12:54 Nowruzy belleýän halklara salam bolsun! | |
NOWRUZY BELLEÝÄN HALKLARA SALAM BOLSUN! SALAM BOLSUN OTDAN DOLY ÝÜREKLERDE UMYT SAKLAÝANLARA!..
Publisistika
Şu gün 21-nji mart... Şu gün 2619-njy gezek uly şatlyk-şagalañ bilen belleýän Nowruz baýramymyz. Şu gün - Zaratuştranyñ "Zendawesterinden" Ferdöwsiniñ "Şanamasyna", Wasiliý Nikitine we başga nijeme taryhçylara çenli rowaýatyñ dürli-dürli taraplarynyñ dabaraly şowhun-şagalañlar bilen geçiriljek güni. Kime, nähili salgylansak salgylanalyñ, Nowruz diýlende, hemme zatdan öñ ot ýada düşýär. Oduñ ýagtylandyryjy aýratynlygy we tümlügi böwsüşi ýada düşýär. Nowruz döwleti dolandyrýan güýçleriñ gyzyl çyzykly çägi bolup geldi. Nowruz emeli zorluk bilen "bölünişikçi syýasy simwola" öwrülenden bäri, Nowruz diýlende, kürtleriñ ine-gana belläp bilmeýän Ýakyn Gündogar baýramçylygy ýada düşýär. Akly-gyzylly, gökli-ýaşylly reñbe-reñ egin-eşikleri bilen, sykylyklary bilen, otlary bilen, müñleri bilen, ýüz müñleri bilen köçelere çykan kürtleriñ öñüniñ alynan, gadagan rdilen, haý-haýly wakalaryñ bolan güni ýada düşýär. Döwlet we hökümet ýolbaşçylarynyñ köplenç häkimleriñ üstünden agzan "Nowruz baýram bolýan bolsa, ony bizem belläp bilýäris" diýýän gülkünçligi ýada düşýär. Oduñ perzendi Kawa demirçiniñ zalym hökümdar Dahhagyñ zulumyny soñlandyrandygy, zuluma garşy çykandygy, gözedürtme garañkylykda umydyñ we azatlygyñ ýalkymy bolandygy ýada düşýär. Jemgyýet bolup, heniz ýüzleşilmän galan "12-nji sentýabr" harby döwlet agdarlyşygy döwründe Diýarbekiriñ wagşyýana türmesinde ýatyrka ýüreginde "Nowruz oduny ýakan" Mazlum Dogan ýada düşýär. Nowruz diýlende, 1992-nji ýylda Jizrede on müñlerçe kürt üýşende, howpsuzlyk güýçleriniñ atan okundan Izzet Kezeriñ we onlarça kürtüñ wepat bolan ganly baýramçylygy ýada düşýär. Mersinde eline kimiñ tutdurandygy näbelli (!) 12-14 ýaşly iki kürt çaganyñ türk baýdagyny ýere zyñmagy, muña garşylyklaýyn Ýaragly Güýçleriñ Baş Ştabynyñ başlygynyñ "sözde watandaş" düşünjesiniñ üstünden alnyp barylan milletparazçylykly kampaniýalary, gargynç-sögünçli mitingleri, baýdak dikme isteriýasy, dikmedikleriñ dönük yglan edilen linç günleri ýada düşýär. Gara gyşyñ ortasynda köwsarlap ýagýan garyñ astynda demini alýan toprakdan, gülleriñ we sümbülleriñ pürkülip çykmagy, agaçlaryñ güllemegi, tohumlaryñ şinelemegi, guşlaryñ jükürdisi, adamyñ içiniñ jybyr-jybyr etmegi, tebigatyñ we halklaryñ durmuşynyñ janlanmagynyñ birleşmegi bilen baharyñ başlangyjy ýada düşýär. Has düýpde, zulumyñ we diýdimzorlugyñ soñlanýan, adalatly we aýdyñ geljek duýgusynyñ öñe saýlanýan umytly güni ýada düşýär. Doganlar, tebigatda bar islendik zadyñ jemgyýetçilik durmuşynda-da garşylygy bolýar. Hemmäñiziñ gije bilen gündiziñ deñleşýän we hut şol gijäniñ dañ uçurlaryndan başlap gündiziñ uzalyp, gijäniñ gysgalýan ýeke-täk güni bolan Nowruz baýramy gutly bolsun. Azatlygyñ, deñligiñ, doganlygyñ, gündiziñ hemem aýdyñlygyñ höküm sürýän adyl-adalatly dünýäsini arzuw etmek bilen hakydamyzda azatlyga çykyljak gün hökmünde ýer edinen Nowruzy belleýän ähli halklara salam bolsun! Salam bolsun otdan doly ýüreklerinde ýagty geljege bolan umydyny ýitirmän saklaýanlara!.. Newroz Pîroz Be! Jelaletdin JAN. Duşenbe, 21.03.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |