17:54 Ýüz ýedinji ýylynda sowet rewolýusiýasynyñ gürrüñini etmek... | |
ÝÜZ ÝEDINJI ÝYLYNDA SOWET REWOLÝUSIÝASYNYÑ GÜRRÜÑINI ETMEK...
Taryhy makalalar
Şweýsariýada ýaşlar bilen geçirilen duşuşykdan rewolýusiýany görmerin gaýgysy bilen gaýdan Lenin bolýan öýüne gelende Russiýada rewolýusion gozgalañ turandygyny, patyşanyñ agdarylandygyny we wagtlaýyn hökümetiñ gurlandygyny eşiden badyna ähli gaýgy-aladasyny ýatdan çykaryp Russiýa gitmegiñ ýollaryny gözlemäge başlapdyr. Nemes hökümeti bilen gatnaşyk ýola goýlup, şweýsar hökümeti Leniniñ Germaniýanyñ üstünden Russiýa geçmegine rugsat bermek bilen iñ bolmanda Russiýany gowşadyp, uruşdan çekiler ýaly etmegi meýilleşdirýärdi. 1917-nji ýylyñ aprelinde Petrograda gaýdyp gelen Lenin "Finlandiýa" otly duralgasynda joşgunly garşylanýar. Lenin şonda halk köpçüligini bütindünýä sosialistik rewolýusiýasyny amala aşyrmaga çagyrýar. Kän wagt geçmänkä nemes imperializmi uruşyñ weýrançylygynyñ we halkyñ açlygynyñ, garyplygynyñ rewolýusiýa bilen birleşjegini bilip, basyp alan ýerlerini-de taşlap uruşy soñlamaga synanyşanam bolsa, edil şu jygba-jygly taryhy pursatda ABŞ Soýuzdaş döwletleriñ tarapynda urşa girýär we mundan beleñ alan Angliýa Germaniýa bilen ýaraşyk baglaşmakdan ýüz öwrüpdir, uruş ýene dowam edipdir. Russiýada Fewral rewolýusiýasy bilen häkimiýet başyna gelen Kerenskiniñ wagtlaýyn hökümeti Soýuzdaş döwletleriñ uruş syýasatyny goldapdyr. Muny gören we parahatçylygyñ bolmagyny isleýän halk köpçüligi ondan daşlaşyp başlapdyr. Fotosurat: K.Bulla, Courtesy of the Central State Archive of Kino-Photo-Phono Documents, St.Petersburg • "Ähli häkimiýet sowetlere!" 1917-nji ýylyñ bahar aýlarydy. Bolşewikleriñ sowetlerde heniz aglabasy üstün çykyp bilmedigem bolsa, barha güýçlenýändigi görnüp durdy. Işçiler guramaçylykly birleşme işlerine üsn berýärdiler. Orta synplar proleyariata ýa-da buržuaziýa goşulma stadiýasyndady. "Fewral rewolýusiýast sosialistik rewolýusoýa öwrülermikä?" Sorag şudy... Rewolýusion synp gatlaklarynyñ rewolýusion göreşe gatnaşma formasy anyklaşmagy orta atýardy. Bolşewikler haýsydyr bir düşünje bulaşyklygyna mümkinçilik bermezlik üçin Sosial-demokratik partiýasynyñ adyny üýtgedip Kommunistik partiýa etdiler. Wagtlaýyn hökümet ABŞ-dan alan maliýe kömegi bilen Galiçiýada gazanan çäkli üstünligine esaslanyp halkyñ goldawyny almaga synanyşandygyna garamazdan, Kornilowyñ serkerdeligindäki rus goşuny nemesleriñ garşylyklaýyn hüjümine uçrap, derbi-dagyn edilipdi. Hökümet ýeñlişiñ Kommunistik partiýanyñ uruşa garşy ýöredýän syýasatynyñ netijesi edip görkezse-de, müñlerçe esgeriñ fronty taşlap Kommunistik partiýanyñ we proletariatyñ hataryna goşulmagy dowam edýärdi. Gysgaça aýdanda, ruslar sözüñ doly manysynda ýeñlişe sezewar bolupdy, esgerler bilen ofiserleriñ arasynda düşünişmezlikler ýüze çykypdy. Munuñ deregne Lenin Gyzyl gwardiýaçylar ady bilen milisiýa otrýadlaryny düzýärdi. Gyzyl gwardiýaçylaryñ hataryna ýurduñ hemme ýerinde goşulýardylar. Daýhanlar hereketi görlüp-eşdilmedik derejede möwjäpdi. Bütin ýurt "Ähli häkimiýet sowetlere!" diýip gygyrýardy. Kronştadt matroslary, esgerler, işçiler herekete geçmäge howlukýardylar. Leniniñ ýolbaşçylygyndaky Kommunistik partiýa bolsa umumy gozgalañ turuzmagyñ şertleriniñ ýeterlik bişip ýetişmändigini aýdýardy. 1917-nji ýylyñ iýul aýynyñ başynda Petrogradda urşa garşy uly demonstrasiýa geçirildi. Wagtlaýyn hökümet barha güýjäp barýan hereketi zor bilen basyp ýatyrmaga synanyşdy. Petrograda frontdan goşun bölümleri ugradylyp, suwasty serkerdelerine Kronştadt flotiliýasyny gark etme buýrugy berlipdi. Şular ýaly üýtgeşmeleriñ netijesinde uly rus buržuaziýasy baş duşmanlarynyñ garşysyna urşulyp ýörlen Germaniýa däl-de, esgerlerdigini, işçilerdigini, zähmetkeşlerdigini, ýagny öz ýurdunyñ halkydygyny bildi. Ähli kontrrewolýusion güýçler rus halkyna garşy wagtlaýyn hökümet bilen birleşip, Kommunistik partiýany bikanun partiýa diýip yglan etdi. Basyşlar barha artdy. Lenin Finlandiýa gaçmaga mejbur boldy. Uly rus buržuaziýasy häkimiýeti täzexen ýeke özi eýelän ýalydy. Muña garamazdan halk 1917-nji ýylyñ iýulynda hereketden daşlaşdyrylyp aldawa salynandygyna, Kommunistik partiýanyñ öz partiýalarydygyna we Kommunistik partiýa duşman bolanyñ demokrat bolmaga-da mynasyp däldigine akyl ýetiripdi. Patyşany tagtdan agdaran Fewral rewolýusiýasy halkyñ hakyky talaplaryny kanagatlandyryp bilmändi. Şonuñ üçinem aýry we täze rewolýusiýany amala aşyrmagyñ mätäçligi duýulýardy. Uly buržuaziýa bolsa Sowetleri diñe harby döwlet agdarylyşygyny guramak arkaly dargadyp biljegini pikur edip, harby diktatura režimini gurmagyñ taýýarlygyna girişipdi. Kornilow şunuñ üçin öñe sürüldi. Jemgyýetçiligi howatyrlandyrmak üçin Riga nemesleriñ ygtyýaryna berildi, ofiserler frontdan çagyryldy, iñlis bronemaşynlary Petrograda bakan süýşmäge başlady, paýtagt gabaldy, birnäçe gizlin toparlar hökümet agdarylyşygyny goldamaga taýýarlandy. Emma agdarylyşygyñ netine alyp biljek guramaçylyk çygryndan çykylypdy. Halk köpçüligi, işçiler, Gyzyl gwardiýaçylar we beýlekiler Kornilowyñ güýçlerine garşy gorandylar we olary birnäçe sagadyñ dowamynda derbi-dagyn etdiler. Hökümet agdarylyşygyna synanyşygyñ şowsuzlyga uçramagy uly buržuaziýanyñ ähli at-abraýyny ýitirendigini äşgär edýärdi. Olaryñ turuzýan dowly halkyñ jogapkärçiligini artdyrýardy, halky kommunistleriñ pikirlerine ýakynlaşdyrýardy, ýeriñ we uly kärhanalaryñ döwlet eýeçiligine geçirilmegini, senagatyñ meýilleşdirilmegini, buržuaz häkimiýetiñ ýerine sowet häkimiýetiniñ gurulmagyny üpjün edýärdi. Sosial-demokratlardan başlap dürli yzagalaklara çenli hemmelerde kapitalizmden düýpli halas bolmagyñ düşünjesi peýda bolýardy. Uly buržuaziýa açlygy, transport problemasyny, maliýe krizisini gorjadygyça, garyplyk artdygyça, halk ýeke-täk halas boluş mümkinçiliginiñ nämediginiñ we nähili gazanmalydygynyñ pikirini güýçlendirýärdi. 1917-nji ýylyñ güýzünde iş taşlaýyşlar, syýasy artykmaçlyk gazanmaga başlapdy. Sowet Soýuzy we zawod-fabrikleriñ komitetleri bolşewikleşýärdi, daýgan gozgalañlary-da proletariatyñ halkyñ aglaba bölegini yzyna düşürýändiginiñ subutnamasy bolupdy. Frontlarda şindizem iki million adam bardy we olaryñ hemmesiniñ söweşmäge ýagdaýy ýokdy. Goşunyñ dargamagy şol wagta deñiç eýdip-beýdip özüni gorap gelen režimiñ dargandygyny añladýardy. Wagtlaýyn hökümet patyşanyñ agdarylmagynyñ üstünden alty aý geçensoñ halky köşeşdirjek bolup respublika yglan etmegi makul bilipdi. Emma indi giçdi... Graždanlyk urşy gutulgysyz ýagdaýa öwrülupdi. Fransiýa, Germaniýa, Angliýa, Italiýa... gepiñ keltesi Günbatar Dünýäsi birinji jahan urşunyñ ýaralaryny ýeterlik möçberde sarap-saramanka Sowet Russiyasyna hüjüm edipdi we gan ýitgisi iki essä çykypdy. Buržuaziýanyñ ahyrky günleriniñ başlangyjy diýip boljak çarkandakly ýyl başlapdy... Günbatar ýurtlarynyñ bu ýagsaýyndan sowet halky ýerlikli peýdalandy. Kerenskiniñ wagtlaýyn hökümeti Petrograd garnizonyny ýollamak bilen Sowetleri dargatmak üçin hüjüm etmegi buýrupdy. Bolşewikler muña Sowet Kongresini ýygnak geçirmäge çagyrmak bilen jogap berdiler. • 1917-nji ýylyñ 7-nji noýabry: Gozgalañ Kommunistik partiýa uruş yglan etmäge taýýardy. Lenin paýtagta gaýdyp gelipdi. Ol hereketlere uly güýç bilen ýolbaşçylyk edýärdi. 7-nji noýabrdaky kongresde häkimiýeti eýelemek üçin Lenin ýaragly gozgalaña geçmegi makul bildi. Şol günüñ agşamy (şol wagtky rus kalendaryna görä 24-nji oktýabr) bolşewikler belli-başly merkezleri ele saldylar we esgerler bilen matroslaryñ az wagt dowam eden gozgalañyndan soñ ministrleri tussag astyna alyp, wagtlaýyn hökümet gurdular. Bu hökümet 8-nji noýabrda Sowet Kongresine gozgalañ boýunça habarnama berdi. Kommunistleriñ ştab-kwartirasy bolan "Smolnyý" köşgüniñ töweregine üýşen halk köpçüligi paýtagty çaýkandyryp durka, adaty durmuş dowam edip durdy. Bolşewikler gan dökmezden Petrogrady eýeläpdiler. Kerenskiý gaçypdy. Lenin özüni gyzgyn garşylan kongresiñ alkyşlary ýatyşansoñ salyhatlylyk bilen şeýle diýipdi: - Indi sosialistik sistemanyñ gurluşygyna girişeris. Sowet hökümeti ähli halklara kontribusiýasyz we basybalyşsyz ýaraşygy teklip edýärdi we öz ykballaryny özleri kesgitleme hukugyny ykrar edýärdi. Ýer eýeçiliginde hususy eýeçilik ýatyrylýardy we ýeri zähmetkeşler kollektiwiniñ ygtyýarlygyna berilýärdi. Önümçilik işçileriñ ygtyýarlygyna geçýärdi we häkimiýet Halk Komissarlary Geñeşine ynanylýardy. Lenin Geñeşiñ başlygy, Troskiý Daşary işler ministri, Stalin Milletler ministri boldy. Halk ýeñişiniñ habary birnäçe günüñ dowamynda bütin ýurda ýaýrady. Hemme ýerde häkimiýet sowet hökümetiniñ eline geçdi. • Brest-Litowsk soñky söz däl... Hawa... 1917-nji ýylyñ 17-nji noýabryndaky gozgalañyñ yzyndan gelen hepdäniñ içinde ýurduñ hemme ýerinde häkimiýet sowetleriñ eline geçdi. Uly buržuaziýa uly pomeşikler we olaryñ ýaranlary umumy ýeñlişe sezewar bolansoñ, ýaragly güýçlerini Ukraina, Kawkaza, Sibire çekdiler. Soñlugy bilen Angliýadyr Fransiýa bilen dil düwşüp, bu iki ýurduñ ofiserleri arkaly harby taýýarlyga başladylar. Muña garamazdan Kommunistik partiýa täze döwlet formasynu ýola goýup, bir mahallar Pariž Kommunasy tarapyndan oýandyrylan halkyñ basylyp ýatyrylan umyt-arzuwlary ýeriñ astyndan çüwdürilip çykýardy, sosialistik düzgüniñ binýady tutulýardy. Buržuaziýanyñ we feodal synplaryñ her dürli peslikleriniñ we manýowrlarynyñ güýji gaçypdy. Zähmetkeş synplar häkimiýet başyna gelipdi we şolar ýurdy dolandyrmalydy. Bir ýandan uruş dowam edýärdi. Täze goşun gurmagyñ şertlerini döretmelidi. Munuñ ýoly-da at-abraýyña şikes ýetirtmezsen ýaraşyk şertnamasyny baglaşyp, imperializmiñ garşysynda yza çekilmekden geçýärdi. Soýuzdaş döwletleriñ içinde Leniniñ ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak tekliplerine diñe güýçden gaçan Germaniýa Ukrainany we Pribaltikany elinde saklamak üçin oñyn garady we ýaraşyk baglaşmagyñ ugruna çykdy. Russiýa-Germaniýa gepleşikleri 1917-nji ýylyñ dekabrynda Brest-Litowskda başlady. Ýöne muña Kommunistik partiýanyñ içinde garşydaşlyk bildirýänler bardy. Troskiý we çepçi kommunistler partiýanyñ içinde uruşyñ arasyny üzmän dowam etdirilmegini öñe sürýärdiler. Beýleki bir ýandan bolup geçen gozgalañ we uruş sowet hökümetiniñ ýurt goragyny gowşadypdy. Uruşy dowam etdirmegiñ kejeñekligi goragsyz hasaplap boljak ýurda garşy täze hüjüm edijilikli hereketlere çagyrmak bilen des-deñ many añladýardy. Troskiý ýaraşyk şertnamasyny baglaşmak üçin geçirilýän gepleşikleri şowsuzlyga uçratdy. Munuñ yzysüre Germaniýa täzeden uruş yglan edip Petrogradyñ üstüne gaýtdy. Bu hüjüm halky uly aljyraññylyga saldy. Täze düzülen Gyzyl Goşunyñ ilkinji podrazdeleniýeleri nemes goşunlaryna berk garşylyk berip, 1918-nji ýylyñ 23-nji fewralyndq nemesleri Narýanyñ öñünde ýeñlişe duçar etdiler. Leniniñ tutanýerli çagyryşlary bilen we çepçi kommunistleriñ intrigalaryna garamazdan ýaraşyk şertnamasy 1918-nji ýylyñ 3-nji martynda howul-hara baglaşyldy. Içiñi-bagryñy awundyrmakdan başga zada ýaramaýan bu ýaraşyk şertnamasy nemeslere ilkibaşda tama edýänlerinden has köpüsini berdi: Latwiýadan, Estoniýadan, Kurlandiýadan, Liwoniýadan, Polşadan el çekilýärdi. Ukraina Germaniýa berilýärdi. Bolşewikler bu ýaraşyk şertnamada wagtlaýyn ylalaşykdan başga zat görenokdy... Brest-Litowsk soñky söz däldi. Lenin üçin rewolýusiýanyñ howpsuzlygy meseläniñ esasydy. Ol çykyşyny şeýle sözler bilen jemläpdi: - Soñky sözi taryhyñ özi aýdar. Häzir her kim öz işini etsin. Geljek biziñkidir. Sowet häkimiýetine her tapgyry, hatda her pursaty taryhy ähmiýeti bolan kyn döwürler garaşýardy... # Çeşme: "Adamzadyñ taryhy" / Andre Ribar, Pariž-1946 ý. Jelaletdin JAN. Duşenbe, 11.11.2024 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |