15:40 Ogry / hekaýa | |
OGRY
Hekaýalar
(geçmişden) "Atyň ölümi, itiň baýramy". Nakyl Kempir daňdanyň ala garaňkysynda hamyr ýugurmaga turup öküzinden habar alarman boldy. Wah... Öküz ýok, agyl köçe tarapyndan deşilipdir... Daýhanyň öýi weýran bolsa bolsun öküzi ýitmasyn. Bir halta saman, on-on bäş sany hada, bir araba gamyş bilen jaý bolýar, öküz almak üçin bolsa niçe wagtlap bulamyk bilen gün görmeli. Adamlar ahy-nala öwrenişip gidipdiler. Biriniň äri urýar, kimdir biriniň jaýy elinden alynýar. Emma kempiriň agy sesine adamlar çalt ýygnaldy. Kabyl aga başy açyk, aýak ýalaň, agylyň gapysynyň ýanynda dur, aýaklary sandyrap, gözleri bir ýerde eglenmän hemmä seredýärdi, emma welin hiç kimsäni görüp bilenokdy. Hatynlar ogryny gargaýar... Itler üýrýär... Horazlar gygyrýar... Kimdir biri öküzüň şular ýaly kiçijik deşikden sygjagyna ynanmaýandygyny aýdýar... Başkalar onuň gepini makullaýar. Kabyl agaň goňşusy— burny çapyk ýüzbaşy geldi. Ol agyla girip, diwardaky deşigi, öküziň daňylan sütünini ünsli synlady, näme üçindir sütüni gymyldadybam gördi. Soňra Kabyl agany ýanyna çagyrypdyr pesejik ses bilen: — Arkaýyn bol! Öküzüň tapylar— diýdi. Ol agyla girip barlag edende Kabyl agada bir umyt döräpdi, bu aýdan sözi bolsa çendenaşa begendirdi. Garryň gözünden ýaş akyp: — Taňryýalkasyn... Ala öküzdi...— diýdi. Adamlar, ogrynyň haçan we nähili gural bilen diwary deşendigi, öküzi haýsy tarapa alyp gidendigi, ony haýsy bazarda satyp biljekdigi barada dawalaşa-dawalaşa dargaldylar. Gowur ýatdy. Kabyl agaň kempiri aglamagyny bes edip, ýüzbaşa alkyş aýdyp başlady. Ýüzbaşy ogryň deşik açan ýerini ýene bir gezek synlady. Kabyl aga onuň yzyndan galman aglamjyraýardy. — Aglama, aglama diýýän! Öküzüň Ak paşşa sowgat edip göýberilmedik bolsa hökmän tapylar. Ýüzbaşy öküzi tapmagy aňsatjak edip goýaýdy— göýäki köçä çyksa boldy — öküz garaşyp dur. Bu "tapagan" şunça ýagşylyk edeninden soňra bir zatlar bermeseň bolmaz ahyryn. Mugduna maýmyn oýnamaýar. Bu adam ýüzbaşy bolmak üçin az zat berendir öýdýäňmi? Diňe müňbaşa ýedi ýüz bag ot, bir zyýapat berendigi uly ile aýan. Şalykdan aýlyk hem bermeýärler. Kabyl aga jübilerini dörüşdirip bary-ýogyny ýüzbaşa berdi, alkyş baryny hem aýtdy. Ýüzbaşy dessine kaza habar etjekdigini aýdyp çykyp gitdi. Agşam Kabyl aga kazyň ýanyna gidermen boldy. Eliň boş barsaň işiň bitmejegi belli. Kazy aga näçeräk pul eltse bolarka? Berjege bir hem köp, aljaga on hem az. Kabyl aga bilen kempiri maslahat edip şeýle karara geldiler: Bu çykdaýjy soňky we öküzi öýe getirjek çykdaýjy şonuň üçin puly gysganmak akyla sygjak zat däl. Kabyl aga kazynyň uzyryna baranynda kazy gaty gägirdi, soňra gözüni süzüp güldi. — Hä, sygyr ýogaldymy? — Ýok, sygyr däl, öküz, ala öküzdi. — Öküzmi?... Öküz diýsene! Humm... Ala öküz? Toba... — Barym, ýogum şu ýekeje öküzdi. Kazy burnuny çukalap güldi — Ýogalmazdan ozal bir bardymy, nähili öküzdi? — Ala öküzdi. — Ulumy ýa kiçidi? — Soýubermeli, ýetişen maldy. — Uly öküz biri iýtse gidiberýämi? — Başka mal-mülküm ýok. — Özi gaýdyp geläýmezmika?... Biri alyp giden bolsa yzyna getirip bermeýärda. Näme üçin aglaýaň? Aglama! Kabyl aga ýere seredip durdy. Kazy barmagyny ägidine süýkäp: — Gözletsemmikam?— diýdi— Buşlugyna näme berjek? Buşlugyň ujundan hiç zat getirmediňmi? Kazynyň bu gepi Kabyl aga "Al, öküziň" diýen ýaly eşidildi. Puly berip: — Sagboluň — diýdi— ýene näme hyzmatyňyz bolsa men taýýar. — Men dessine pristawa habar bererin, özi seni çagyrar. Bir hepde geçdi... Bu bir hepdäniň dowamynda kempir "doganyň güýji bilen suwy ters akdyrýan" Azaýimhana gatnap ýarty halta igde, üç tabak mekke, iki sapak berdi, emma peýdasy bolmady. Sekizinji güni Kabyl aga ýene-de kazyň ýanyna bardy. Kazyň gahary geldi. — Näme, öküzüňi öýüňe eltip bermelimi? Barmaly, arz etmeli! Raýatyň arza barmagy häkimiň sylagy bolýar. Kabyl aga dost-ýarlary bilen geňeşdi— pristawa puldan başka näme eltse bolarka? Kabyl agaň özi biri kürk üç sany towuk tapdy. Ýüz sany ýumurtgany goňşy-golam, dost-ýarlary öz aralarynda ýygnap berdi. Emma bu peşgeş dilmaçdan aňry geçmedi. Dilmaç peşgeşi alyp derrew pristawa ýagdaýy gowy düşünipdir bermäge wada etdi. Garryň endam-jany sökülen ýaly boldy, soňra özüni dürsedi, emma hany ýekeje söz hem diýip bilse . "Gowy düşündirilen" pristaw bir towuk, üç som puly alansoň, Kabyl agaň bagtyna "dessine häkime habar bererin" diýmän "kaza bar" diýäýdj. Kazy "ýüzbaşa bar" diýdi. Ýüzbaşy gaharlanyp: — Kimden şübhelenýäniňi aýdaý bolmasa—diýdi— kimiň ogurlanyny men näbileýin, weli däl-a men. Ogurlan adam eýýam soýup dargadandyr. Uzak diýmeseň, ýaltanmasaň gönçiňkä baryp derileri barlap göräý. Emma derisi gönçä düşen bolsa bir eýýam işlenendir, Alla bilýä, eýýam haçan ädik bolup bazarda durmy. Garry ýere seredip: — Bize juda kyn boldy-da. Maňlaýym gara eken...— diýdi. — Eý, agam ýaş çagamy sen! Näme üçin aglaýaň! Ullakan adam bolup... Ýekeje öküz bolsa bir alajy bolar, ölümden özgesiniň çäresi bara. Men gaýynatama aýdaýyn bir öküz berer, bir öküz adamyň gany däl ahyryn. Ertesi gün ýüzbaşy Kabyl agany gaýynatasynyň— Eýämberdi pagtaçyň ýanyna eltdi. Pagtaçy Kabyl aga kän gynanyp ýerini sürmäge bir däl, iki öküz berdi, ýekeje "kiçijik" şerti bar. Bu şert güýzde belli bolar... Abdulla KAHHAR. 1936 ý. Terjime eden: Saparmyrat GÜRGENÇLI. | |
|
√ Durmuş diýseň ajaýyp... / hekaýa - 15.08.2024 |
√ Gamyş köpri / hekaýa - 26.11.2024 |
√ Pedofiliň ölümi / nowella - 04.01.2024 |
√ Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024 |
√ Mahmal köwüş / hekaýa - 23.08.2024 |
√ Leýlanyň taryhy / hekaýa - 11.01.2024 |
√ Jynlaryň meýlisi / hekaýa - 22.07.2024 |
√ Sekiz emjekli "gahryman ene" / hekaýa - 26.07.2024 |
√ Jüren / hekaýa - 07.09.2024 |
√ Şol tanyş garamyk gözler... / hekaýa - 24.06.2024 |