10:57 "Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." | |
"NÄME BOLSA, ÝENE BOLSUN ŞONÇARAK..."
Goşgular
Dünýäm gurşap aldy gamly dumanlyk, Gelermikä indi giden şatlygam? Kime gerek beýle nepsiz juwanlyk Kime gerek beýle düňle ýaşlygam Unudulyp galdym duman düýbünde Tozan basdym, emma kalbym kireňsiz Geljek diýe ýaşap ýörün düýnümde Girewli ömri hasaplap men girewsiz Asla haraý islamogam hiç kimden, Her kimiňem öz gaýgysy ýetikdir Myhmanyňky diýilýädi üç günden, Aýralykdan ençe hepde ötüpdir Münejjimler ýylylygy söz berdi, Wagtyndan öň, aýaz boldy howalar Gözmonjukly söýgümize göz degdi, Nirde yrym-ýorum, nirde dogalar?! Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak, Ykbal seni ýigrenç gözde görmesin Söýgi bilen bir enaýy gunçalap, Ömür sährasynda bagtyň güllesin Ylham GURBANALYÝEW. 2022.08 | |
|
√ Dostum, arz et jemalyň, janymyz bolsun fereh... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Ýa Biribar / Goşgular - 30.01.2025 |
√ Bu köňlüm zowrakyn aldy bu gün bir gunça leb gülruh... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Şaglawuk / Goşgular - 02.01.2025 |
√ Kowusnama: Bedew edinmek hakynda / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Aramyzdan gidenleri ýatlalyñ! / Goşgular - 12.01.2025 |
√ Söýlemezlik harjysy söýlemegiň hasydyr... / Goşgular - 04.01.2025 |
√ Bir dem ol dilber jemalyndan yrak olmak ne güýç... / Goşgular - 01.01.2025 |
√ Ýar laglyň arzuwlar men, jana bereý sen şypa... / Goşgular - 06.01.2025 |
√ Dünýä maňa aşyk bolsun! / Goşgular - 07.01.2025 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |