11:05 Nyzamy Genjewiniñ kasydalaryndan | |
Gündogaryň taýsyz şahyrlarynyň biri Nyzamy Genjewi Azerbaýjanyň Genji şäherinde dünýä inipdir. Onuň haçan dünýä inendigi barada maglumat bolmasa-da, VI asyryň ahyrlarynda, VII asyryň birinji ýarymynda, ýagny 1180-1202-nji ýyllar aralygynda, altmyş üç ýaşynyň içinde aradan çykandygy barada, bu beýik şahyry ilik-düwme öwrenip, bu baradaky ylmy-barlag işleri üçin 1949-njy ýylda SSSR-iň Döwlet baýragyna mynasyp bolan SSSR YA-nyň habarçy agzasy, professor Ýewgeniý Eduardowiç Bertels özüniň "Низами и Физули" diýen belli işinde belläp geçýär. Nyzamy Genjewiniň ejesi Yrakly kürtleriň gyzy bolupdyr. Ýöne Nyzamy Genjewiniň doglan ýyly barada maglumatyň bolmaýşy ýaly, onuň çagalyk, ýigitlik ýyllary barada-da hiç hili maglumat galmandyr. Ol bir kadysasynda: Nala birle, ýola düşgül, çopandyr rahnama, Halka içre gireniň hak, çäresizdir gol-aýak, Köňlüň içre rahat bol, ýola aýlar gaňyrçak, Gaňyrçak mazur tütün, diýr ezdi dilin, derdi dil, Döwlet yzlap mezhur içre, maly dünýä deň etmez, Kesp etdi hikmet ýolundan, böri hikmet çeşmesi, Gör, gaý içinde ýitirdiň, gijemi-gündizmi dik dur, Adam üçin bolmaýaň sen,döwmi ýa ol ýada melek, - diýmek bilen, ynsanyň dünýäniň, tebigatyň, Taňrynyň öňünde päkize bolup, mydam dogry, umytly bolmalydygyny, şeýle ýagşy niýetler içinde ýaşan ynsana Beýik Perwerdigäriň mydam hemaýat edip, ony umydyna ýetirjekdigini nygtaýar. ▶ Nyzamy Genjewiniň kasydalaryndan Köňül jünbüşe gelmiş, gozgalaň tapdy kerwen, Nala birle,ýola düşgül, çopandyr rahnama, Halka içre gireniň hak, çäresizdir gol-aýak, Köňlüň içre rahat bol, ýola aýlar gaňyrçak, Gaňyrçak mazur tütün, diýr ezdi dilin, derdi dil, Döwlet yzlap mezhur içre, maly dünýä deň etmez, Kesp etdi hikmet ýolundan, böri hikmet çeşmesi, Gör, gaý içinde ýitirdiň, gijemi-gündizmi dik dur, Adam üçin bolmaýaň sen,döwmi ýa ol ýa-da melek, Hindiler deý garalykda bir nesipdirler, ýa müň, * * * Bu gülşende garalykdan egilmişdir kemerim, Daragtymda ne saýa bar, ne miwe bar ýekeje, Pelek kaddyn egip maňa, gabra kowmaga meşgul, Agyzda iki dişim erdi,ap-akja dişlerim dür, Döküldi göwherim, ýyldyzçy men, Ömri kükeden, Ömrüm ahyra geldi, indi men baş ogla mysal, Egildi kamatym meniň, boş ýere maýýl boldy ol, Egilmiş kaddy-kamatym, Etegme degmesin diýp gan, Düşdi başyma ap-ak gar, basar ol ahyr gelip, Eger köp bolsa çakyňdan, erän suwlar galar ondan, Ejizligim şunça boldy, saýa dek köp soralaryn. Meni hiç kim eýlemez ýat, ejizligim sebäpdir, Ejizlik kamatym aýlap, saýratdy meni ençe, Kagyzdan akja tümen, men neneň perwaz etmäýin, Jahan bossanynda ýar umydym terk bolup gitdi Bagyň miwesi deý, şoh kaddy dikeldi, emma, Egildi başym owwal bor, elimde näme galdy, Ömür ötdi, günäm günbe-gün artyp barar hergiz, Tenim hiç lerzandan dynmaz, gollarym titremekden hiç, Hylwat tapmadym men, ahyr dünýäden köp çekip gam. Bu guşan suwy höwese hem indi ýük işim, Gollarymdan gitdi ýaşlyk, serwi boýy bilen bu gün, Taýýarlan: Öwezdurdy NEPESOW, | |
|
√ Bir ýaşuly hakda / Goşgular - 21.05.2024 |
√ Nikolaý Rubsowdan goşgular / Goşgular - 09.10.2024 |
√ Hasap / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Saňa bolan yşkymdan / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Wagtydyr / Goşgular - 12.09.2024 |
√ Yşarat / Goşgular - 10.10.2024 |
√ Goşgularym / Goşgular - 10.12.2024 |
√ Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Kim görer hurşydy, ol mahy-sima bolmasa... / Goşgular - 11.12.2024 |
√ Patyşahym, sen geçirgil gerçe guldandyr hata / Goşgular - 11.08.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |