12:38 Napoleon Bonapart. Onuñ ömri we döredijiligi | |
NAPOLEON BONAPART. ONUŇ ÖMRI WE DÖREDIJILIGI
Taryhy şahslar
Iki ýüz elli iki ýyl öň 1769-njy ýylyň 15-nji awgustynda dünýä inen Napoleon Bonapart üstün çykan söweşlerinden soň özüni Fransiýanyň imperatory diýip yglan edipdir. Hökümdarlyk süren döwründe Ýewropanyň köp ýerini basyp alypdyr. Kabul eden kanunlarynyň häli-häzirlerem hereket edýändigi onuň näderejede öňdebaryjy pikirli beýik hökümdar bolandygynyň aýdyň görkezijisidir. Napoleon Bonapart birinji gezek 1796-njy ýylda Žozefina Bogarnä öýlenýär. Onuň aýaly Žozefina ýazan hatlary häzir Fransiýanyň döwlet muzeýinde saklanýar. Heniz ýigrimi alty ýaşly ýaş ofiserkä söýgi temasyndan ýazan “Clisson et Eugénie” romany okyjylary biperwaý goýmaýar. Ikinji aýaly Mariýa-Luiza Awstriýskaýa bilen nikalaşýar. Onuň Mariýa ýazan owadan sözli we mähir-muhabbet bilen dolup-daşýan hatlaryndan başga-da, ogly üçinem ündewler ýazypdyr. Napoleony ýaş general wagty ýyldyzyny parladan zat – 1799-njy ýylda Müsür ýörişine çykanda ýanyna alan 150 sany alymy, inženeri, arheology, suratkeşi arkaly müsür taryhyny öwreniş ylmynyň öňüni açmagy bilen baglanyşykly ýatlanylýar. Olaryň oýlap tapan “Rosetta” daşy müsür ieroglifleriniň okalmagynda aýgytlaýjy rol oýnandygy üçin bu açyş taryhyň iň möhüm pursatlarynyň biri hasaplanýar. • “Duşmanyň ýalňyşanda, ara giriji bolma” 1804-nji ýylda özüni Fransiýanyň imperatory diýip yglan eden Napoleon täç geýme dabarasynda Rim papasy Piý VII-niň elinden alyp täç geýipdir. Dabarany şekillendirmek üçin ýörite bellenen Dawid bu adatdan daşary wakany surata geçirmegiň deregine Napoleonyň aýaly Žozefinanyň täç geýme pursatyny ebedileşdirenini gowy görüpdir we onuň dabara gatnaşmadyk ejesinem balkona ýerleşdiripdir. Bütin Ýewropany birikdirip ýeke-täk döwlet gurmagyň arzuwynda gezen Napoleon Ýewropa bileleşiginiň hem ideýa atasy hasaplanýar. Hökmany başlangyç bilimi we standart ölçeg birliklerini basyp alan ýurtlarynda hem ulanyşa girizmegi ýatdan çykyp giden gowy işleriniň biridir. Ýoluň ugrunyň sag tarapdan bolmagyny hökmany ýerine ýetirmeli kadalaryň birine öwrüp, gatnawlary kadalaşdyrypdyr. Häzirki wagtda ýoluň ugry çep tarapdan bolan ýurtlaryň hataryna Napoleonyň basyp alyp bilmän galan ýurdy Angliýa we onuň koloniýasyna girýän ýurtlar girýär. • “Bir işiň gowy edilmegini isleseň, özüň et” Bütin Ýewropa ýurtlaryna ýaýylan goşunyny ekläp-saklamak maksady bilen azyk önümleriniň has uzak wagtlaýyn zaýalanman saklanmagy üçin dürli usullaryň oýlanyp tapylmagyna sebäp bolan Napoleon häzirem ulanylyp ýörlen konserw gapyrjaklarynyň önümçiligine ýol açypdyr. Çüýşe bankalara goşunyň ähli şahsy düzümine ýeter ýaly iýmitiň sygdyrylmagy bolsa, banka önümçiliginiň ösmegine getiripdir. Öz guran imperiýasyna mahsus täze röwüş döretmek islän Napoleon 1759-njy ýyldan bäri dowam edip gelýän neoklassyky moda düşünjesiniň we Pompeý şäheriniň galyndylarynyň tapylan wagtyndän bäri dowam edip gelýän antik rim döwrüniň geýniş terzleriniň durgunlaşmasy üçin ýörite kada-kanunlary girizipdir. Bu çäre Fransiýanyň şertlerine o diýen utgaşyp barmaýanam bolsa, ýurduň tekstil senagatynyň ösmegine önjeýli goşant goşupdyr. • Napoleon Bonapart hakynda az bilinýän taryhy faktlar Imperatrisa Žozefina Bogarne bilen Osmanly soltany Mahmyt II-niň ejesi Nakşidil soltanyň çykandygy rowaýat edilýär. Aýdylyşyna görä Žozefina ýaly martinikli Aimi Dubuk de Riweriniň gämisine Ortaýer deňzinde garakçylar çozupdyr we ol Soltan Abdylhamyt I-iň haremine satylypdyr. Ady üýtgedilip Nakşidil goýlan gyrnagyň ogly Mahmyt II-niň hökümdarlyk süren ýyllarynda günbatarlylaşma prosesiniň hasam artandygy aýdylýar. Russiýanyň garşysyna giren urşunda maddy üpjünçiligini gowulandyrmak üçin Fransiýanyň Amerika yklymyndaky ýerlerini satan Napoleon ABŞ-nyň az wagtyň içinde iki esse ulalmagyna sebäp bolupdyr. Häzirki wagtda Luiziana ştatynda häzirem güýjüni ýitirmän gelýän “Code Napoleon” kanunlary hereket edýär. Ýaş generala haýran galyjylyk bilen ýazan 3-nji simfoniýasyna “Bonapart” adyny beren Bethowen hökümdarlygy we monarhiýalary ýazgarýandygy üçin 1804-nji ýylda Napoleonyň özüni imperator diýip yglan edendigi sebäpli onuň saz notalaryndaky adyny ýyrtyp ýok edipdir. Özüni hökümdar diýip yglan eden Napoleon Fransiýanyň medeni mirasynyň iň gymmatly baýlygy hasaplanýan Leonardo da Winçiniň çeken “Mona Liza” portretini “Tuilleries” köşgündäki ýatýan otagynyň diwaryna asdyrypdyr. Surat imperator sürgün edilenden soň “Luwr” muzeýindäki öňki ýerine dolanyp barypdyr. • Napoleon Bonapartyň ölümi Moskwa ýörişinden ýeňlip çykanda Italiýanyň golaýyndaky Elba adasyna sürgün edilen Napoleon adadan gaçyp, gaýtadan öňe saýlanmaga synanşypdyr. 1815-nji ýylyň 22-nji iýunynda Waterloo söweşinde-de ýeňilenden soň, Atlantik okeanyň jümmüşindäki Keramatly Ýelena (Saint Helena) adasyna ýollanýar we kän wagt geçmänkä şol ýerde aradan çykýar. Onuň Parižiň “Les Invalides" gonamçylygyndaky memorial mazary häzir syýahatçylaryň iň köp gelip-gidýän ýerleriniň biridir. Bergin AZER. | |
|
Teswirleriň ählisi: 2 | |
| |