03:20 Nejmeddin Kubra | |
NEJMEDDIN KUBRA, ÖMRI WE DÖREDIJILIGI
Taryhy şahslar
■ NEJMEDDIN KUBRA Sopuçylyk taryhynda we Anadolynyň sopuçylyk düşünjesine görä Nejmeddin Kubra diýip tanalýan, Kubranyň atly dini akymyny esaslaldyrjy beýik sopynyň doly ady Ebul-Jenab Ahmet bin Omar bin Muhammet bin Abdylla. Horezmiň obalaryndan biri bolan Haýwek (ýa-da Hiwekde) dogulany üçin lakamy Haýweki bolupdyr. 590-nji ýylda dogulany hakynda aýdylýan maglumat anyk bolmasada,aradan çykan ýyly takykdyr.Doglan ýyly takmynan 540/1145-nji ýyl, aradan çykan ýyly bolsa, 681/1221. Çagalyk ýyllaryny şu sebitde geçireninden soňra ylmy syýahatlara we iş saparlaryna ýola rowan bolýar. Sopuçylyk durmuşuna gadam basýança hadys ylmy bilen meşgullanýar. Ylmyň bu pudagyndaky işlerine Hemedanda başlaýar we Ebu’l-Aliden ak pata alypdyr. Has soňra Iskenderiýede hadysy atma-at kimden-kime aýdylyp gelnendigi bilen gürrüň berýän Abu Tahyr Silefi (öl. 576/1180) atly Şafygy hadysçynyň at-owazasyny eşidip, ondan ders almak üçin Iskenderiýä ugraýar. Bu yerden hem Nişapura tarap hereket edip, şol döwrüň hadys alymlaryndan bolan Ebu’l-Mealiniň sapaklaryny alýar. Meşhur Kelam alymy Fahruddin Razi bilen hem görüşendigi barada gürrüň edilýär. Sopuçylyk durmuşuna 35 ýaşlarynda başlandygyny göz öňünde tutsak, ömrüniň miweli döwrüni zahyry (görünen) ylymlara harjandygyny aýdyp bileris. Şol döwürde özüniň ýiti zehini, giň gözýetimi we düşünjeligi bilen ähli jedellerde we polemikalarda üstünlik görkezendigi üçin oňa „Tammet’ul-Kubra” diýipdirler. Bu söz türkmençede „Peläket adam” diýmek bolýar. 12 Has soňky ýyllarda bu lakamyň birinji bölegi unudylyp, Şeýhynyň dakan Nejmeddin ady bilen ikinji bölegi „Kubra” birleşdirilipdir. Käbir eserlerde bolsa Şeýhul-kebir diýip geçýär. ■ Sopuçylyk durmuşa girişi Kubranyň ýaşan döwri sopuçylyk taryhyny iň bereketli we miweli döwürlerinden biridir. Bu döwre „tarykatlar döwri” diýmek mümkindir. Sebäbi uly tarykatlaryň ählisiniň diýen ýaly pirleri bu ýyllarda ýaşapdyrlar we pikirleri bilen sopuçylyk düşünjesini açyk görnüşde mektepleşdiripdir we ugrukdyrypdyr. Bu düşündirişi aşakdaky görnüşde has düşnikli görkezip bileris: Tarykatyň ady we esaslandyryjysy Ýaşan ýeri we senesi (öl.) Kadyryýa/Abdylkadyr Geýlani Bagdat – 562 /1167 Rufayýa/Ahmet Rufai Basra – 578/1182 Bedewiýe/Ahmet Bedewi Marokko-Müsür – 675/1276 Desukyýa /ibrahym Desuki Müsür – 676/1277 Medýeniýe/Ebu Medýen Enülüs (Ispaniýa) – 590/1194 Ekberiýe/Muhýiddin bin Araby Endülüs-Şam – 638/1240 Ýasawyýa/Ahmet Ýasawy Merkezi Aziýa – 562/1167 Şazeliýe/Abdylla Şazeli Tunis – 656/1258 Sadyýa/Sadüddin Jybawy Siriýa – 700/1300 Suhrawerdyýa/Şyhabuddin Suhraberdi Yrak – 632/1254 Konýawyýa/Sadruddin Konewy Anadoly – 673/1274 Haýdaryýa/Kutbuddin Haýdary Eýran – 618/1221 Kubrawyýa/Nejimeddin Kubra Horezm – 618/1221 Mewlewiýe/Möwlana Konýa (Anadoly) – 672/1273 Bekdaşyýa/Hajy Bekdaş Weli Hajybekdaş (Anadoly) – 669/1270 Nagşybendiýe/Bahaweddin Nagşybendi Türkistan – 791/1389 Yslam dünýäsiniň ähli künjeginde diýen ýaly güýçli we meşhur şeýhlaryň bolmagy, yslam jemgyýetini isleseň-islemeseň sopuçylyk durmuşy we düşünjesi bilen ýüzbe-ýüz etdi. Şol sebäpli hem 13 bu döwürden soň gurulan Seljukly we Osmanly medeniýetlerinde-de sopuçylygyň güýçli täsiri görülýär. Başgaça aýdanymyzda, birnäçe asyrlap, sopuçylyga baglanmak durmuşyň adaty ýagdaýy bolupdy. ■ Mürşidleri (şägirtleri) Tarykatlar döwründäki bu hereketlilige garamazdan, Nejimeddin Kubranyň Töwriziniň Şerhu Muhýy’s -sünnäni okadyp ýören döwründe duşuşan Baba Ferej Töwriziniň maslahatyndan öň sopuçylyk durmuşy bilen onçakly gyzyklanmandyr. Kubra, sapak okap ýörkä mediresä gelen Töwriziniň haýbatyndan, paýhasyndan örän täsirlenýär. Dostlaryndan Töwrizi barada sorap, onyň bilen gatnaşygy açyýar. Ilkinji duşuşyklarynda şeýhden şu maslahaty alýar: „Saňa depder okamaly wagt däl. Älem-jahan seniň esasy depderiň bolsun.” Bu ilkinji duýduryşa garamazdan, Astronomiýa ylmyna (älem-jahan ylmyna) barynça giň medrese okuwy, köp wagtlyk özüni kanagatlandyryp biljek bir şeýhiň tapylmanynyň netijesidir. Bu mowzuga öz eserlerinde anyk görnüşde deginip geçýär. Ýene bir gün hassa-ýolagçy bolup, şeýh Ysmaýyl Kasrynyň (öl. 589/1193) dergähinde düşlemäge mejbur bolýar. Tekkedäki sopuçylyk guramasynda asman älemleri öwreniş(kosmos) onuň üçin aýry bir gyzyklandyran mesele bolýar. Bu dergähde birnäçe gününi geçiren şeýh, ol ýerde täze-täze pikirler, düşünjeler bilen gaýdýar. Ysmaýyl Kasry onuň ruhy ýagdaýyna düşünendigi üçin, Ammar bin Ýasiriň (öl. 582/1186) ýanyna gitmegi maslahat berýär. Bir müddet bu ýerde 14 galan Nejmeddin Kubra ýene-de şeýhiniň emri bilen Ruzbihan Kebir Müsriniň (öl. 584/1188) ýanyna gidýär. Aslynda şeýhleriň arasyndaky şägirt alyş-çalyşygy bilen sopuçylyk taglymatynyý berilmegi soýky döwürlerde we başga ýerlerde bolandygy belli bolýar. Okuwuň bu görnüşlerde bolmagynyň sebäpleri näme bolup biler? Ynsan terbiýesi bilen tekke sopyçylyk guramasynyý terbiýesiniň bir-biri bilen bagly bolmagy. Şol sebäpli hem bu terbiýe, okuw usulynda kabir mugallymlaryň, sopuçyk dillinde aydanda şeýhleriň, terbiýäniň käbir ugurlarynda üstünlik görkezip biljekdiklerini aýdyp bileris. Her kişiniň üstünlik görkezýän ugry bir meňzeş däl. Munuň başga bir sebäbi bolmagy hem ahmal: Mürit(şägirt) sopuçylyk durmuşyna başlamak bilen bir hatarda özüni birnäçe ruhy joşgun we subutnamalara şaýat bolar. Bu duýgy we hakykatlara erkini elden aldyrmazlygyna gözegçilik etmek, onuň heniz ýoluň başyndadygyny görkezmek üçin şunuň ýaly mekan üýtgeşmeleri gerek bolup biler. Syýahat we tekke sopyçylyk düşünjesinde möhüm ýeri bolan „aýralyk, ýat il düşünjesini” hem hasaba goşmak mümkindir. Uzak wagtlap Müsriniň ýanynda bolan Kubranyň, şeýhiniň giýewsi bolmak bagtyna eýe bolanyndan soňra, ýaňadan Ammary-Bitlisiniň ýanyna, ders almaga gidendigini görýäris. Bu syýahatlarynyň döwründe Nejmeddinde bar bolan „çyglyga” degişli zatlaryň hemmesi ýok bolýar. Bu peläketleri – eserlerinde-de beýan edişi ýaly – hötdesinden gelýär. Bu üç sany şeýh, müridiniň ogly Möwlananyň (öl. 672/1273) şu sözlerini ýatladýar: „Çygdym, bişdim ýandym.” Ruzbihan, giýewsini ýaňadan Bitlisiniň ýanyna ugradanda eline şeýle bir hat ýazyp goýberýär: „Sende näçe mis bar bolsa, iber, hemmesini sap altyna öwürip, yzyna ugradaýyn.” Ikinji gezek Ammaryň ýanyna gelen Kubra, bir müddet bu ýerde düşläninden soň Horezme dini sapak bermäge bellenilýär. Horezmdäki sopuçylyk hereketlerini esaslandyryjy Kubranyň, bu sebitdäki tekke düşünjesine garşy hereketlerden çekinendigi barada gürrüň edilýär. Ýöne, şeýhyň emri esasy zatdyr. Iň soňunda şol buýruk ýerine ýetirilýär we haýyrly netijeler berýär. ■ Şejere daragtlary we Kubrawyýa tarykatynyň şejere daragty Tarykatlar döwründe sopuçylygyň iň möhüm hususyýetleriniň biri-de şeýhlaryň nesil daragtydyr. Ýagny derwüş, özüne sapak beren şeýhdan başlap, onuň şeýhy, onuň hem şeýhy... ýaly bir zynjyrlama bilen düşünje dünýäsinde Pygamberimize (s.a.w.) çeli barýar. Aslynda bu hili mugallym-talyp, şeýh-mürit zynjyry başda hadys ylmyndaky rawy zynjyry ýaly, beýleki yslamy ylymlara-da hem bardyr. Bu şol bir wagtyň özünde däp-dessura, adatlara baglylygy görkezýär. ■ Kubrawyýa tarykatynyň zynjyry aşakdaky ýalydyr: 1. Hezreti Muhammet (s.a.w.) 2. Hezreti Aly (öl. 40/661) 3. Hezreti Hasan (öl. 49/670) 4. Hezreti Hüseýin (öl. 61/680) 5. Zeýnel Abidin (öl. 94/713) 6. Muhammet Bakyr (öl. 117/733) 7. Jafer Sadyk (öl. 148/765) 8. Musa Kazym (öl.183/799) 9. Aly Ryza (öl. 203/818) 10. Maruf Kerhy (öl. 200/815) 11. Seri Sakaty (öl. 251/865) 12. Jüneýt Bagdady (öl. 297/909) 13. Ebu Aly Ruzbari (öl. 322/933) 14. Ebu Osman Magryby (öl. 373/983) 15. Ebu Kasym Kürkany (öl. 469/1076) 16. Ebu Bekir Nessaj (öl. 487/1094) 17. Ebu’n-Nejib Suhreberdi (öl. 563/1168) 18. Ammar Ýasir (öl. 582/1186) Ruzbihan Müsri (öl. 584/1188) Ysmaýyl Kasry (öl. 589/1193) 19 Nejmeddin Kubra (öl. 618/1221) ■ Müritleri Anadolydaky sopuçylyk durmuşy we düşünjesi bilen Nejimeddin Kubranyň arasyndaky berk baglanşygyň bolandygyny arkaýyn aýdyp bileris. Bu bag esasanda müritleriň üsti bilen gurulandyr. Kubrawyýa tarykaty Anadoluda ýaýran beýik tarykatlaryň arasynda ýer alyp bilmedik. Ýöne, oňa derek bu tarykatyň pikirleri dürli-dürli ýollar arkaly ýaýrapdy. Bu ýoluň ilkinjisi we iň möhümi Mewlewilikdir. Nefahatul-ünse görä (üns-endik), Möwlananyň kakasy Soltanul-ulama, Nejmeddin Kubranyň müritlerinden biri bolupdyr. Başga bir tarapdan Şems-i Töwrize hem Kubranyň müridi bolan Baba Kemal Jendiniň (?) müridi bu ýýoluň ikinjisi Mirsadul-ibad eseriniň ýazyjysy Nejmeddin Daýedir (öl. 654/1256). Eseriň türk diline edilen terjimesiniň başynda mangollardan gaçyp, Anadola sygnandygy, Kaýseri we Siwasa ýerleşendigi we eserini şol ýyllarda ýazandygyny habar berýär. Beýik meşhur müritleriniň atlary şulardyr: Mejdiddin Bagdady (öl. 607/1210), Sadeddin Hamewi (öl. 650/1252), Radiýýuddin Aly Lala (öl. 642/1244), Seýfeddin Baherzi (öl. 658/1259), Aýnuzzaman Jemaleddin (?), Nejmeddin Daýe (öl. 654/1256) ■ Soňky ýyllary Şafygy mezhebine degişli bolan we beýik sopylary ýetişdirmekdäki gazanan üstünlikleri sebäpli „Şeý weli-taraş” lakamyny alan Nejmeddin Kubra Haýweki,öz ruhy äleminde-de bolşy ýaly maddy äleminde-de jyhad alyp barýardy. Çeşmelerde, şahsy aýratynlyklaryň arasynda agzalyp geçilen „Ýazgaranyň gepinden gorkmazlyk” ýaly sözler bilen bir hatarda mangol goşununa garşy hem göreş alyp barandygyny görýäris. 17 Lelingradyň Gündogary öwreniş institutynda saklanýan kitabyň ady hem bu mowzukda kanagatlandyryjy maglumatlar berýär: Şeýh Nejmeddin Kubrany şehit Harezmi harap kylganynyň beýany. Kubrawyýa tarykatynyň esaslandyryjysynyň soňky pursatlaryny Nefahatül-üns şeýle gürrüň berýär:”...Çyn kapyr tatarlar harezime geldiler, şeýh sahabalaryny jem etdi. Alty ýüzden zyýada erdi. We Soltan Mahmyt Harezimşah gaçmyş erdi. We kapyr tatarlar ony Harezimdedir öýtdüler we Harezime geldiler. Şeýh, sahabalaryndan käbirlerini Şeýh Saadeddin Hamewi we Şeýh Radiýüddin Aly Lala ýaly we başgalaryny çagyrdy. We aýtdy: ”Tiz boluň we öz ýurtlaryňyza gidiň. Maşryk tarapyndan bir ot ýakyldy, magryba ýakyn ýere dek gelendir we bu bir uly pitne bu ymmat içre munuň ýaly waka bolmandy.” Sahabalardan käbirleri aýtdylar: ”Käşgä Hezreti Şeýh bir doga-dileg etse, bu pitne musulmanlaryň ýurdundan gider. Şeýh aýtdy: „Bu bir gutulgysyz kysmatdyr. Depi mümkin däldir.” Netijede sahabalar ýazgyda razy boldular. Dowarlar taýýardyr. Eger, şeýle bolsa, Hezreti Şeýh sahabalary bilen razylaşdy. Tä olar zerur bolany üçin Horosana rowana bolýarlar. Uzak ýerler görünmez. Şeýh aýtdy: „Men bu ýerde şeýh bolmak isleýärin we maňa başga ýere gitmäge rugsat ýokdur. Soňunda sahabalar ýöneldiler. Çünki kapyrlar şähere geldiler, Şeýh sahabalarynyňbeýleki bir toparyny çagyrdy we aýtdy: „Geliň Allanyň ýoluna onuň adyny beýgeltmek üçin söweşeliň.” We çadyrhanasyna girdi we donuny geýip, mäkäm guşady we ol donunyň öňi açyk erdi. Iki goltugyny daş bilen doldurdy we eline bir ok (tire) aldy we daşary çykyp kapyrlar bilen garşylaşdy. We olara garşy daş zyňar erdi. Tä daşlary gutarýança kapyrlar ony ok ýagmyryna tutdylar. Bir ok mübärek synasyna degdi. Çekip çykardy we ýykylyp, wepat boldy. Gürrüňlere görä, şehit bolan wagtynda-da bir kapyryň saçyndan tutupdyr. Şehadetden soň, hiç kim ony Şeýhyň elinden halas edip bilmedi. Onsoň ol kapyryň saçyny kesdiler...” Möwlana-da bu waka şeýle yşarat edýär: Bir elden noş edip iman şerabyn Bir elde kapyr saçyny tutarlar. ■ Pikirleri Nejmeddin Kubra sopuçylyk taryhynda we medeniýetinde çuňňur yz galdyrýan sopulardan biridir. Eserlerinde we rysalarynda makala (hatlarynda) iki sany zady örän anyk görkezýär: 1. Sopuçylyk duýgularyny dile getirýän nazary düşünjeler. Feval cemal we fevatihul celalyň agramly böýlegi müňa mysal bolup biler. 2. Ýetişdiriji we terbiýeleýji subutnamalaryny öz içine alýar we esasyn-da mürütler üçin „elkitaby hökmünde bolan öwüt-ündewler.” Bu topara degişli kitap we rysalalar üçin bolsa, Usuly aşere we Rysala ilel-haim... atly rysalalary mysal hökmünde görkezip bileris. Örän täsirli subutnamalar bilen bilelikde şerigatyň şerigatyň kadalaryndan geçmezlige örän çemeleşipdirler. Sopuçylyk taryhyň däplerinde iň köp söz açylan mowzuklardan bir bolan şerigat – tarykat – hakykat barada aýdanlaryny açyp görkezjek, meselä has aýdyňlyk berjegine ynanýarys: „Şerigat göni ýalydyr, tarykat deňiz ýalydyr, hakykat dür ýalydyr. Düre eýe bolmak isleýän adam gämä müner, deňize çykar we soňundan düre eýe bolar. Bu yzygiderlilige boýun bolmadyk düri ele salypbilmez. Mürüt üçin möhüm zatlaryň bir ilkinji şerigatdyr. Şerigat diýmek, Allanyň we Resulallanyň buýruklarydyr. Täret, namaz, oraza, zekat, haj, haramlary terk etme... ýaly emr buýruklarydyr. „Tarykat, ähli maddy zatlardan uzak duran, seni Allaha ýakynlaşdyrjak takwalyk ýolundan ýöremekdir. Hakykat bolsa maksada ýetmek, Hakyň nuruna şaýatlyk etmek, ony duýmak diýmekdir. Aslynda namaz barada şeýle diýilpdir: Namazyň üç esasy aýratynlygy bar: Hyzmat, ýakynlaşmak, duşuşuk (hyzmat, kurbet, wuslat). Hyzmat şerigatdyr, ýakynlaşmak tarykatdyr, duşuşyk bolsa hakykatdyr. Namaz bu aýdylan üç aýratynlygy öz içine alýar. Bu barada şeýle-de diýilýär: Oňa ybadat etmek şerigat, onuň hyzmatyna barmak tarykat, oňa göz ýetirmek bolsa hakykatdyr... Şerigatyň tämizligi suw bilen, tarykatyň tämizligi kalby maddy, dünýewi höweslerden uzak bolmak bilen, hakykatyň tämizli bolsa, Alladan başga ähli zady terk etmek bilen bolýar. Şerigaty namazy zikir we sütünler bilen, 19 tarykatyň namazy diňe Allanyň ýolundan ýöräp, dünýewi zatlary terk etmek belinden...” Kubra, pikirlerini örän anyk dile getiripdir. Şahsy kararsyzlyk,düýş we ruhy gözlegleri hem bularyň arasyndadyr. Mysal üçin käbir ýazyjy sopular Hallajyň (öl. 309/921) adyny käbir jedeller sebäpli agzamaga çekinýärler, ýöne şeýhyň kitaplarynda bu ýagdaýyň tersini görýäris. Düýş we düýşleriň ýorgutlaryna-da uly ähmiýet beren Nejmeddin Kubranyň düşünje ulgamyna görä jehd (işlemek, tijenmek, çalyşmak) we müjahede (söweşmek, çalyşmak) üç sütüne daýanýar: 1. Ýuwaş-ýuwaş iýmiti azaltmak. Çünki gaýrylar (beden, nebis, şeýtan) munuň bilen güýçlenýärler. Iýmit azalsa olaryň häkimýetleri hem azalýar. 2. Kämil mürşidiň eradasyna bagly bolmak. 3. Jüneýit Bagdadiniň (öl. 297/909) sekiz sany esasy bolan kadalryny ýerine ýetirmek. „Ýolumuz himiýa (magdanlardan altyna öwürme) ýoludyr.” Diýen Nejmeddin Kubranyň asman hakyndaky düşünjeleriniň hem dogrulygy görülýär. Çeşmelerde özi barada „Şeýhi-ş-şuýuh, Seýýidü-ş-şühedawel-öwliýa, Mälik-i erbab-y Soltanu-l-muhaddisin we’l-müfessirin, Nejmü-l-hak we’d-din” ýaly sözler bilen tanalan Kubra akymynyň piri, weliligiň tamamlanmagy üçin aýdanyzygiderliligi ünsüňi çekýär: Atomdan malekula dogry bolan bu basgançagyň yzygiderliligi şeýledir: telwin, tmkin, tekwin (reňk bermek, agraslyk, döretmek), ylmy, hal, fena (ylmy almak, hala girmek, ýok bolmak). Tejrid, tefrid, towhyd (Ähli zady terk edip Alla sygynma, diňe Alla bilen meşgul bolmak, Allanyň birligine ynanmak). Ybadat, ubudiýýet, (çokunmak gulluk ebedilikdir). Tagabbud, ubudiýet, hürriýet (ybaday etmek, gulluk etmek, azatlyk). Şuhud, gaýbet, işhad – (Göze görünmezlik, şehadat getirnýe)... 20 muňa meňzeş yzygiderlikler özünden öňki sopularda hem duş gelýär. ■ Şygryýet bilen baglanyşygy (Şygryýet dünýäsi) Eserleriniň derňewünde Nejmeddin Kubranyň şahyrlygy bilen baglanşykly belli bir maglumata duş gelmedik. Deňän eserlerimizde şygyr usulyny ullanmandyr. Muňa garamazdan, Bertels, diline sopuçylyk we sopuçylyk edebiýaty diýen at bilen terjime edilen eserinde „Rubagyýaty Nejmeddin Kubra” atly mowzukda şeýhyň ýigrimi bäş sany parsça rubagysyny görkezýär. Bu örän jedelli meselle. Ençeme rubagysy bolan şahsyýetiň ussat şahyr bolmagy, şol sebäpli bu hünärini ähli eserlerinde orta goýmagy we subut etmegi gerek diýip pikir edýäris. Fewaihu’l-jemal ýaly başdan-aýak inçe we psihalogiki pikirler bilen doldurylan eserde, şygyr usulyny ulanmazlygyny pikir hem edip bilmeýäris. Onuň eserlerindenbiri hasaplanan başga bir eserde örän köp mukdarda arapça goşgularynyň bolandygyny görýäris. Aslynda Kubranyň eserleri bilen müritleriniň eserleri köplenç biri-biri bilen çalşyrylýar. Baglanan şeýhleriniň pikiri we duýgularynyň agalygy eserlerdäki umumylyklary tapmaga ýeňillik döredýän bolsa, pikiriň kime degişlidigini bilmekde örän kynlaşdyrýar. Kubrawyýa tarykaty Isle pikirleri arkaly isle mürütleri arkaly Anadolynyň we sopuçylygyň düşünjesine örän uly täsir eden Nejmeddin Kubranyň esaslandyran tarykaty Anadoly topraklarynda öz ýaýran tarykatlardandyr. 21 munuň sebäpleri barada gürrüň etmekden saklanýarys. Ýöne bir zady ýatlalyň, Anadoly sopuçylyk düşünjesine iň uly täsir eden şahsyýet Muhýiddin bin Azaby bolsa-da, onuň esaslandyran Ekberiýe tarykaty bu topraklarda giňden ýaýylmadygyny bilýäris. Kubrawyýa esasan bugünki Eýran we Russiýa çäklerinde ýaýrap şöhratlanypdyr. Kubrawyýa tarykatyna degişli adamlaryň bärki döwürlere çenli Russiýadaky syýasata garşylyk görkezip gelendiklerini aýdyp bileris. Isle piriň şöhraty, isle sopuçylyk düşünjesi taýyndan güýçli müritleriň amala aşyran işleriniň netijesinde tarykat, esasynda bu sebitlerde örän çaltlyk bilen ýaýrapdyr. Onuň aradan çykmagyndan kyrk ýyl soň bu sebite örän uzak bir ýerde (Harran – Sam – Müsür) doglan we ýaşan Ibn Teömiýeniň (öl. 728/1328) esaslerinde hem agzalmasy, bu ýaýrana bir mysal bolup biler (Nakzu’l-mantyk, s. 38, Mejmau Fetawaýy Ibn Teýmiýe, X, s. 454 [Riýad, 1381]). Kubrawyýanyň işlän pikirleri bilen Piriň düşünjeleriniň arasynda uly meňzeşligiň bolmagy tebygy zatdyr. Buny eserlerinden subut edip biljegimize görä, bu mowzugyň üstünde giňişleýin durup geçmeýäris. Tarykatyň däpleri, adatlary aýry bir uly iş diýmekdir. ■ Häzirki gysgaça maglumat bermek üçin tarykatyň meşhur sekiz sany goluny görkezmek bilen çäklenýäris: 1 Baherziýe / Seýfuddin Baherzi (öl. 658/1259). 2 Nuryýýe / Nuryddin Abyrahman Isferayny (öl. 639/1241). 3 Hamedanyýa /Aly Hamedany (öl. 787/1385). 4 Ruknyýýe /Alaudd’owle Simanany (öl. 736/1336) /Bagadad goly. 5 Ygtyşaşyýýe / Yshak Hattalany (VII / XV asyr) /Horasan goly. 6 Nurbagşyýýa / Muhammet Nurbagşy (öl. 869/1465). 22 7 Aýdarussyýa / Ebu Bekir Aýdarus (öl. 909/1503) /Ýemen goly. 8 Firdöwsiýýe / Ruknuddin Firdöwsi (öl. 724/1323) /Hindistan goly. ■ ESERLERI Nejme Kubra degişli eserleriň sany örän köpdür. Esasan-da Usuly aşere atly eseriň meşhur bolmagy we birnäçe at bilen atlandyrylmagy bu sany has-da köpeldýär. Biz bu bölümde eserleriniň terjimeleriniň üstünde giňişleýin durup geçenimizden soň, beýleki eserleri barada gürrüň ederis. 1. Usuly-aşere Sopuçylyk türk düşünjesine görä Nejmeddin Kubranyň iň möhüm eseri şübhesiz Usuly-aşere atly rysalasy (kitaby) bolup durýar. Rysalanyň başynda tarykatlara degişli bolan üçli synplandyrma (taryk-y-ahýar, taryk-y ebrer, taryk-y şuttar) ýaly, rysalanyň esasy mowzugy bolan on sany sopuçylyk (tasawwufy) sütün (usuly aşere), ençeme asyrlardan bäri öz ähmiýetini we şöhratyny gorap gelýär. Ysmaýyl Hakky Bursawy (öl. 1137/1724) rysalany terjime hem-de şerh edeninden soň bolsa eseriň Osmanly döwletiniň çägindňki meşhurlygy öňküsindenem artdy. (Asyl teksti hem-de onuň ýanynda ýerleşdirilen Y. Hakky Bursewiniň şerhini hem öňümizdäki sahypalarda görersiňiz. Tekst bilen şerhi biri-birine garyşdyrmazlyk üçin tekst gojy harplar bilen ýazylandyr). Usuly-aşerede sopuçylygyň esasynda düşündirilýän on esas şulardan ybarat: Toba, Zuht (terkidünýälik, dünýä höwes bildirmezlik), Töwekgel (Allaha umyt etme, Allaha bil baglama; bir işi ýa-da meseläni Allaha goýup, kysmatyňa razy bolmak), Kanagat, Uzlat (çete çykyp, köpçülikden daşda ýaşamaklyk), Dowamly zikir (Allahy hem-de Allahyň atlaryny ýatlamak, gaýtalamak; Allahyň atlaryny ýatlap dileg emek), Allaha töweçjih (allaha ýüzlenmek, ünsüni Allaha bermek), Sabyr, Murakebe (gözegçilik etmek, özüňe gözegçilik etmek), Razylyk. Rysalanyň örän köp gezek göçürilmegi onuň meşhur bolndygyna hem-de giňden ýaýrandygyna şaýatlyk edýär. Göçürilen rysalalaryň köpelmegi (netijesinde) ol rysala dürli atlaryň dakylmagyna sebäp bolupdyr (ýol açypdyr). Mysal üçin, aşakdaky atlar şol bir rysalanyň dürli nusgalardaky atlarydyr: 1. Et-Tarik ilellah, 2. Risale-i Kübrewiýe, 3. Risale fi’t-tasawwuf, 4. Risale-i turuk, 5. Risale-i süluk, 6. Risale-i Nejmüddin, 7. Risale-fi meratibi’s-süluk ilallahi Taala, 8. Risale-i Nejmiýe, 9. Risale-i jelal we’l-jemal, 10. Akrab-i turuk. Bu ýagdaý ilkibaşda kätip Çelebini hem-de Brokelmany, soňra bolsa bulary Hyjra hökmünde peýdalanan başga alymlary ýalňyşdyrypdyr. Nejmeddin Kubra eserlerinde we, elbetde, Usuly-aşerede hem peýdalanan hadysalaryň (sahyh) hakyky bolmagyna uly ünüs beripdir. Nejmeddin Kubranyň köp ýylaryň dowamynda hadys ylmyny öwrenendigini hem-de bu ugurda saýlanandygyny mundan öň aýdyp geçdik. Ýöne, Usuly-aşereni şerh eden Ysmaýyl Hakky Bursewi bolsa, şerhde peýdalanan hadyslaryna Nejmeddin Kubra ýalyça üns bermändir. Terjimede, esasan, Bursa gadymy eserler kitaphanasynda saklanýan nusgany ullandyk (Jami-i Kebir, № 1700, 59а-61а). 2. Risale ile’l-haim Doly ady Risle ile’l-haif min lewmeti’l-laim bolan bu rysala, Nejmeddin Kubranyň üýtgeşik bir Usuly – aşeresidir. Nejmeddin Kubra rysalanyň baş tarapynda; ruhy we beden arassaçylygyny ýerine ýetirmän Allahyň huzuruna çykyp bolmajagyny, onuň diňe on esasa eýermek bilen mümkin bolup biljegini ýazanyndan soňra şol hususyň her birini aýry-aýry ele alyp, düşündirip geçipdir. Bu esaslar şulardyr: Beden arassalygy, Halwet (çete çykyp ybadat bilen meşgur bolmak), Dowamly dymmak, Dowamly agyz beklemeklik, 25 Dowamly zikr, Boýun bolmaklyk, Ýadyňa hiç zat getirmezlik, Ýüregiňi şeýhe baglamak, Mejbur bolan ýagdaýyňda ýatmak, Iýip-içmekde orta ýoldan gitmek. Rysalanyň adyndan hem-de sanalyp geçilen esaslardan düşünişimiz ýaly bu eser, baglanan täze müritler üçin ýazylan ýan kitap hökmünde bolupdyr. Nejmeddin Kubra käbir ýerlerde meseleleriň has-da düşnükli bolmagy üçin öz ýatlamalaryndan peýdalanyp düşündirip geçipdir, hem-de aýratyn yhlas bilen her bir esas bilen baglanyşykly aýat we hadyslary ýazypdyr. Nejmeddin Kubra, hawatyr (ýatlamalar, oýlanmalar, düşünjeler) meselesini beýleki esaslara garanyňda has giňişleýin düşündirýär. Ol zikr barada-da ýerterlik maglumatlar berýär. Bu rysalanyň Mowaffak bin Mejd Hasi tarapyndan parsça terjime edilendigini bilýäris. Bir meňzeş äheňde Nejmeddin Kubranyň pars dilinde ýazan eserlerine-de duş gelýäris. Şeýlelik bilen Eýran sopuçylyk düşünjesi bilen Nejmeddin Kubranyň arasyndaky baglanyşygyň bolmagynyň sebäbi anyklaşýar. Emma, Nejmeddin Kubranyň we onuň müridi Nejmeddin Razynyň eserleri biri-biriniň adyan geçen bolmagy ähtimal, diýen pikiri hem gözüň öňünde tutmaly. Terjimede, esasan, şu nusgadan peýdalandyk: Süleýmaniýe ktp. Aýasofýa Kit, № 2052. 3. Fewaih’l-jemal Kesgitlemegimize görä Şeýh Nejmeddiniň iň möhüm eseri budur. Eseriň asyl ady: Fewaihu’l-jemal we Fewatihu’l-jemal. Nejmeddin Kubra bu eserinde – sopuçylgy esaslandyryjylarynda örän seýrek duş gelýän bir usul bilen – esasan, şahsy duýgylara hem-de görünýän mistiki zatlaryna ähmiýet berip, ýagdaýyndaky kesgilemelerni ýazga geçiripdir hem-de sopuçylyk hakyndaky düşünjelerini bize beýan edip beripdir. Şol sebäpli hem Fewaihde başga sopylardan alnan pikirlere duş gelip bolanok.Hatda biziň terjime eden Rysale ile’l-haim atly eserde Nejmeddin Kubranyň köp-köp peýdalanan aýat we hadysalara-da bu eserde gabat gelmedik. Esere bu tarapdan seredenimizde, onunň kämil sopuçylyk psihologiýasy diýip atlandyryp boljak häsiýete eýedigini aýdyp bileris. Müşahede (Allahyň ýürekde peýda bolmagy, özüňden gidip, Allahy tapmak. Allahy tomaşa etmek); nebis, şeýtan, bar bolmak, zikr, hatyr (göwün, ýürege gelýän duýgy, pikir, wyždanyň sesi) zowk, istigrak (özüňden geçip dünýäni ýatdan çykarma), pena (guluň nebsinin arzuwlaryndan we haýwan häsiýetlerinden daşlaşmagy, guluň Allahdan başga zady görmezligi) yşk, hal, makam (düşelge dini ahlak we häsiýet; Allaha ýetmek ýolundaky duralgalar, derejeler) wagt, raky-sema, humut-jumut... ýaly mawzuklarda maglumatlary we kesgitlemelerini açyk we sada dil bilen ýazan Nejmeddin Kubra, sopuçylyk durmuşynyň başlarynda gelen ruhy hadysalary hem bolşy ýaly ýazyp geçirip, dogry ýoly görkezmekde (irşatda), bu hili tejribeleri bilen hem müritlerini okadypdyr. Terjime-golýazma nusgalardan-da peýdalanmak bilen birlikde– esasan, Frytz Meieriň tankytly neşrinde peýdalandyk. (Wyesbaden 1957 ý.) Meieriň esere ýazan 250 sahypalyk nemesçe girişi bolsa – Nejmeddin Kubra bilen baglanyşykly maglumatlaryň jedelli bolmagy taýyndan – uly ähmiýete eýedigini aýtmak bolar. Aýratyn hem, eseriň soňunna Mejdüddin Bagdady, Aly Hemedany, Ammar Bitlisi, Nureddin Bedahşi, Seýfüddin Baherzi, Aziz Nesefi ýaly Kubrawyýa tarykatynyň abraýly sopularyň rysalalaryndan bölümleriň ýerleşdirilmegi neşre bitewilik gazandyrdy. 4. Aýnu’l-haýat, Te’wilat-y Njmeýe, Bahru’l-hakayk Nejmeddin Kubra hadys ylmy bilen bilelikde tefsiri hem öwrenipdir. Çeşmelerde Nejmeddin Kubranyň hadys bilen baglanyşykly eseri barada agzalmasa-da, tefsiriniň bardygyny bellenip geçilýär. Başdaky çeşmelerde şol tefsiriň doly ady tapylman galanlygy zerarly meseläniň käbir taraplarynyň gizlin galmagy sebäp boldy. Dürli kitaphanalarda golýazmalary bolan hem-de Aýnu’l-haýat,Te’wilat-y Nejmiýe we Bahru’l-hakçyk atlary bilen tanalýan tefsirler Nejmeddin Kubranyň adynadyr. Käbir nusgalarda we eserlerde bolsa bu eserler Nejmeddin Daýeniňki we Alauddin Simnaniniňki diýip görkezilýär. Şeýlelikde, Brokelmanyň Meieriň, prof. Zehebiniň we Ö. Nasuhi Bilmeniň berýän maglumatlary biri-birine ters gelýär. Sopuçylyk tefsirler üstünde köp ylmy işler eden Süleýman Ateş bolsa bu mesele babatda şeýle diýýär: „Nejmeddin Kubra ýaazypdyr diýip bellenen 12 jiltlik tefsiri ýokdur... Kubranyň Aýnu’l-haýat atly tefsiri ýitip giden bolsa gerek hem-de onuň nirededigi belli däl... Bahru’l-hakçyk bolsa Nejmeddin Daýa degişlidir”. Bu dört eserinden başga Nejmeddin Kubranyň kitaphanalarymyzda golýazma görnüşde saklanýan eserleri-de şulardyr: 1. Adabu’s-sufiýýe, 2. Risale-i Nejmüddin, 3. Sekinetü’s-salihin, 4. Risale-i sefine. ● Jemleme Nejmeddin Kubra bilen baglanyşykly ilkinji işlerimizi we onuň üç eseriniň terjimesini hödürleýäris. Nejmeddin Kubranyň durmuşy, Kubrawyýa tarykaty we başga eserleri bilen baglanyşykly işlerimizi dowam etmek göz öňünde tutýarys. Işlerimde iň köp kömek eden hem-de goldaw beren hormatly mugallymym Suleýman Uludag boldy. Hem ýol görkezdiler, hem-de zähmetimi başyndan soňuna çenli okadylar. Eden kömekleri üçin men köp zat borçly. Özlerine minnetdarlygymy bildirýärin. Fewaihu’l-jemalyň fotokopiýasyny Frankfurtdan iberen dostum Hasan Hüseýin Köksaly hem bu ýerde ýatlap geçesim gelýär. Bu eseri taýýarlamak pikiriniň orta çykmagynda hem-de tertipli halda okyja ýetmeginde „Dergah Neşirýatynyň” köp jan berendigine şübhe ýokdur. Goşant goşan ähli dostlaryma minnetdarlyk bildirýärin. Hormatly okyjylaryň tankytlary biziň üçin şübhesiz ýol görkeziji bolar. Munuň ýaly sylag etjek okyjylara häzirden sag bol aýtmaly. Şeýle-de, bu işiň maksady Nejmeddin Kubra ugurda ilkinji ädimi ätmekdir. Yhlas bizden, kömek Allahdandyr. Çekirge Rebiulahyr 1400/Nowruz 1980. Mustapa KARA, Bursa ýokary yslam instituty. _____________________________________ Ýakut Hamewi, Mujemul-buldan, II, 415 (Beýrut, ts). Jamy, Nefahatul-ins, terj. (ami Çelebi, s. 492 (yst. 1270/1853) Kubra bu ussadynyň “Selefiýýul-ygtykad” bolandygyny aýdýar. Ser.fewaihul-jemal, nşr.F. Meire s. 79 (wisbaden 1957).Emma lakamy Selefi däl-de, Silefidir. Sa. Ibn Hallykan, Wefeýatül-agýan, nşr. Yhsan Abbas, I, 107 (Beýrut, te); Zehebi, Mizanul-ygtidal, I, 155 (Beýrut 1382/1963). Ser. 3-nji çykgytdaky çeşmeler. Subky Takyýýuddin, Tabakatyş-şafygyýýetil-kubra, V,11(Beýrut, ts).Usuly aşere, ýalňyşlyk bilen fahruddin Razyýa degişli diýilýär.Ser. Süleýmaniýe Ktp. Hajy Beşir Aga Kit. № 657, 102a-102b. Jamy, şol ýerde, s. 493. „Tammetül-kubra”, Kubrany-Kerim-de hem agzalýar. Nazyat, 79/34. E. Bertels, Sopuçylyk edebiýaty, raes diline terj. Eden:Siruzlýezdi s. 442(Tahran, ts). Süleýmaniýe Ktp. Sehid Aly Paşa Kit. № 1188, 586. Tibýan, III, 80; Lami Çelebi, şol ýerde. Lami Çelebi, şol ýerde, 477. XV asyryň soňlarynda ýazylan Hajy Bekdaşyň „Welaýatnamsynda” hem Kubranyň astronomiýa ylmyndaky üstünlikleri barada gürrüň edilýän. Ýöne Şeýh barada aýdylýan mangollar bilen bolan aragatnaşygy taryhy hakykat bolmasa gerek. Welaýatnama, nşr: Abdylbaky Gölpynarly, s. 38, 39(ist. 1958). Kubranyň mürit we Mürşitleri baradaky maglumatlara Alauddöwle Simnana degişli mejmuada-da duş gelmek mümkin. BEEK, (Bursa Eski eserler kitaphanasy), Umumy, № 1592. Fewaih... s. 58-59-60. Tibýan, III , 81a, 81b. Tibýan, III, 81b. Lami Çelebi, şol ýerde, V, 11. Sbki, şol ýerde, V, 11. Lami Çelebi, Şol ýerde, 479. Simnani Kubranyň şeýh wemüritleri hakynda giňişleýin maglumat berýär. Ser. BEEK umumy, № 1592, 113a. Lami; Çelebi, şol ýerde, 479. Bilinýän meşhur şejere bolmak bilen birlikde birnäçe şejerelerde bolşy ýaly – bu şejeräniň hem käbir bölnmlerini taryhy hakykatlar bilen baglanşdyrmak kyndyr. Mysal üçin Ebu Osman bilen Ebn Kasymyň arasynda 94 ýyl bardyr. Keza Ebun-Nejibiň şeýhi Ebn Bekir Nessaj däl-de, Ahmet Gazalydyr. 517/1123-nji ýylda aradan çykan Ahmet Gazaly taryhy taýdan hem has ýerliklidir. Ýöne ýatlapgeämeli bir zat, sopuçylyk adatlarynda munuň ýaly şejereler adaty ýagdaýdyr. Bir adam hiç gömedik zadyna, başga bir şahsyýet tarapdan hem şeýlyga bellenip bilner. Muňa Üweýsitarykat diýilýär. Maruf Kerhy bilen Aly Ryzanyň arasyndaky baglanyşyklar-da bu jahetdendir. Ser. Mustafa Kara, “Meruf Kerhy we sopuçylyk-saýy gatnaşyklarydyr,” pikir we sungatda Hereket, VII: bölüm, s. 16 (yst. Oguz aýy, 1980). II. Myradyň adyna Karanisarly Kasym bin Muhammet tarapyndan, 825/1421-nji ýylda Izşadul-mwrit ilal-Murat ady bilen türk diline terjime edilendir. Mirsadul-ibad, s.11(Tahran, 1353/1934). Subky, şol ýerde, V, 11. Subky, şol ýerde, V, 11. Bu taryhy hakykat hem Hajy Bekdaşy Weliniň „Welaýatnama” eserindäki wakalary ýalana ykarýar. „Welaýatnama” eserine şeýh, rasat ylmy barada bir kitap ýazypdyr we ony getirip Abbasylaryň halypasyna hödürläpdir. Halyfa bolsa – kemakyl bolandygy üçin – suwuň sesi gulagyma hoş ýakýar diýip, kitaby derýa oklapdyr. Bu ýagdaýy eşiden Kubra Halyfanyň üstüne tatar mangollary küşgüripdir, s.39. Sopuçylyk we sopuçylyk edebiýaty, s. 435; IA, “Nejmeddin Kubra” md. Lami Çelebi, şol ýerde, 479-480. Aýratyn ser. Ibn Esir, el-kamil, XII, 369 ud. Çorum II-Halk kitaphanasy, № 608/9. Bu rysala Muhýiddin bin Arabyýa degişli edip görkezilýär. Ser. Ahmet Zyýauddin, Ruhul-arifin eseriniň soňunda (yst. 1275/1858). Kuşeýri bulardan biridir. Rysalada Halajyň sözlerini ulansada, onuň adyny aýratyn mowzuk hökmünde ulanmaýar. Halajyň adyny agzamaýan Kelabarydyr. Fewaih, s.37, 38, 39, 86. Bu düýşdler bilen gaýbef haly bilen baglanyşyklydyr. Fenal, s. 2-3. Jüneýt Bagdadynyň çekiz kanuny şular: dowamul-wudu, dowamus-sawm, dowamus-sukut, dowamul-halwet, dowamuz-zikir, dowamy rabtyl-kalp biş-şeýh, dowamy nefýil-howatyr, dowamy tekil-ygtyraz. Fewaih, s. 5. Fewaih, s. 45. BEEK H.Çelebi, № 1184, 1546. Fewaih, s. 85, 86. Mysal üçin çel. Sülemi, Tabaktus-sufiýe, nşr. Nureddin Şaribe, s. 499(Müsür,1953). Bertels, sopuçylyk we sopuçylyk edebiýaty, s. 436. Süleýmaniýe ktp. Şehid Aly Paşa kit. № 1395, 48b-126a. Nejmeddin Kubra barada ýazylan tefsir bu mesele üçin bir mysaldyr. Te’wilaty Nejmiýe, Bahrul-hakaýyk we Ahmel-haýat diýilip atlandyrylýan tefsirler we tefsirleriň müellifleri bellidäldir. Tibýan, III, 211a. IA, „Tarykat” md. Tibýan, I, 61b. IA “Tarykat” md. Tibýan, III, 205b-208b. Tibýan, I, 302b. Tibýan, II, 31a. Rysala Şeýh Mustafa Üsküdary tarapyndan hem türk diline terjime edilipdir. Ser. Süleýmaniýe ktp. Hajy Mahmyt Efendi ktp. № 2946. Süleýmaniýe ktp. Fatih kit. № 3064, 79b-81b. Süleýmaniýe ktp. Şehit Aly paşa kit. № 2725, 149b-150b. Süleýmaniýe ktp. Musala Medresesi kit. № 152, 536. BEEK, Jamy-i Kebiz, № 1700, 59b. Süleýmaniýe ktp. Laleli kit. № 2450, 33b BEEK, Jamy-i Kebir, № 1763. BEEK, Jamy-i Kebir, № 3505, 82a Süleýmaniýe ktp. Pertew Paşa kit. № 613. Süleýmaniýe ktp. Hajy Mahmyt Efendi kit. № 2399. Süleýmaniýe ktp. Haly Beşir Aga kit. № 656. BEEK, Hüeýin Çelebi kit. № 1184, 99a-168a. Mysal üçin ser. Süleýmaniýe ktp. Şehit Aly Paşa kit. № 1393; №1800, 31a; №1188, 58b. Käbir başga nusgalary: Süleýmaniýe ktp. Esad Efeni kit. № 1695; Halet Efendi kit. № 826; şehit Aly paşa kit. № 1395, 2721, 2800. Sübki on iki jiltlik tebsir barada söz açýar. Ser. Tabakafuş- şafygyýýe, V, 11. Has giňişleýin maglumat üçin ser. Süleýman Ataş, Işary tefsir okuwy, s. 139-150 (ank. 1974); kätip Çelebi, Keşfuz-zunun, 459, 1181(ist. 1362/1943a. Süleýmaniýe ktp. Şehit Aly Paşa kit. № 2800, 107b-118a. Süleýmaniýe ktp. Şehit Aly Paşa kit. № 1395, 48b-126a.. BEEK, Hüseýin Çelebi, № 1184, 82a-111a (parsça). Süleýmaniýe ktp. Aýasafýa kit. № 697, 5b-7a.. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |