12:11

Нашествие гуннов / рассказ

Taryhy proza
Категория: Taryhy proza | Просмотров: 320 | Добавил: Haweran | Теги: Artur Konan Doýl | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Taryhy proza bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
0
1 eatayew33  
761
"Gunnlar" ýa-da "hunnlar" barada maglumat bilýänler bölüşäýseler gowy bolardy. Olara hązirki Wengriýa (Hungriýa) döwletinde ýaşaýanlar, olaram Ariýa döwletinden, ýagny Tejen-Saragt töwereginden giden halkmyşyn diýen ýaly bir zatlar okanym ýadyma düşhek bolýar

0
2 eatayew33  
761
Minnetdar. Ýogsa-da, Ariýany agzanymda Halyk Göroglynyň swastikanyň iň gadymysynyň Saragt etrabyndan tapylandygy baradaky çykyşam ýadyma düşdi. Soň ony Gitleriň faşizmiň simwolikasyna öwürşi barada-da gyzykly maglumatlar bolmaly

0
3 eatayew33  
761
Gowy makala eken, ýöne nemesleriň aslynyň Ariý (Tejen) derýasynyň ýakasyndan gidendiginiň juda şübheli faktdygy barada-da soň kän okapdym (ony Gitleriň näme üçin şeýle görkezjek bolandygy barada-da). Nemesleriň hem ariýalylaryň kelleçanak süňklerini deňeşdirýän alymlaram başgarak netije çykarýarlar.
Menem ilkinji gezek swastikanyň boýnuňdan asylýan görnüşini Eýranyň hem Hindistanyň dükanlarynda görenimde, doňup galypdym. Birhili ýigrenç duýgusam dörejek bolupdy , olarda bolsa ol (onuň asyl görnüşi) häzirem şol rysgalyň, rowaçlygyň hem bagtlylygyň simwoly hökmünde ulanylýan eken

0
4 eatayew33  
761
@Haweran, şeýle gowy maglumatly arhiwiňiz bar eken. Saýtyňyza täzeräk giremsoň, men olardanam, olary nädip tapmalydygyndanam habarsyz. Bir ýazylan zady ikilenç goýmaýandygyňyz gowy zat, ýöne täze okyjylaryňyza käte şeýdip şolary salgy berip dursaňyz (durmagyňyzam) hasam gowy.
Indi şeýle wakalaryň gyzykdyrýandygy üçin Halyk Görogly barada kiçijik maglumat. Moskwada işläp, Aziýanyň halklarynyň (türkmenleriňem) gelip çykyşlary, olaryň taryhy barada-da gaty köp işler eden aşgabatly alymyň gaty köp işleri bar. Onuň işlerine Tatarystanyň çap etmegindäki neşirlere çenli duşsamam, gynansamda, özümizde çap edilen işlerine duşmadym

0
5 eatayew33  
761
Halyk Göroglyntň ýene bir çykyşy ýadyma düşýär. Olam sanskrit, Mahabharata baradady. Dünýä alymlary näçe asyrlap jan etselerem, sanskritiň iň dogry terjimesini türkmen alymyň (özi bolmagam ahmal) tapandygyny janygyp gürrüň berýärdi. Men soň sanskrit, Mahabharata barada-da köp okapdym gemem sanskritiň has gadymylygyna garamazdan, latyn, grek dillerinden grammatika babatda-da has kämil dil ekendigini bellänlere-de duşdum, ýöne, näçe jan etsemem, onuň ýekeje harpynam öwrenip bilmedim.
Halyk afanyň monografiýalary gyzyklandyrýan bolsa, onuň adyny internetde Короглы Халык Гусейнович diýip ýazmasaň, çykýan däldir

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]