düşünmändiklerine görä hem bu boýunça ýazylan teswirler ýöntem bolupdyr. Bu barada soñ ýazaryn.

0
11 baharaliyeva39  
1028
Türkiýe Diyanet Vakfı İslâm Ansiklopedisi
Prof. Dr. Ahmet Buran, Kurşunlanan Türkoloji
Mehmet Saray, Türkmen Tarihi
Durmuş Tatlılıoğlu, Türkmenistanda Dini ve Tarihi ziyaret yerleri.
Mehmet Kara, Türkiye Dışı Türk şiiri.
Atatürk Yüksek Kurumu, Türk dünyası edebiyatı tarihi.
Ekrem Özbay, Türkmenistan tarihinde eğitim, bağımsızlık ve din.
Saadettin Gömeç Türk Cumhuriyetleri ve Toplulukları Tarihi.

Haweran Aga, bularyň hemmesi ýalançy bolup bilermikä? We munuň ýaly birnäçe alymlar, professorlat bir ýalan üçin özleriniň mertebesini düşürip bilermi size görä? Aýdaly bular ýalançy. Halkyň ýady, hakydasy, geçmişde ýaşanlary, nesillerine nämeler ýaşandygyny aýtmasyna näme diýýärsiňiz. Halkyň üstünde bir güýç bardy. Garşy çykanyň näme boljakdygyny aýtmaga hajat ýok.
Sizem özüňize görä haklysyňyz, dogrylyk paýyňyz bardyr. Ýöne umumulaşdyryp "ýalançy" sypatyny ýapyşdyryberýäňiz we bu size gelişenok diýip pikir edýän.
We taryhy çeşmeleri ele alyp yazan adamlar muny oturan ýerinde yazanoklar. Gidýäler ol ýeriň halky bilen gürrüňdeş bolyalar. Bellikler alýalar. Arhiwlere barýalar. Bu siziň aýdyşyňyz ýaly däl. Gerek bolsa 2 ýylyny geçirip ol ýerlerde ýaşayalar. Tema türkmen we beýleki türk halklaryny deňeşdirmek däl. Aýtjak bolan zadym ruslaryň türkmenler üstündäki basyşçy uly güyji bolandygyny belläpdim.
We käbir platformalar käbir zatlary çekeleşmäge mümkin bolan ýer däl. Ýoksa aýdyljak zat köp. Taryh bu. Giňiş. Ägirt uly.

0
10 Хезретгулыев  
1504
Sylapberdi aga bilen menem ylalaşýan. Hakykatdan-da ýurt dolandyryjylary üçin akylly, sowatly... adamlar näçe az boldugyça olaryň özlerine peýda. Sebäbi adam näçe güýçli boldugyça, ol islendik işde, gündelik durmuşynda erkinligi küýseýär, kimdir birine boýun bolasy gelenok. Beýle kişileri dolandyrmak kyn bolýar. Emma gowy zat: ýokary pozisiýaly adamlaryň içinde-de wyždanlylary, halallary bar. Şoña-da şükür.

0
12 Babyşgalaly1628  
1559
Дуйн оннинликде шу ерде Аллаяр Чуриевин "Гунделигимде галанлар" диен макаласындакы сетирлер ядыма душди "Аллаяр Чуриевин язан затларыны энтек чап этмекден сакланын. О довур хакында энтек бир чукура туйкурленок''.
Ине шужагаз сетирлерем яшаян жемгиетимиздаки ылым-билим угрундан ишлейанлере доландырыжы топар тарапындан эдилйан талап. Горкезилен чызыкдан чыксан ода бишмегинем, дашланмагынам даш дал. :)

0
13 sylapberdimuhamov  
1428
Demokratik döwletiñ baştutany bolan bolýan, aslynda halky reźim astynda saklaýan hökümdarlaryñ öz çüyrük ideologiýasyny wasp etdirmek üçin ýurduñ intelligensiýasyny, sungat wekillerini eşege öwürme praktikasy SSSR döwründe hem bardy. Ýöne ol döwürde hem genial despotlar bolupdyr. Bir bolanmyş diýilýän wakany aýdyp beresim geldi.
Uly ýygnak gidip dur. SSSR-iñ Yazyjylar soýuzynyñ geçirmeginde. Oña hut I.W.Stalinem gatnaşýarmyş. Ýygnagyñ sebäbi bir atly ýazynynyñ täze romanyna Stalin baýragyny bermek hakynda. Şol wagt ýazyjylaryñ biri ýerinden turup:
- Iosif Wassiryonowiç bu ýazyjy Stalin baýragyny berip bolmaz- diýenmiş.- Bu ýazyjy baryp ýatan heleýbaz ahyryn - diýenmiş.
Şol wagt Stalin ol ýazyja garap:
- Biz Stalin baýragyny romana berýas, ol yazyja däl ahyry. Goý, ol heleýbaz bolsun, beýleki bolsun, ýazan zady gowy dälmi. Boldy sowal-zowal ýok - diýenmiş.

0
14 sylapberdimuhamov  
1428
Ýokarda bolan bolmagy ahmal waka despotlaryñ hem parodoksal häsiýetlerini görkezenokmy?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]