21:58 Ökünçli adamyñ elegiýasy / poema | |
ÖKÜNÇLI ADAMYÑ ELEGIÝASY
Poemalar
Açyldy iñ soñy demir derweze, Erkin şemal urdy bu gamly ýüze. Salam erkin şemal, Salam azatlyk! Azatlyk! Arly ýyl saña zar boldum. Azatlyk! Arly ýyl küýsedim seni! Armanly geçiren arly bir ýylym Ömrümden aýyryp goýsadym seni! Ol çykdy. Dur ynha, garanyp her ýan, Giñ jahana bakýan gözünde müýn bar. Onda ne seza bar, ne-de bir üýn bar. Ol çykdy. Dur ynha, garanyp her ýan, Sojap urýan ýüreginde gussa bar. Her bakyşda bir gaýgyly kyssa bar. Ol çykdy. Dur ynha, ser salup daşa. Garşylady ony şowhun-tomaşa. Ýañja batyllykdan açylan ýaly Dünýä şöhle saçýan Güne seredýär, Köçä, jähek bolan güle seredýär, Ýene seredýär ol Ýene seredýär. Ol çykdy. Dur ynha, ýaýdanyp hälem. Diñe şuna nazar dikipdir älem. Ol bolsa dur. Derwezeden çykyp dur. Ýürek awuşap dur. Ýürek böküp dur: - Salam erkin şemal; Salam azatlyk! Azatlyk! Azatlyk! Küýsedim seni Armanly geçiren arly bir ýylym Ömrümden aýyryp goýsadym seni. Nagra dartyp, daga-daşa diş ursam, Garagumy öz ornundan süýşürsem, Müñ bir pikir bilen kelle çişirsem, Haýyp giden bir ýyl, dolanarmysyñ? Başym urup dagy-daşy owratsam, Göz ýaşymy gije-gündiz paýratsam, Il-günüme ömrüm boýy haýyr etsem, Köpüp giden bir ýyl, dolanarmysyñ? Içmän oñsam suwy datmasam nany, Bersem öz-özüme agyr jezany, Kalbyñ çuñ ýerinde gitmez yzany, Goýup giden bir ýyl, dolanarmysyñ? Haýyp giden bir ýyl, dolanarmysyñ? ...Ine bir ýyl geçdi, şo günden bäri, Onuñ merdan başyn egenden bäri. Şondan ozal bolsa belentdi bu baş, Gül ýaly ýigitdi, çeniñden ýuwaş. Gül ýaly ýigitdi, Ýary bagtdy: Gelin bar, ogul bar, gyz diýseñ, o bar, Mähir diýseñ mähir, näz diýseñ, o bar, Saçakda nan bilen duz diýseñ, o bar... Müýni ýokdy il-gününiñ öñünde, Ýowuz günde döş geripdi il üçin. Ýaralandy. Emma ýeñdi duşmany Ýurt üçin Ogul-gyz, Inçe bil üçin. Instututy utgaşdyryp iş bilen, Ol zybrygyn tamam etdi bäş bilen Atly-abraýly gül dek ýigitdi Dokuzy düzüwdi, ýary bagtdy. Hiç kimse diýmändi: "Bu işiñ telek" Sebäbi işiniñ telegi ýokdy. Iş hakyny ýigit kimin haklardy, "Ony et", "muny et" diýdirenokdy. Maşgalanyñ hatyrasyn saklardy Özgelerden kemter iýdirenokdy, Özgeleden kemter geýdirenokdy. Ähli tanyşlary geçerler güwä, Alçakdy, bälçikdi, sypaýydy ol. Men-menlik diýlenden ýok onda nowa, Sona-da ýürekden wepalydy ol. Goñşy-golamlar-da däldi nägile, Hiç kimiñem ýokdy onda ynjysy. Pamyk dek kalbynda ýokdy oñ hile, Il zadyna uzamandy penjesi. Gül ýaly ýigitdi, Ýary bagtdy, Islän zady öz öýünde nagtdy. Hany indi bagt, hany o döwran?! Ýykylsam aýagña müñde bir öwran. Men zerarly gözün sykyp, elewrän - Geçermiñ edilen günämi, Sonam? Ýañadandan palçyk kimin eýlensem, Gyz goluny ýassanmadyk boý bolsam, Oba-oba, şäher-şäher aýlansam Taparmykam sen dek jenany, Sonam? Awuşaýar ýürek, howlaýar ýürek, Howurly gol ýaly lowlaýar ýürek. Birden darka ýarylaýjak bolýar-da, Birdenem öz-özün suwlaýar ýürek. Ol bolsa dur. Şol ýüregi diñläp dur, Ökünç bilen bolan işi geñläp dur. ...Bardy onuñ gadyrdan bir ýoldaşy, Çeniñden-çakyñdan süýjüdi dili. Kän işlerden onuñ çykardy başy, Uzadan ýerine-de ýeterdi eli. Jomartdy ol. Oturyşlyk bolanda, Çykarardy puly diñe özünden. Dost üçin şunç pul çykardym diýip, Eger-eger gürlemezdi yzyndan Mydam giñdi. Dünýäni suw alsa-da Bolmaz diýýärdiler egri dyzyndan. Ol Myrady çagyryp öz öýüne, Ençe gezek hezzet-hormat edipdi. Ýöne welin, "jogap wiziti" bilen Myradyñka birje gezek gidipdi. Soñ gitmedi, alanda-da çakylyk Her gezelde bir bahana tapardy. Myrat bir güm ýene bardy onuñka, Bu çakylyk gör, näçinji sapardy! Içdiler, Tost galdy, tostuñ yzyndan, Dosty söz sözledi, dostuñ yzyndan: "Has belende göterilsin bagtymyz, Şunuñ ýaly bolsun, iñ pes wagtymyz. Arak-şerap elýeterde bar bolsun, Görüp bilmedigiñ gözi kör bolsun!" Kellesi mis kimin gyzdy Myradyñ, Gözi eýýäm başga gözdi Myradyñ: "Ýörr, garr-daşym bizz-den habb-ar alaly, Soñ atly söw-wer ýar-rym amanmy..." Üýtgäp gitdi şeýdip, gül ýaly ýigit, Içýän aragy dek ajady gygy. Aglaplar-aglaplar ýalbardy Sona, - Myrat, herki zadyñ çägi bar çägi. Ol ýalbardy, Myrat gulak salmady, Kä gijeler öýlerine gelmedi. Goñşular gatyşdy: - Bu işiñ telek, Myrat olara-da salmady gulak. Agraldy päkize öýüñ howasy, Ýatdy çagalaryñ jak-jak gülküsi. Eşdilýärdi Sonañ sojaýan sesi Eşdilýärdi äriñ güýjeýän sesi. Bozuldy maşgalañ parahat güni, Sarsdy parahat beýin sarsdy, Sonasy-da, goñşular-da bimamla, Öz göwnüne Myradyñkam dürsdi. Bolan işe puşman etsem, ökünsem, Ak çüýşeden aždarha dek çekinsem, Seni başa täç edinip dakynsam, Sona jan, gapyñdan goýberermikäñ. Alnyñda ýaý bolup, dönsem gamaga, Rehmiñ inermi men - adamsumaga, Eziz çagalarum gelse kömege, Sona jan, gapyñdan goýberermikäñ?.. * * * Aşgabadym, ajaýypsyñ, gözelsiñ, Aşgabadym, aýdym bilen gazalsyñ! Ajaýypsyr meniñ şäherdeşlerim Ylhamym siz zähmetsöýer goçlarym! Ýöne bu wakañam hamyrmaýasyn Arkan ýatyp potolokdan almadym. Meniñ özüm bu wakanyñ şaýady, Öz görenmem gizlemekçi bolmadym. Gynandym halyña, gynandym näler, Myrat, şu görnüşiñ ýadymda galar. Durdyñ derwezeden çykan ýeriñde, Ökünçdir müýn bardy göreçlerinde. Äde bilmän öýe tarap bir ädim, Doñan ýaly bolup durdyñ, Myradym. Ýanyñdan ýuwaşja ýöräp gitdim men, Gañrylyp-gañrylyp garap gitdim men, Sen hakda pikire çümüp gitdim men. Ýagşy niýetiñe sen uýa-uýa, Bilýän ahyrsoñy ugransyñ öýe. Ýagşy niýet ýarym döwlet bolarmyş, Belki, öñki bagta bolarsyñ eýe. Niýetiñ dek bolsun mundan buýany - Diýip, tamamlaýan elegiýany. Anna GURTGELDIÝEW. "Edebiýat we sungat" gazeti, 1961. | |
|
√ Sygan bagşy /poema - 14.09.2024 |
√ Jüneýit han / poema - 03.06.2024 |
√ Jeñnama / poema - 03.08.2024 |
√ Kyssa -4: poemanyň soňy - 22.06.2024 |
√ Daýanç nokady / publisistik poema - 14.09.2024 |
√ Kyssa -2: poemanyñ dowamy - 14.06.2024 |
√ Gözleg / sonetler çemeni - 14.09.2024 |
√ Artykmaç şaýatlar / poema - 14.09.2024 |
√ Esger guýusy / poema - 19.08.2024 |
√ Rowiýa / liriki poema - 14.09.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |