09:51 Dekabristleriñ kyssasy | |
DEKABRISTLERIÑ KYSSASY
Taryhy makalalar
XIX asyryñ birinji çärýeginiñ Patyşa Russiýasynda dekabristleriñ tragiki kyssasy XVII asyryñ birinji çärýeginde Pýotr I Russiýanyñ gülläp ösmäge bolan mümkinçiliklerini döretmek üçin ýurduny Günbatara açýar. Taryhy yzygiderlilik kanuny öz hökmüni ýöredýär. 1789-njy ýylyñ Beýik Fransuz rewolýusiýasy bolup geçýär. Ýewropanyñ ähli yzagalak reaksioner güýçleri rewolýusiýadan gorkusyna Fransiýa garşy "mukaddes bileleşik" emele getirýärler. Beýik fransuz rewolýusionerleri ýakobinçiler köne synplaryñ hyýanatyna garamazdan güýçli gorag halkasyny döredip, ýurtlaryny goraýarlar. Yzyndan "restawrasiýa" döwri gelýär. XIX asyryñ başlarynda Napoleonyñ ýolbaşçylygyndaky fransuz goşunlary bütin Ýewropany aýaklarynyñ astyna alýar, üstünlikden üstünlige ylganýar. Çöküş döwrüne giren Russiýa Beýik Pýotryñ açan ýolundan gidip, çykalgany ýene Günbatarda görýär. Ýaş ofiserleri harby tälim almak üçin Fransiýa ugradýar. Şol döwrüñ şertlerinde "fransuz bolmak" ýoñ bolupdyr. Emma Günbatara öýkünýän Gündogarly ýurtlaryñ umumy kemçiligi bar: rewolýusiýanyñ daşky formasyny alyp, özenini, mazmunyny alanokdylar. Hernäme-de bolsa, ýaş ruslar zamanabap pikirler bilen ýurtlaryna dolanýardylar. 1805-1812-nji, 1814-1815-nji ýyllaryñ Russiýa-Fransiýa uruşlarynda goja marşal Kutuzowyñ serkerdeliginde ýurda kän peýda edýärler. Beýik ýazyjy Lew Tolstoý "Uruş we parahatçylyk" atly ölmez-ýitmez eserinde muny romanlaşdyrýar. Günbatar Ýewropa buržuaziýasynyñ turzan Birinji jahan urşunda esasan halk köpçüliginiñ söweşmegi, halkyñ ýurduñ bähbitlerine we ýurda özlerinden artyk bolmasa pes bagly däldiginiñ görülmegi olara "saýlawlarda ses berme" hukugynyñ berilmeginde uly rol oýnaýar. Ýaş rus ofiserleri bolan dekabristler bolsa, eýýäm 1814-1815-nji ýylyñ Russiýa-Fransiýa urşundan soñ halk köpçüligine "ses berme" hukugyny bermek pikirini öñe sürüpdirler. Günbatardan tegelek bir asyr öñ! Olar uruşdaky pidakärlikleri we halkyñ çekýän ýitgilerini hut gözleri bilen görüp, başdan geçiripdirler, şonuñ üçinem päk duýgular bilen konstitusion düzgün we krepostnoý daýhanlara azatlyk talap edipdirler. • Gozgalañ Dekabristler ähli kanuny ýollary synap görüpdiler, ähli gapylar ýüzlerine ýapylandan soñ ahyry 1825-nji ýylda gozgalañ turuzdylar. Patyşa Nikolaý I gozgalañy zalymlyk bilen basyp ýatyrýar. Dekabristleriñ bir bölegi gozgalañ döwri wagşyýana öldürilýär, bir bölegi dardan asylýar, hemmesi-de agyr gynamalara sezewar bolýar. Diri galanlar uzak möhletleýin azatlykdan mahrum edilýär. Özleri türmede, maşgalalary daşarda agyr ezýetleri çekýär, görmedik jebri-jepalary galmaýar. Ele salynan ýolbaşçylarynyñ dardan asylýan wagty ýüp üzülýär. Rus däbine görä, eger ölüm jezasyna höküm edilen adamyñ ýüpi üzülse, onuñ jany bagyşlanýar. Gözüne gan öýen doñýürek patyşa Nikolaý I olaryñ janyny bagyşlamandyr. Ol dar agajynyñ ýüplerini täzeledip, dekabristleri dardan asdyrypdyr. Galanlary Sibire we Uzak Gündogara sürgün edilipdir... Yzyndanam patyşanyñ diýdimzor polis režimi... • "Soñlanmadyk aýdyma" ne döw çaldy? 1856-njy ýylda tagta Aleksandr II çykyp, sürgün edilenleriñ Russiýa gaýdyp gelmeklerine rugsat beripdir. "Dar agajynda ýüpi üzülenler" bireýýäm asylypdy, ruhlar ýaralydy, olaryñ aglabasy yzyna dolanyp gelerden indi giçdi... Emma bäş ýyldan soñ 1861-nji ýylda geçirilen reformalaryñ täsiri bilen yzyna dolanyp gelenlerem bolupdyr. Patyşa režimi bolsa olary tä ölýänçäler hemişe ýok saýdy, belli bir derejede "ýitirilen nesil" hasaplady. Beýleki bir ýandan bolup geçen zatlar ýatdan çykanokdy. Taryh hiç zady ýatdan çykarmaýar: progressiw-rewolýusioner pikirli rus ýaşlary dekabristleriñ rewolýusion mirasyna eýe çykýardy. Olaryñ narodnikleriñ üstündäki täsirleri hasam ýiti bolýardy. Lenin harby gullukçylaryñ arasyndaky synpy göreşiñ taktikalaryny kesgitlemek bilen dekabristleriñ taryhy mirasynyñ ýatdan çykmazlygyna aýratyn üns berýärdi we dekabristleriñ tejribesini has kämil çarçuwada sintezleýärdi. Şeýlelikde dekabristler ýüz ýyldan soñ sowet rewolýusiýasynyñ myhmany bolmak bilen harbylaryñ aýaga galyp rewolýusiýa goşulmagy olaryñ taryhy halkçy-rewolýusion tradisiýasy bilen baglanyşdyrylýar. Hususanam "dekabrist aýallar" barada aýtsak... Olar ýanýoldaşlaryna merdanalyk bilen, uly dözümlilik, çäksiz gaýrat bilen arka durupdyrlar. Olaryñ wepalylygy we janypkeşligi XVIII asyryñ ortalaryna çenli ösüp ýetjek derejesine ýeten rus edebiýaty we prozasy arkaly rus rewolýusionerleriniñ söýgüsiniñ we dost-doganlygynyñ iýmitlenen esasy çeşmeleriniñ biri bolupdy. Şeýlelikde dekabristleriñ "soñlanman galan aýdymy" ýüz ýyllyk taryhy ewolýusiýadan soñ üstünlikli soñlanypdy. Jelaletdin JAN. Sişenbe 21.03.2023 ý. | |
|
Teswirleriň ählisi: 3 | ||||
| ||||