Возьмите слово за основу И на огонь поставьте слово, Возьмите мудрости щепоть, Наивности большой ломоть, Немного звёзд, немного перца, Кусок трепещущего сердца И на конфорке мастерства Прокипятите раз, и два, И много-много раз всё это. Теперь пишите! Но сперва Родитесь всё-таки поэтом.
Раймона Кено. Перевод Михаила Кудинова.
---
Разберите стихи на слова…
Разберите стихи на слова. Отбросьте бубенчики рифм, ритм и размер. Даже мысли отбросьте. Провейте слова на ветру. Если все же останется что-то, это и будет поэзия.
Leon Felipe öz aýdýan zadyna özi eýermeýär. Gurbannazarda "Pikir bilen duýgyň mukaddes nikasy" diýlip has ýiti hem gowy aýdylýar. L.Felipe bolsa, şunça gepläp, ýagny şunça pikir aýdyp: "Diňe duýgyny galdyryň! Duýgy - poeziýaň hamyrmaýasy!" diýýär. Dogry. Inkär etmek telek bolar. Ýöne, özüniň aýdan zatlaram diňe pikir ýitiligi bilenem birje "çümmüjek" ýaşyrynja duýgy ahyry. Onsoň pikiri aýyrsaň duýgy nädip emele gelmeli? Islendik ýazylýan zadyň özeni, esasy näme? Söz. Söz näme? Pikiriň ýa-da duýgyň beýany. Ýöne söz ilkibaşky impulsy duýgudan alsa-da, ony emele getirýän zat - pikir. Sebäbi pikir ony formulirleýär, harplaň ýa-da sesiň galybyna salýar hem-de onuň durmaly, aýdylmaly ýerini kesgitleýär. Eger-de pikirsiz, sap duýga ýugrulan jümleleri aňyňda emele gelşine görä eňteriberseň, ol goşgam bolmaýar, hiç zadam bolmaýar. Samrama bolýar. Samrama bolsa şygyr setiri hökmünde täsir edip bilermi?!
gyzykly gürrüňiňiziň dowamy hökmünde: Brodskiň araky terjimesine synanyşykly sahypada bir surat salgy beripdim, Žan Dübüffe-ň primitiw suraty. "eşekli beduin", siz halamok diýipdiňiz. tagam barada her kimiň isleýişi bar. hemme suratlary bolmasa-da edil şo surat maňa ýarapdy. many hem gözlämok, ýöne formalar, reňkler, garaz... nämäni halanymam bilemok, belki primitiwligini halandyryn. şol žan dübüffäň sözini okadasym geldi (terjime etmesemem düşünýänsiňiz):
«Песни, которые горланит девушка, надраивая лестницу, волнуют меня больше, чем искусное пение. У каждого свой вкус. Я люблю немногое. Я предпочитаю зачаточное, необработанное, несовершенное, смешанное. Я больше люблю алмазы неограненные, в их чистом виде». Жан Дюбюффе
muňa näme diýip bolar? kişi - ökde aýdymçyň aýdymyndan beter podýezdiň basgançagyny ýuwup ýören gelnejäň gödeňsi hiňlenmesini eý görýär....
"На вкус, на цвет товарищей нет" diýýäler. Her kime bu dünýä birhili açylýar. Biri nepislige aşyk, beýleki betnyşanlygyň sergezdany. Munuň şeýlediginde-de Hakyň hiç haçan ýorup bolmajak parasady hem-de gözelligi ýaratmaga emri ýatyr. Munam haýran galyp synlamaly. Halypalarymyň biri: "Hemme isleglemmiziň kabul bolmaýanna-da şükür!" diýýär. Munuň bilen diýjek bolýanym, özüm-ä halypamyň bu aýdýanyny hasam çuňaldyp: "Hiç kimiň biri-birine meňzeş däldigine-de şükür!" diýesim gelýär. Çünki dirilik - bu köpdürlilik.
Kimdir biriniň nukdaýnazaryny, gözellik duýgusyny kabul edip bilmezligimizem ony ýazgarmak üçin esas ýa-da delil däl-de, gaýta öz garaýşyňdan üýtgeşik garaýyşlary kesesinden seljermek, öwrenmek, şonuň netijesinde-de kämilleşmek üçin mümkinçilik.
hormatly Gumlygelin. hoş sözleriňize minnetdar (biraz agyrragam gelýä, ýöne :-) ) öz halanja zatlarymy "terjime" edip paýlaşan bolaýmamdan başga zat ýok-la. bizden kän zada-da garaşmaň... esasy, size döredijilikde üstün derejeler, şowly synanyşyklar, ylham... arzuw edýärin. bizem sizden täze zatlara garaşýarys. janyňyz sag bolsun.
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär. [ Agza bol | Saýta gir ]